Halkara Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň “aliyn sepi” birkidirildi.
Türkmen-owgan serhedinde geçirilen dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani täze polat ýoluň “altyn sepini” berkitdiler.
Transmilli polat ýolunyň — Halkara Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) bölegi boýunça ilkinji ýük otlusy ugradyldy. Türkmenistandan Owganystanyň çägine 46 wagondan düzülen otly ugrady. Ondaky ýük–un, däne, sement, karbamid we kükürt.
Bu wakanyň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-owgan serhedinde nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ibermek boýunça täze “Ymamnazar” terminalyny açdy. Onuň kuwwaty 540 müň tonna deňdir, nebit önümleri demir ýol boýunça terminala getiriler, soňra bolsa eksporta ibermek üçin ýörite awtomobillere ýükleniler.
Türkmenistanyň Atamyrat şäherinden Owganystanyň Akina şäherine çenli demir ýol bölegi ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan çekildi. Uzynlygy 88 kilometre deň bolan polat ýoluň ugrunda degişlilikde 256 we 363 metr uzynlykdaky iki sany iri köpri bina edildi. Gülüstan we Ymamnazar demir ýol menzilleri, täze stansiýalar hem-de zerur bolan tehniki we durmuş maksatly beýleki desgalaryň birnäçesi guruldy. Täze demir ýoluň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda badalga berlipdi.
Türkmenistan geografiýa taýdan amatly ýerleşmek bilen, üstaşyr-ulag çatrygy hem-de yklymyň logistika merkezi hökmünde bu ulgamda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi ugur edinýär. Halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy birnäçe döwlet we hökümet baştutanlarynyň, dünýäniň iri halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 26-27-nji noýabrda Aşgabatda guralan Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň yz ýany geçirildi.