17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Täze Aerodrom Kompleksiniň Gurluşygy

Howa hereketini dolandyrýan dispetçerler üçin gözegçilik edilýän öýjagazly ýetmiş metrlik diňden gurluşygyny “Polimeks” türk kompaniýasynyň alyp barýan Aşgabat şäherinde gurulýan täze aýrodrom toplumynyň arhitektura toplumy dolylygyna aýdyň görünýär. 

Bu desga gözegçilik diňiniň iň çylşyrymly elektron-tehniki taýdan, häzirki zaman aeronawigasion enjamlary goşmak bilen, üpjün edilenden soňra uçuşlary dolandyrmak ulgamynyň esasy merkezine öwrüler. Bu bolsa howa menziliniň jogapkärçiligindäki zolakda we onuň çäklerinden daşgary hem howa gämileriniň hereketlerini doly gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. 

Eger-de ýetmiş metrlik belentlige galsaň, onda 12 million inedördül metrden hem gowrak meýdany öz içine alýan aerodrom toplumynyň uly gurluşyk meýdançasy ýaýylyp gidýär. Guş uçar belentlikden synlasaň ol örän uly garynja hinini ýada salýar. Ahyrsyna göz ýetmeýän meýdanda üsti çagyl, gum, çäge we beýleki ýükler ýüklenen “Kamazlar”, “MAZlar”, “Mersedesler” ýaly köp ýük göterýän ulaglar hereket edýärler. Şeýle hem beton daşaýan, ýer tekizleýji, skreperler, kompressorlar ýaly tehnikalar netijeli işledilýär. Her sagatda bu ýere kompaniýanyň – baş potratçynyň beton garyjy zawodlarynyň onlarçasyndan müňlerçe kubmetrden gowrak beton gelip gowuşýar we bu betonlar geljekki aerodrom toplumynyň uçuş-gonuş zolagynyň, ýodajyklarda, perronlarda, ýolagçylar terminalynda we beýleki köp sanly desgalaryň gurluşygynda ulanylýar. Bu ýere gurluşyk üçin gerek bolan gurluşyk konstruksiýalary, bezeg önümleri, enjamlar ulaglar, gämiler we demir ýol ulaglary bilen getirilýär. 



Bu ýerde alnyp barylýan depginli işleriň netijesinde – barha beýgelýän demir gurluşlaryň ýokary galşyny, beton garyndyly doly susguçlaryň, bir ýerden başga bir ýere ýüküni özi düşürýän ulaglaryň, bölümleriň yzygiderli hereketlerini yzarlamak mümkin hem däl. Bu göräýmäge şeýle. Her bir bölümde iş grafikleriniň ýerine ýetirilmegine kompaniýanyň utgaşdyryjy merkezi gözegçilik edýär. “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň aeroportlaryň we düýpli gurluşyklaryň ulanyş bölüminde ýörite döredilen tehniki gözegçilik topary desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi amala aşyrýar. Aerodrom toplumynyň desgalarynyň ählisiniň IKAO halkara guramasy tarapyndan tassyklanan standartlaryna laýyk gelmegine maslahat beriş gözegçiligini etmegi bolsa bolsa, «Airport Consulting Partners/ILF Consulting Engineers» nemes kompaniýasy öz üstüne alýar. 



Häzirki wagtda Aşgabatda aerodrom toplumyny gurmakda ýurduň ähli welaýatlaryndan diýen ýaly dürli gurluşyk hünärleriniň 10 müň töweregi işçiler we “Polimeks” türk kompaniýasynyň 1300-den gowragy gatnaşýarlar diýip, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň aeroportlaryň we düýpli gurluşyklaryň ulanyş bölüminiň müdiri Abdurahman Ýusupow düşündirýär. – Bu örän uly gurluşygyň çäklerinde olar Orta Aziýada iri halkara howa menziliniň düzümine girjek desgalaryň kyrkysynyň gurluşygyny alyp barýarlar. 

Meýdany 180 müň inedördül metr bolan örän uly aerodrom toplumynyň esasy bölegini ýolagçylar terminaly eýelär. Onuň gurluş şekili ganatyny ýaýyp, uçup barýan laçynyň şekilini ýada salýar. Bu “howa derwezeleri” arkaly her sagatda ýolagçylaryň 1600-si kabul ediler we ugradylar. 



– Häzirki wagtda biz binanyň monolit karkasynyň demir üçegini we öň tarapyny tamamlap barýarys. Olar alýumin kompozit panelleri bilen ýabşyrylar we ýangyna garşy durnukly bolar ýaly ýörite taýýarlanan aýnadan, demir gurluşlardan ýerine ýetiriler – diýip ýolagçy terminalynyň gurluşyk taslamasynyň ýolbaşçysy Lewent Gani gürrüp berýär. 

Terminalda oňaýly garaşylýan we hasaba alyş zallary, sensor elektron sorag-jogap ulgamy, petek kassalary, internet-kafe poçta bölümi, telefon-awtomatlar, walýuta alyş-çalyş nokady, bankomatlar, goş-golam saklanýan ýer, kafeteriýalar, restoranlar, dükanlar, dýuti-fri ýerleşer. Bu ýerde uçarmanlar we üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin myhmanhanalar, eneler we çagalar otaglary, ýörite çagalar meýdançalary, ilkinji lukmançylyk kömegini berýän otaglar, gazet-žurnal satylýan we ownuk sowda nokatlary, maslahat zaly, muzeý, üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin otel ýerleşer. 

– Geljekki terminalyň ähli ýerleri seýsmiki howpsuzlygyň ýokary talaplary nazara alnyp ýerine ýetirildi – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy gürrüňini dowam etdirýär. – Munuň üçin binýadyň her bir metrinde berk demir-betondan guýulan 16 metrlik diregler burawlanandyr. Bu bolsa dokuz we ondan hem ýokary seýsmiki ýagdaýy saklamaga mümkinçilik berýär. 



Gurluşykçylar uzynlygy 3,8 kilometr we ini 75 metr bolan “Günorta” diýlip atlandyrylýan uçuş-gonuş zolagyny guranlarynda innowasion tehnologiýalary we iň täze materiallary ulandylar. 

Gurluşykçylar beton plitalaryny guýmazdan ozal, zolagyň bütin ugrunyň gumynyň uly gatlagyny aýyrmaly boldular. Topragyň beýik depesi häzir hem gurluşykdan ep-esli ýokarda görünýär. Çukurda dag jynslaryndan 60 santimetrlik but daşyndan gatlak örüldi, ony geotekstil bilen örtdüler, çagyl guýdular, soňra 40 santimetrlik çagyl-çäge garyndysy bilen örtdiler. Bu garyndyň üstki ýüzüne ýene-de bir granulirlenen çagyl düşediler. Ondan soňra oňa ony aňrybaş berkitmäge hem-de plitalary örmäge mümkinçilik berýän bitum gidroizolýasiýasyny we beton guýdular. Gonuş zolagy gurlanda her bir beton plitasy ýanaşyk ýerleşýän plitany birleşdirýän ştyr bilen birleşdirildi. Bu bolsa uçar gonanda deň agram düşmäge mümkinçilik berýär. 

“Günorta” uçuş-gonuş zolagy öz häsiýeti – ýük göterijiligi, uzynlygy we radionawigsion we yşyk-duýduryş enjamlary bilen üpjün etmegiň iň çylşyrymly meteoşertlerini nazara almak bilen, IKAO halkara guramasynda hasaba alynan uçarlaryň görnüşleriniň ählisini kabul etmäge mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr. Şular ýaly mümkinçilikler “Demirgazyk” uçuş-gonuş zolagynda hem göz öňünde tutulandyr. Onuň durkuny täzelemek we ýakyn ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri “Günorta” böleginiň gurluşygy tamamlanan badyna başlanar. Bu täze aerodrom toplumynyň gurluşygy “Türkmenistan” awiakärhanasynyň gulluklarynyň ählisiniň howa gämileriniň yzygiderli uçuşlaryny we ýolagçylara hyzmat edilşiniň yzygiderli üpjün edilmegi bilen, bellenilen tertipde işlemegini dowam etdirýän wagtynda amala aşyrylýar. 



– Ýakynda awiatorlar awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan ajaýyp mekdebiň binasyny kabul etdiler. Üç gatly binada proýektorlar we interaktiw tagtalar bilen üpjün edilen okuw otaglarynyň 36-sy, häzirki zaman kitaphana, maslahat zaly, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglarynyň birnäçasi bilen üpjün edilendir diýip, mekdebiň müdüriniň orunbasary Wadim Sigow gürrüň berýär. – Köne mekdebiň ýerinde bolsa awiakärhanasynyň lukmançylyk we sport-sagaldyş merkezleri gurular. 

Şeýle hem ekipažlary okatmak üçin häzirki zaman türgenleşik toplumy dörediler. Bu ýerde NG nesliniň “Boing-737” howa gämisiniň imitator kabinasyny oturdarlar, şeýle hem dört sany “Diamond” uçarlarynda uçarmanlar üçin ähli şertler dörediler. 

Gurluşygyň merkeziniň maglumatlaryna görä aerodrom toplumynyň desgalarynyň 11-niň –howa menziliniň harbylaşdyrylan goragynyň, aerodrom gullugynyň işgärleriniň, uçuşlaryň radiotehniki we yşyk tehniki baş binýadynyň üpjünçiliginiň barlag-göýberiş nokadynyň gulluklarynyň jaýlary we beýlekiler ýerleşer. 

Uçuş-gonuş zolagynyň golaýynda ýerleşýän awariýa-halas ediş stansiýasynyň, ýylda 200 müň tonna ýüki işläp taýýarlamaga niýetlenen ammar jaýly ýük terminaly ýerleşýän binanyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ýük terminalynyň gabadynda awiasiýa-tehniki ammarynyň edara binasynyň we üç sany uçar üçin demirgurluş angarlarynyň «C-cheek» tehniki merkeziniň haýran galdyryjy uly göwrümli ölçegli binasynyň boýy galdyrylýar. 

Toplumyň iň owadan binalarynyň biri bolan VIP-terminalynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu ýerde ýokary wezipeli myhmanlary kabul etmek, duşuşyklary, maslahatlary we konferensiýalary geçirmek üçin ähli oňaýly şertler döretmek göz öňünde tutulandyr. VIP-terminalyny 2016-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Degişli makalalar

Ak Şäherim Aşgabat Atly Halkara Sergi

syrach

Birža Täzelikleri

Üç Aýda Iki Esse Ösüş Gazanyldy