Her ýylda sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde biziň ýurdumyzda Energetika senagatynyňişgärleriniň güni belenip geçilýär. Ykdysadyýetiň bu pudagynyň öňünde Türkmenistanyň Elektrik energetika pudagyny 2013-2020-nji ýyllarda öňdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmakda täze gözýetimler açylýar. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen 2013-nji ýylyň 12-nji aprelinde tassyklanyldy. Konsepsiýany işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty gatnaşdylar.
Türkmen energetikleri şu günler Murgabyň kenarynda ýerleşýän Gindiguş gidroelektrik stansiýasynyň bir asyrlyk senesini belleýärler. Üç sany gidroturbinaly bu ilkinji elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy 1,2 MWt bolupdy, uzynlygy 38,7 kilometr bolan Gindiguş-Baýramaly aralygyny çekilen ilkinji liniýa 16,5 kW kuwwatlylygy bermäge niýetlenilipdi. Häzirki wagtda Gindiguş GES gowy ýagdaýda bolup, işlemegini dowam etdirýär. Şeýle hem bu beket elektrik energetikasynyň özboluşly mezýi bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň taryhynda elektroenergetika pudagyny berkitmek boýunça degişli çäreler geçirildi. Türkmenbaşy, Mary we beýleki şäherlerde dürli görnüşdäki elektrik beketleri guruldy, elektrik geçirijileriň ýüzlerçe kilometri çekildi. 1991-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň yglan edilmegi bilen, ýurduň elektrik energetikasynyň ýagdaýy düýpli gowlandyrylyp başlandy.
Bu günki gün Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenenrgo döwlet elektroenergetika korpoasiýasynyň düzümine elektrostansiýalaryň 10-sy, turbinalaryň 32-si – olaryň 14-si bug bilen, 15-si gaz bilen we 3-si suw bilen işleýär. Elektrik satnsiýalarynyň umumy kuwwatlylygy 3984,2 megewatdyr. 2007-2012-nji ýyllarda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň möçberi 138 göterim artdy. Elektrik tory önümçilik birleşikleriniň 6-nyň ygtyýarynda bolan elektrik liniýalarynyň köp şahalay ulgamy ýurduň stansiýalarynyň ählisini bitewi enerhetika ulgamyna birleşdirýär. Onuň işini hakyky wagt kadasynda Türkmenenrgo Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Merkezi dispetçer müdirligi utgaşdyrýar.
Soňky ýyllarda Daşoguz, Ahal, Balkan welaýatlarynda we Awaza milli syýahatçylyk zolagynda täze gazturbinaly elektrik stansiýalaryň ulanylmaga berilmegi bilen, Türkmenistanyň elektroenrgetika pudagynyň, şol sanda Aşgabat şäheriniň, Balkan welaýatynyň we ýurduň beýleki sebitleriniň elektroenergiýasyna bolan hajatlaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilikleri ep-esli artdy.
Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny 2013-2020-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasy ýurdy iri göwrümli kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Konsepsiýany iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutlýar: 2013-2016-njy ýyllaryň dowamynda Ahal, Lebap we Balkan welaýatlarynda gazturbinaly elektrik stansiýalaryň 8-ni gurmak, Seýdi, Balkanabat şäherleriniň we Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň elektrik stansiýalarynyň durkuny täzelemek, ýokar woltly elektrik geçirijileri çekmek meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegi 2016-njy ýylda elektrik energiýasynyň öndürilişini iki essä golaý artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu nämäni aňladýar? Eger-de ýüz ýylyň dowamynda elektrik stansiýalarynyň ählisiniň kuwwatlylygy ýokarda görkezilen ýaly bolsa,, bu günki gün ol 3984,2 MWt boldy, ýöne diňe 3-4 ýylyň dowamynda bu mümkinçiligi elektrik energiýasynyň iki esse köp öndürmegi gazanmalydyrys. Bu bolsa dünýäde deňi-taýy bolmadyk örän uly ösüş bolar!
Ikinji tapgyrda 2017-2020-nji ýyllarda ýene-de elektrik stansiýalarynyň 6-ny gurmak, gazturbinaly stansiýalarda kombinirlenen doladyryşa geçmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa goşmaça tebigy gazy gazyp almazdan elektrik energiýasynyň kuwwatlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Howa elektrik geçirijilerini gurmak hem dowam etdiriler. Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş etmek bilen, Elektrik energetika pudagyny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň konsepsiýasynda ABŞ-nyň 5 milliardyndan hem gowrak maýa goýumlaryny goýamka göz öňnde tutulandyr diýip, belledi. Bu ýurduň şäherlerini we obalaryny, senagat kärhanalaryny elektrik energiýasy bilen üznzksiz we ýokary hilli üpjün etmäge, şeýle hem daşary ýurtlara elektrik ebergiýasynyň iberilişini 5 esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa öz nobatynda döwlet gaznasyna gelýän altyn pullaryň möçberini ep-esli artdyrmaga şertleri döreder.
Her biriniň kuwwatlylygy 127,1 MWt bolan gazturbinaly gurluşlaryň ikisi bu elektrik stansiýalaryň özeni bolup durýandygyny bellemelidiris. Olar ýokary ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar, sebitlerde uly bolmadyk suw serişdeleri bilen ulanmaga oňaýlydyr. Bug gurluşlary bilen deňeşdirilende gazturbinaly gurluşlar birnäçe aýratynlyklara eýedir: has ykjam, 1 kWt kuwwatlylyga maýa goýum bahasynyň arzanlygy, gysga wagtlarda gurmaga mümkinçilik barlygy, hyzmat edýän işgärleriň az sanlysyny talap edýändigi, köp wagtlap işlemäge ukyplylygy we meýilleşdirilen öňüni alyş çäreleri üçin az wagty alýandygy, hususy zerurlyklara elektrik energiýasynyň udel sarp edilşiniň ep-esli azlygy bilen tapawutlanýar.
Elektrik energetikasynyň uzak möhletleýin öndürmegiň strategiýasyna laýyklykda, 500 kilowat güýji bolan Aşgabat-Balkanabat-Türkmenbaşy ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy amala aşyrylar. Ikinji tapgyrda şunuň ýaly ugruň Aşagabat-Mary ugry boýunça gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Daşoguzda 500 kW podstansiýanyň gurluşygynyň taslamasyny dowam etdirmek göz öňünde tutulýar, geljekde bolsa, Daşoguz şäherinden Türkmenbaşa çenli WL-500 gurluşygy meýilleşdirilýär. Şeýlelkik bilen, ýurduň energo ulgamy 500 kilowoltlyk güýçli elektrik geçirijileri bilen halkalanar.
Türkmen energetikleri we energetika gurluşykçylary öz hünär bäýramçylygyny bellemek bilen, 2013-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň amala aşyrylmagynda öz jogapkärçiligine çuňňur düşünýärler. Bu bolsa milli elektrik energetikasynyň ösüşinde düýpli täze tapgyrynyň başlanýandygyny aňladýar. Ol milli ykdysadyýetiň ählisini çaltlandyrylan depginler bilen ösdürmegiň kuwwatly öňdebaryjysy bolmagyna gönükdirilendir.