«Köneürgenç türkmen döwleti we Merkezi Aziýa XIII asyryň birinji ýarymynda» atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlaýar. Wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we howandarlygynda geçirilýär, ony guramak bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň üstüne ýüklendi.
Biziň ýurdumyz nobatdaky gezek dünýäniň otuz iki döwletinden gumanitar ylymlary ulgamynda taryhçylaryň—gündogary öwrenjileriň, arheologlaryň, etnograflaryň we beýleki hünärmenleriň, şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we medeniýet işgärleriniň duşuşýan ýerine öwrülýär.
Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem köneürgenç türkmenleriniň taryhy boýunça taryhy senenamany we çeşmeleri, olaryň döwletiniň Merkezi Aziýanyň döwletleriniň ulgamynda roluny we ornuny, olaryň etniki taryhynyň we etnografiýasynyň, şeýle hem bir mahallar mongol çozuşyna çenli şöhrat gazanan Ürgenç (häzirki Köneürgenç) paýtagty bolan imperiýanyň düzümine giren giň çäkde ylmyň we medeniýetiň ösüşiniň az öwrenilen taraplaryny mundan beýläk-de öwrenmek häzirki maslahatyň esasy maksady boldy.
Mälim bolşy ýaly, XII-XIII asyrlaryň sepgidinde Köneürgenç türkmenleriniň döwleti musulman gündogarynda iň giň we kuwwatly döwlet birikmesi bolupdyr. Beýik akyldarlar Biruny we Ibn Sina hem Ürgençde ajaýyp eserlerini döredipdirler, başarjaň binagärler zähmet çekipdirler, meşhur sopular hem-de din taglymatçylar wagyz-nesihatlar edipdirler, bu ýer Çingiz hanyň goşunlaryna gahrymançylykly garşylyk görkezilen ýer bolupdyr. Nejmeddin Kubra we Mahmud Zamahşari ýaly Köneürgenjiň aýdyň şahsyýetleriniň atlary giňden mälimdir, olaryň her birine öň eýýäm aýratyn ylmy maslahatlar bagyşlandy. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan binalar köneürgenç binagärliginiň öňler ajaýyp bolandygyny ýatladýar. Olar indi goraghananyň ussalary we taryh we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan dikeldildi. Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde gadymyýetiň bu genji-hazynalaryna ekskursiýa etmek wezipesi durýar, olaryň köpüsi şonuň bilen birlikde halk tarapyndan sarpalanylýan mukaddeslikler hem bolup durýar.
Maslahatyň işi oňa gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň ýüzden gowragynyň temasyny beýan edýän bäş seksiýada geçiriler. Olar üçin giň medeni maksatnama taýýarlanyldy. Türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerlerine we muzeýlerine baryp görmekden başga hem olara Türkmenistanyň gumanitar ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen duşuşyklar garaşýar, daşary ýurtly myhmanlar paýtagtymyza Daşoguza uçmazlaryndan öňürti gelýärler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm