9.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YLYM

Taslama olimpiadasynyň jemi jemlendi.

Paýtagtyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde mekdep okuwçylarynyň Döwlet taslama olimpiadasynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýän bu ylmy-intellektual bäsleşige mundan öňki geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri – ýurdumyzyň dürli künjeginden 120 töweregi ýaş gözleýjiler gatnaşdylar.

Düzüminde orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary bolan emin agzalaryna umumylykda şahsy we bileleikdäki taslamalaryň on sekizden gowragy hödürlendi. Bäsleşik üç ugur – takyk, gumanitar we tebigy ylymlar boýunça geçirildi. Mekdep okuwçylary birnäçe sagadyň dowamynda ylmy işleriň täzeçilligine we wajyplygyna mynasyp baha beren wekilçilikli emin agzalarynyň öňünde öz ylmy işleriniň taslamalaryny goradylar.

Olimpiýa “bäsleşigi” iki dereje – orta bilim berýän we ýöreiteleşdirilen mekdepler boýunça geçirildi. Aýratyn zehinli çagalar Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary olimpiadanyň ýeňijileriniň biri boldy. Bo ýönelige däldir. Sebbäi, birinjiden, bu mekdebiň adyndan belli bolşy ýaly, bu ýerde ýurduň dürli künjeginden ýygnan iň zehinliler we intellektual hem-de ylmy zähmete ukyplylar okaýarlar. Ikinjiden, bu mekdep indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylmy-gözleg instituty bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyk bilelikdäki ylmy ekspedisiýalary, ylmy-amaly maslahatlary, tegelek stoluň başynds tematiki çekişmeleri we duşuşyklary geçirmekligi öz içine alýar.

Meselem, bu okuw mekdebiniň okuwçylarnyň “biologiýa” dersi boýunça taslamalary birinji orna mynasyp boldy. Onda Bereket etrabynyň çäklerinde ýerleşýän çeşmeleriň biriniň mineral düzümi ylmy taýdan öwrenildi. Ýaş gözlegçiler emin agzalaryna bu çeşmäniň suwunyň adam saglygy üçin örän peýdalydygyny tassyklap, öz taslamalaryny “örän gowy” baha bilen goramagy başardylar. Bu tebigy zolakda syýahatçylyk we şypahanaçylyk senagatyny ösdürmek üçin teklipler berildi.

Şeýle hem, Aýratyn zehinli çagalar döwlet mekdep-internatyndan awtorlar baýrakly orna mynasyp boldular. Olar Türkmenistanda ýaşaýan seýrek duş gelýän guşlary saklamak, ýerli dermanlyk ösümliklerden derman serişdelerini almagyň usullary, şeýle hem azyk önümleriň galyndylaryndan parfýumeriýada ulanylýan çylşyrymly efirleri almak boýunça taslamalary görkezdiler.

Dürli mekdepleriň okuwçylarynyň görkezen hem-de emin agzalarynyň mynasyp bahasyna eýe bolan täsirli taslamalarynyň arasynda – miweleriň DNK-ny kesgitlemegiň, adaty kelem kellesinden indikatorlary almagyň, ýüüpek gurçugynyň galyndylaryny oba hojalyk ekinleri üçin dökün hökmünde ulanmagyň usullary, şeýle hem biziň ýurdumyzyň döwlet goraghanalarynyň birinde ýaşaýan keýikleri gorap saklamagyň we baş sanyny köpeltmegiň meselelerine bagyşlanan taslamalar bar.

“Tebigy ylymlar” ugry boýunça gökezilen ylmy işleriň 31 umumylykda sekiz taslama baýrakly orunlary eýeledi. Bu taslamalaryň ýarysynyň awtorlary –Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň okuwçylary bolup durýar. Olar ýurduň ähli sebitleriň okuwçylary bilen ýeňişi paýlaşyp, beýleki olimpiýa sapaklary boýunça hem baýrakly orunlara eýe boldylar.

“Takyk ylymlar” ugry boýunça Turgut Ozal adyndaky Türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary tarapyndan taýýarlanan programmalamak we energiýa tygşytlylyy ulgamy boýunça taslamalar iň gowy işler diýlip ykrar edildi.

Bu ugurda Daşoguz we Mary welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň taslamalary beýrakly orunlary eýelediler. Olar suwuklyklaryň we gazlaryň mysalynda konweksiýa etmegiň wiziual usullary boýunça täsirli usullary görkezdiler. Beýlekiler anomal tebigy hadysalara düşünmäge kömek etjek suwuň temperaturasy üýtgedilende onuň aýratynlyklarynyň birnäçesini görkezdiler.

Olimpiadanyň üçünji ugry bolsa gumanitar ylymlardyr. Bu ugurda edebiýat we türkmen dili ulgamynda okuwçylaryň ylmy gözlegleri aýratyn bellenildi.

Olimpiadanyň ýeňijileriniň ählisine ýörüte diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çagalar we ýetginjekler köşgüniň döredijilik gurnaklarynyň okuwçylary olaryň hormatyna konsert taýýarladylar.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Ylymlar Güni Bellenildi

Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk Institutynyň Talyplary Halkara Meýletinler Hereketine Işjeň Gatnaşýarlar

Bildiriş