Paýtagtymyzda şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleriniň gatnaşmagynda täze monumentleriň birnäçesiniň açylyşy boldy.
Durky täzelenen ýollaryň — N.Andalyp we Magtymguly şaýollarynyň täze bölekleriniň aýlawly çatryklarynda bina edilen bu gabaraly heýkel kompozisiýalar Bitaraplyk gününiň öň ýanynda aşgabatlylar üçin baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
Açylyş dabaralarynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri ýaş nesliň abadançylygyna hem-de bagtyýarlygyna, ene topragymyzy özgertmäge, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge, şol sanda ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ösen düzümi döretmegiň hasabyna üpjün etmäge gönükdirilendir.
Aşgabat şäheriniň kemala gelýän täze keşbi ähli babatda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň ýokary derejesine gabat gelip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan döredijilikli gurmak we ösdürmek ruhuny özünde jemleýär. Şunda adamlar üçin amatly şertleri döretmek esasy ölçeg bolup, şähergurluşyk maksatnamasyny, şeýle hem döwlet syýasatyny amala aşyrmakda üýtgewsiz ýörelge bolup durýar. Aşgabatda gurulýan ähli döwrebap desgalar şu ýörelgä laýyk gelip, olar şäheriň ajaýyp binagärlik toplumyna sazlaşykly utgaşýar we paýtagtymyzyň görküni artdyrýar.
Bu wakanyň hormatyna şaýollaryň täze bölekleri aýratyn dabaraly görnüşe eýe boldy. Monumentleriň daş-töweregi dürli öwüşginli bezeg serişdelerine, howa şarlaryna we baglaryna beslendi. Dürli reňkli türkmen halylary bilen bezelen konsert meýdançalarynda dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňünde döredijilik toparlary çykyş edýärler. Eziz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edýän joşgunly aýdymlar ýaňlanýar.
N.Andalyp bilen “10 ýyl abadançylyk” şaýollarynyň kesişýän ýerinde döredilen aýlawda “Zemin” diýlip atlandyrylan binagärlik-bezeg monumenti peýda boldy. Töwerege ýalkym saçýan demir toruň üstünde ýerleşdirilen şar biziň Ýer togalagymyzy alamatlandyrýar. Globusyň torly gurluşy Ýeriň näzikligini ýatladýar, biz ony aýawly saklap, ýurtlaryň, halklaryň, adamyň we tebigatyň arasynda parahatçylygy hem-de sazlaşygy berkarar etmeli. Şar eliň aýasyna meňzeş sütüniň üstünde ýerleşdirildi. Tutuş heýkeliň özi bolsa Günüň şöhlesine açylýan ägirt uly güli ýadyňa salýar.
“Ebedilik” diýlip atlandyrylan beýleki kompozisiýa N.Andalyp şaýolunyň we Ýunus Emre köçesiniň çatrygyny bezedi. Onda barlygyň ebedilik pikiri beýan edilip, onuň hyýaly görnüşlerinde durmuşyň çarhy hem-de sekizlik görnüşindäki dowamatlylygyň nyşany, üznüksiz hereketiň depgini hem-de asyrlaryň we giňişlikleriň içinden geçýän adam pikiriniň okgunlylygy şöhlelendirilýär.
Nobatdaky heýkel “Jebislik” diýlip atlandyrylýar. Ol N.Andalyp we A.Nyýazow şaýollarynyň kesişýän aýlawynda ýerleşdirildi. Bu desganyň çeper taglymatynda ençeme çeşmeleriň bir bitewi joşgunly akaba öwrülip, öz ugrunda ähli päsgelçiliklerden geçip bilýändigi baradaky pikiriň döredijilikli açylýandygyny aňladýar. Şu kompozisiýada alaw esasy keşp bolup, azatlygyň, nuruň, ýagtylygyň, durmuşyň, ruhuň we paýhasyň nyşany, şeýle hem däp-dessurlaryň yzygiderliliginiň alamaty bolup durýar.
N.Andalyp we Galkynyş şaýollarynyň kesişýän aýlawynda bolsa “Ösüş” diýlip atlandyrylan özboluşly plastiki kompozisiýa bina edildi. Monumentallygyna garamazdan, onuň gözüňi dokundyrýan nusgawy gurluşy ösüşi, galkynyşy we täzelenilişi, şol bir wagtda durmuşyň kuwwatyny beýan edýär.
N.Andalyp we Magtymguly şaýollarynyň kesişýän ýerinde çatrygyň keşbini garlawaçlary şekillendirýän belent heýkel janlandyrýar. Ol “Erkanalyk” diýlip atlandyryldy we ruhuň, pikiriň erkinligini, ylham-joşgunyň asyllylygyny alamatlandyrýar. Asmana galýan guşlaryň sudurynda adamyň keşbi göze ilip, ony alys gözýetimler özüne imrindirip, boýun egmedik belentlikler çagyrýar. Galyberse-de, garlawaç halk arasynda baharyň, ýagşylygyň, bagtyýarlygyň, umyt-arzuwyň, şowlulygyň buşlukçysy hasaplanylýar. Bu guşlar diňe agzybirligiň höküm sürýän öýlerinde höwürtgeleýär diýlip hasaplanypdyr. Bu desga öý-ojagyň asudalygynyň, wepalylygyň, gözbaşlara ygrarlylygyň tumary bolup, onuň bilen syýahatlara bolan islegi utgaşdyrýarlar.
Ýene bir monument Magtymguly we Aba Annaýew şaýollarynyň çatrygyndaky aýlawda ýerleşdirilip, “Çemen” diýlip atlandyrylýar. Onuň şekiliniň ýönekeýligi we täsirliligi özünde köp manyny jemleýär. Çünki çemen — bu toý-dabaranyň nyşany bolmak bilen, onuň bilen iň gowy arzuwlary — bagtyýarlygy, söýgini, bereket-bolçulygy, saglygy, üstünlikleri baglanyşdyrýarlar. Galyberse-de, ol ýürekleriň birleşmeginiň nyşany, ýürek duýgularynyň beýany, minnetdarlygyň we täsirliligiň alamaty bolup durýar.
Täze heýkelleriň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar Aşgabadyň durky täzelenen köçeleri boýunça gezelenç etdiler. Olaryň bir bölegi pyýada ýöreseler, bir bölegi şu günki waka mynasybetli ýörite berlen hem-de howa şarlary, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygynyň nyşanlary bilen bezelen iki gatly gezelenç awtobuslarynda aýlandylar.
Awtobuslaryň penjirelerinden abadanlaşdyrylan awtomobil ýollarynyň ajaýyp görnüşi açylýar. Aşgabatlylar we ähli türkmenistanlylar eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň merkezi bolan ak mermerli paýtagtymyza buýsanmaga haklydyr. Ýurdumyzyň baş şäherinde bolup geçýän özgerişlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň sazlaşykly, innowasion häsiýete eýe bolmagyny şertlendiren ägirt uly özgertmeler syýasatynyň üstünliklere beslenmeginiň iň gowy we aýdyň beýany bolup durýar.
Şeýle hem şu gün Aşgabatda 240 we 400 orunlyk köp gatly awtoduralgalaryň ikisi ulanmaga berildi. Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan bu desgalar hususy ýeňil awtoulaglaryň duralgalarynyň amatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.