Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen wekiliýeti “Russiýa – yslam dünýäsi: “Kazansummit-2017” atly IX Halkara ykdysady sammitiň umumy mejlisine gatnaşdy.
Sammitiň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasy ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Sammite gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň 50 ýurdundan ýokary derejeli myhmanlaryň 2 müňden gowragy: diplomatlar, maliýe edaralarynyň wekilleri, parlamentleriň deputatlary, maýadarlar we işewürler, žurnalistler bar.
Hut şunuň bilen baglylykda, şu gün Kazan forumynyň çäklerinde Aşgabat Aziadasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Milli Olimpiýa komiteti, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti hem-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Bu ýerde guralan sergide hem ýurdumyzyň ykdysady gazananlary görkezildi we Türkmenistanda öndürilýän önümler hödürlenildi. Sergide Aziada-2017-ä uly orun berildi. Köpöwüşginli tanyşdyryş serişdelerinde hem-de kitapçalarda şu ýyl Aziýadaky iň iri sport wakasy barada doly we täsirli gürrüň berilýär, bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen dokma önümlerini hem görmek bolýar.
Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanowyň we sammitiň beýleki wekilleriniň sergi diwarlyklary bilen tanyşmaklarynyň barşynda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigi hem-de şu ýylyň sentýabrynda ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Oýunlara guramaçylykly taýýarlyk görlüşi barada maglumatlary berdi.
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň wekilleriniň çykyşy ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar giň möçberli “Aziada-2017” taslamasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary, şol sanda Oýunlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek barada gürrüň berdiler.
Tanyşdyryş çäresine gatnaşyjylar wideoşekiller, neşir önümleri bilen tanyşdylar, olara türgenler, tälimçiler, eminler, žurnalistler üçin döredilýän şertler, Aziadanyň maglumat üpjünçiliginiň häzirki zaman tehniki binýadyny döretmek, bu ulgama iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler barada gürrüň berildi. Özüne desgalaryň 40-a golaýyny birleşdirýän Olimpiýa şäherjigine we onuň 45 müň orunlyk merkezi stadionyna aýratyn üns berildi. Şol stadionda bu oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary geçiriler. Oýunlaryň şygary “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dotsluk” diýen sözlerden ybaratdyr.
Pikir alyşmalaryň barşynda ähli sowallara doly jogap berildi. Hususan-da, olimpiýa desgalarynyň üpjünçiligi, meýletinçileri, dürli sözlükleri taýýarlamak barada gürrüň edildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Baştutany, Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goldawy bu oýunlary geçirmäge degişli meseleleriň ählisini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Olimpiýa şäherjiginiň ähli taýýar desgalary üstünlikli synagdan geçirildi, olarda eýýäm halkara ýaryşlarynyň birnäçesi guraldy.
Umuman, Merkezi Aziýada ilkinji bolup Türkmenistana Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugy berlenden soň, geçen döwrüň dowamynda ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigi bellenildi. Aşgabatda sport media-forumlarynyň birnäçesi geçirildi. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri hem-de Türkmenistanyň sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işinde gazanýan uly üstünliklerini giňden wagyz etmek üçin oňat meýdança öwrüldi.
Şeýle hem türkmen paýtagtynda Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetleri we Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan gol çekilen resminamanyň taryhy ähmiýeti bellenildi. Oňa laýyklykda, taryhda ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Okeaniýanyň ýurtlary gatnaşar.