6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Täze Galkynyş eýýamynyň täze desgalary

Köneürgençde 1,5 müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan täze sport toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ol ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň 13-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň işgärleri tarapyndan bina edildi.

Şäheriň merkezi bölegine giren ýeriňde ýerleşýän täze desga Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda gurulýan şeýle sport desgalarynyň üstüni ýetirdi. Onuň umumy meýdany dört gektardan gowrak ýere deňdir. Häzirki zaman ylgaw ýodalary bolan futbol meýdançasyndan başga-da, sport toplumynyň içine şeýle hem woleýbol, basketbol, tennis we kiçi futbol bilen meşgullanmak üçin açyk meýdançalar girýär.

Özbaşdak energo, suw we ýylylyk ulgamlaryna eýe bolan täze desgada türgenler üçin uly bolmadyk myhmanhana, lukmançylyk nokady, edara we kömekçi otaglarynyň birnäçesi ýerleşdirildi. Desganyň ähli ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi we häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edildi. Mahlasy, bu ýerde diňe sportuň köp görnüşleri bilen meşgullanmak üçin däl-de, eýsem dürli derejedäki sport ýaryşlaryny we baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin hem ähli şertler döredilipdir.

Toplumyň açylyş dabarasyna Daşoguz welaýatynyň, Köneürgenç etrabynyň we Köneürgenç şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, zähmetkeş toparlarynyň we jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Ajaýyp medeni-sport baýramçylygynyň başlanmagy bilen, etrabyň çägi boýunça köpçülikleýin tigirli ýaryşlar onuň başyny başlady. Ol şu gün Türkmenistanda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy.

Bu ýerde aýdymdyr sazlar ýaňlanyp, olarda täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda bolup geçýän beýik işler wasp edildi we buýsanç duýgusy beýan edildi. Türgenler we tans toparlary öz ussatlygyny görkezdiler. «Daşoguzsyýahat» döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň guran dürli sergileri bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.

Şanly wakanyň hormatyna, eziz Watanymyzyň gülläp-ösmeginiň hatyrasyna hem-de milletiň saglygyny goramaga we berkitmäge, ýurdumyzda türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan ösmegi üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna bu ýerde toý sadakasy berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkiýede Türkmen Agyr Atletikaçylary Iki Medal Gazandylar

turkmenhabargullugy

“Aşgabat 2017” Oýunlarynyň Nyşany Dünýäniň Iň Beýik Depeleriniň Biri – Abu Ali İbn Sina Nokadyna Çykaryldy

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 9-njy Tapgyrynyň Duşuşyklarynyň Eminleri Bellenildi

turkmenhabargullugy