13.9 C
Aşkabat
25.11.2024
YLYM

Täze bilim ojaklary gapylaryny giňden açdy

1-nji sentýabrda – Bilimler we talyp ýaşlar güni Aşgabatda, şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda alyp barýan syýasatynyň giň gerimliginiň we üstünliginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrülen orta mekdepleriň täze häzirki zaman binalarynyň birnäçesini ulanmaga bermegiň dabaraly çäreleri boldy.

AŞGABAT. Şu gün Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan orta umumy bilim berýän mekdebiň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. 600 okuwçy üçin niýetlenen mekdep türkmen paýtagtynyň demirgazyk böleginde – Çoganly ýaşaýyş toplumynda guruldy.

Asylly däbe görä, täze mekdep dürli reňkli lentalar we howa şarlary bilen bezeldi, hormatly ýaşulular bolsa çagalara täsin bilimler dünýäsine ak pata berdiler. Mekdepde enjamlaşdyrylan ajaýyp okuw otaglarynyň kyrkdan gowragy bar. Şu gün ilkinji sapaklar interaktiw multimediýaly synplarda, kompýuter otaglarynda, ajaýyp enjamlaşdyrylan fizika, himiýa we biologiýa barlaghanalarynda geçirildi. Bu ýerde zerur bolan ähli enjamlar bar, barlag işlerini, tejribeleri we synaglary geçirmek üçin şertler döredildi. Bular çagalara öz gözýetimini giňeltmäge, gurşap alan dünýä hakynda möhüm bilimleri almaga gürrüňsiz mümkinçilik berer.

Zähmet sapaklary üçin synplarda oglanlar ýörite enjamlarda işläp, agaç we demir işläp atýýarlamak boýunça tejribe toplarlar. Gyzlar üçin niýetlenen otaglarda bolsa tagam taýýarlamak we tikinçilik sungaty özleşdiriler. Surat çekmegiň we saz çalmagyň esaslaryny öwretmek üçin synplarda çagalaryň döredijilik ukyplary ösüşe eýe bolar. Kitaphana we ajaýyp enjamlaşdyrylan sahnaly giň mejlisler zaly täze okuw jaýynyň medeni durmuşynyň merkezlerine öwrüler.

Täze mekdebiň birinji iş güni eýýäm çagalaryň sesleri ajaýyp sport zallarynda, sportuň toparlaýyn görnüşleri üçin açyk meýdançalaryň üçüsinde ýaňlandy. Bu ýerde lukmançylyk bölümi hem-de ähli talaplara laýyk gelýän naharhana we garbanyşhana, şeýle hem binanyň kömekçi otaglary we durmuş-üpjünçilik ulgamy bar.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça paýtagtymyzyň 1943-nji köçesinde gurlan ýene bir mekdebiň işe girizilmegi Bilimler gününe gabatlanan ähmiýetli waka öwrüldi. 600 okuwçy orunlyk bina Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşip, bu ýerde gurlan ak mermerli belent ýaşaýyş jaýlaryň toplumyna sazlaşykly goşuldy. Aýdym-sazlar we tanslar hem-de mekdebiň ýaş eýeleriniň çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.

Mekdepde häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, interaktiw multimediýaly, şeýle hem lingafon we kompýuter otaglary bar. Bu ýerde oglanlaryň we gyzlaryň zähmet sapaklaryny geçmegi üçin ýörite synplar göz öňünde tutuldy. Surat çekmegiň we saz çalmagyň esaslaryny okatmak üçin niýetlenen synplarda eýýäm şu gün ilkinji suratlar çekildi we dutaryň jadylaýjy owazy ýaňlandy.

Täze mekdepde çagalar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilerler. Diýmek, sagdyn we berk bedenli bolarlar, 1-nji sentýabrda bolsa eýýäm sport zallarda türgenleşikler geçirildi. Mekdepde şeýle hem ajaýyp kitaphana we mejlisler zaly, naharhana, kömekçi otaglar we durmuş üpjünçiliginiň zerur bolan ulgamlary bar. Bilim ojagynyň abadanlaşdyrylan mekdep howlusyny gelşikli germewler we agaç nahallary bezedi.

Şeýle mekdepleriň häzir ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda obalarynda gurulýandygyny bellemän geçmek bolmaz. Ýaş nesliň ýokary bilim derejesi, ony zähmetsöerligiň ideallarynda terbiýelemek, bilimlere hyjuwlylygy we hakyky watançylyk, milletiň intellektual potensialyny ösdürmek – ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň aýgytlaýjy şertleridir. Hut şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan milli bilim we ylym ulgamyny özgertmegiň maksady jemlenýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň ýokary halkara ülňülerine gabat gelýän bilim almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini doly derejede amala aşyryp bilmegi we geljekde Watanymyzy abadanlaşdyrmak hem-de gülläp ösdürmek işine mynasyp goşantlaryny goşmagy üçin ähli işler edilýär.

DAŞOGUZ WELAÝATY. Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Nowaýy» daýhan birleşiginde täze 58-nji orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. 320 okuwçy orunlyk bu häzirki zaman okuw mekdebi Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň ikinji ýöriteleşdirilen gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan welaýatlarda uly möçberli özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde bina edildi.

Dabara gatnaşyjylar mugallymlaryň, aýratyn-da okuwçylaryň begenjini paýlaşdylar – täze bilim ojagy ýurdumyzda häzirki zaman mekdeplere bildirilýän talaplara laýyklykda taslanyldy, bu ýerde ýaş zehinler durmuşa ýollanma alarlar.

Giň foýe bilen birleşen iki gatly binalaryň ikisinde giň ýagty synplardan başga-da barlaghanlar, informatika, zähmet okuwy otaglary bar. Elbetde, bu ýerde göz öňünde tutulan okatmagyň interaktiw ulgamy ýerli okuwçylaryň aýratyn buýsanjyna öwrüler. Şol ulgam kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen dürli okuw sapaklaryny has çuň we dürli taraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Mekdebiň durmuşyndaky dabaraly wakalar 180 orunlyk mejlisler zalynda geçiriler. Ilkinji okuwlar üsti ýapyk sport zalynda we sportuň toparlaýyn görnüşleri üçin niýetlenen açyk meýdançalarda geçirildi. Mekdepde häzirki zaman aşhana enjamlary bilen üpjün edilen giň naharhana hem bar. Täze mekdep ýylylygyň, energiýa we suw üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlaryna eýedir.

Täze mekdebiň açylyş dabarasyna welaýatyň we S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimlikleriň işgärleri, hormatly ýaşulular, zähmetkeşler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Şu gün şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 320 orunlyk täze umumy bilim berýän mekdebiň ýene biriniň açylyş dabarasy boldy. Ol giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde guruldy.

LEBAP WELAÝATY. Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň dolandyryş merkeziniň ýaşlary hem täze okuw ýylyna ajaýyp sowgat aldylar. Bu ýerde «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň etrap bölüminiň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen 400 okuwçy orunlyk orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy.

Şu waka mynasybetli baýdaklar we howa şarlary bilen bezelen mekdebiň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi. Ir ertirden bu ýerde çagalaryň gülki sesleri, aýdym-sazlar ýaňlandy. Täze bilimler ojagynyň açylyş dabarasy köp myhmany – okuwçylaryň ene-atalaryny, ýaşululary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalaryň wekillerini, welaýatyň we etrabyň ýolbaşçylaryny bir ýere ýygnady.

Matematikany, informatikany we fizikany çuňňur öwredýän täze multimediýaly mekdepde ýaşlaryň çuňňur bilim almagy üçin ähli şertler döredildi. Şu maksat bilen ol iň täze kompýuterler, häzirki zaman barlaghana enjamlary, sensor tagtalary, ýokary hilli mebel bilen üpjün edildi. Okuw otaglarynyň bezelişi häzirki zaman materiallary we enjamlary peýdalanmak bilen ýerine ýetirildi.

MARY WELAÝATY. Güýzüň ilkinji güni, ýurdumyzda däbe öwrülen Bilimler we talyp ýaşlar güni Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjylary üçin ýene bir şanly waka beslendi. Ir säher bilen «Ýaşlyk» daýhan birleşiginde täze orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. «Bagtly nesliň mekdebi, ýoluň ak bolsun!» diýen mähirli sözler bilen myhmanlar we ýaşulular okuwçylara ak pata berdiler.

Täze mekdep Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş nesil hakynda gündelik aladasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu günorta etrapda gurlan mekdep 420 okuwçyny kabul etmäge ukyplydyr. Sapaklar şu gün täze mekdebiň okuw otaglarynyň 17-sinde, şol sanda himiýa, biologiýa, fizika we astronomiýa boýunça amaly işleri geçirmek üçin niýetlenen barlaghanalarda başlandy. Olarda innowasion we habar beriş tehnologiýalaryny peýdalanmak göz öňünde tutuldy.

Giň we ýagty okuw otaglar, zerur bolan kömekçi we dolandyryş otaglar, lukmançylyk bölümi, binanyň durmuş-üpjünçilik ulgamlary, ýanaşyk ýerde sosna agaçlarynyň oturdylmagy, gülleriň ekilmegii -täze desga gurluşykçylaryň päk ýürekden zähmet çekendigine şaýatlyk edýär. Olardan tapawutlananlara dabaraly çärede gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Täze bilimler ojagynyň simwoliki açary bolsa myhmanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda mekdebiň ýaş eýelerine gowşuryldy.

* * *

Şu gün Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylary üçin şanly waka boldy. Bu ýerde «Marygurluşyk» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri tarapyndan gurlan «Şadyýan nesil» atly 4-nji çagalar bagy açyldy.

Ýunus Emre köçesinde ajaýyp «Çagalar şäherjigi» peýda boldy. Bu ýerde häzirki zaman binalaryň toplumy emele gelýär. Mysal üçin, bu ýerde ýakynda 10 müň tomaşaçy orunlyk stadion işe girizildi, geljekde bolsa iri ýaşaýyş toplumy hem gurlar.

Täze çagalar bagynyň iki gatly binasynda Marynyň körpe ýaşaýjylary üçin örän oňaýly şertler döredildi. Bu ýerde dynç almak we oýnamak üçin ýagty we giň otaglar, aýdym-saz we gimnastika zallary ýerleşdirildi. Körpeleriň ygtyýarynda kompýuterleriň 15-si we okuw üçin multimediýa tagtalaryň 3-si bar. Şonuň üçin olar bilimleriň binýatlaýyn toplumyna eýe bolarlar, bu bolsa geljekde olara mekdepde gerek bolar. Körpeler giň oýun meýdançalaryna we dürli haýwanlaryň heýkel şekilleri ýerleşdirilen hakyky ertekiler şäherjigine eýe boldular. Olar çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan we agaç oturdylan meýdançasynda enjamlaşdyryldy.

Çagalar bagy 160 çaga niýetlenendir. Olar üçin ertirlik, günortanlyk we öýlänlik naharlary azyk blogynda taýýarlanylýar. Ol ähli sanitar kadalaryna laýyk gelýän häzirki zaman sowadyjylar we peçler bilen enjamlaşdyryldy.

Şu gün bolup geçen täze mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň açylyş dabaralary «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ýaşaýan ýurtda täze Galkynyş eýýamynda çagalaryň mynasyp terbiýelenmegine we ösmegine ägirt uly ünsüň berilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Bu dabaralara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamynda alyp barýan düýpli özgertmeleriniň türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn belläp, milletiň Liderine ösüp gelýän nesil hakynda edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna berk jan saglygyny hem-de halkymyzyň we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Şu günki wakalaryň şanyna, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ylmy-Gumanitar Ulgamy Ösdürmegiň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

syrach

Sebit bähbitlerini araýan dünýä tejribesi……

syrach

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplary Takyk Ylymlar we Ekologiýa Ugrundan Bäsleşdiler