Halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm bölegi bolar.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň günsaýyn gowulanmagy üçin hormatly Prezidentimiz uly özgertmeleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda netijeli zähmet gaýnap-joşýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu Maksatnamanyň çäklerinde iri zawodlardyr kärhanalar, demir ýollardyr awtoulag ýollary, uçar menzilleridir deňiz portlary, döwrebap obalardyr şäherçeler we beýleki desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bellemeli ýeri, her bir tutumynda goňşy, sebit döwletleriniň, galyberse-de tutuş dünýä halklarynyň bähbidini nazarlaýan milli Liderimiziň baştutanlygynda gurlan we gurulýan iri desgalaryň aglabasy halkara ähmiýetlidir. Muňa soňky ýyllarda gurlup, işe girizilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýollarynyň, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde döwrebap nusgada gurlup, işe girizilen halkara howa menzilleriniň, şeýle hem häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginlerde dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek babatda amala aşyrýan işleriniň sanawynda möhüm orun eýelejek iri desgalaryň ýene biri Kerki etrabynda gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýan döwrebap howa menzilidir. Milli Liderimiziň gol çeken Kararyndan ruhlanyp gurluşygyna girişilen bu howa menzilini 2021-nji ýylda doly tamamlap, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle bolansoň, howa menziliniň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşmak hem-de hünärmenlerdir gurluşykçylar bilen söhbetdeş bolmak maksady bilen ýakynda ol ýere bardyk.
Bizi işleriň gyzgalaňly gidip duran ýerine «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşyk inženeri Gurtdurdy Hudaýberdiýew alyp bardy. Türkmenabadyň halkara howa menzilini gurup, ýeterlik iş tejribesini toplan «Gündogdy» hususy kärhanasy bu ýere özüniň beton öndürýän zawodlarynyň üçüsini, Germaniýa döwletinde öndürilen «KARGO» kysymly beton düşeýän kuwwatly tehnikasyny we beýleki tehnikalaryny getiripdir. Şol döwrebäp, kuwwatly tehnikalara erk edýän işçiler we hünärmenler iki çalşykda işleýän ekenler.
Howa menzilinde jemi 300-den gowrak adam zähmet çekýär. Bu ýerde işler iki tapgyrda alnyp barylýar. Birinji tapgyryň işçileri uçuş-gonuş zolagynyň betonlamak işlerini ýöriteleşdirilen tehnikalaryň kömegi bilen ýerine ýetirýärler. Ikinji tapgyryň işçidir hünärmenleri bolsa, howa menziliniň ähli binalar toplumyny gurmak bilen meşgullanýar. Şeýle bolansoň, bu ýerdäki işçileriň hysyrdysy özlerine ýetik, kimseler howa menziliniň uçuş-gonuş zolagyna beton düşemek işleri bilen başagaý bolsalar, ýene kimseler howa menziliniň binalarynda kerpiç örmekligi, beton işlerini, demir örme işlerini güýçli depginde alyp barýarlar. Ýeri gelende aýtsak, howa menziliniň daş-töweregine gorag zolagyny çekmek işi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän eken.
«Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşyk inženeri Gurtdurdy Hudaýberdiýew häzirki döwürde işleriň meýilnama laýyk alnyp barylýandygyny aýdyp, zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza öz sagbolsunlaryny beýan etdi hem-de:
— Hormatly Prezidentimiziň hususy kärhanamyza uly ynam bildirip, bu howa menzilini gurmaklygy bize tabşyrmagy ählimizi buýsandyrdy. Nesip bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödäp, howa menziliniň gurluşygyny meýilnamada bellenilen möhletde tamamlarys. Çünki milli Liderimiziň ynamyny abraý bilen ödemek biziň üçin uly bagtdyr — diýip, sözüni jemledi.
Şol pursat yhlasly işläp ýören gurluşykçylary synlap durşuma, howa menziliniň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanjakdygy hem-de bu howa menziliniň ýurdumyzyň halkara üstaşyr howa geçelgesiniň kämilleşmeginde möhüm hyzmaty ýerine ýetirjekdigi baradaky ýakymly duýgular kalbymy gaplap aldy. Şonda men özüniň sogaply işleri bilen her kimde şeýle ýakymly duýgulary oýarýan hormatly Prezidentimize tüýs ýüregimden çykýan hoşallyk kelamlarymy zybana getirdim. Goý, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşy üçin yzygiderli aladalanýan mähriban Prezidentimiziň elmydama jany sag, ömri uzak bolsun!
Çeşme: http://metbugat.gov.tm/