Täze köpri goňşy döwletleriň arasyndaky söwda aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň üznüksiz amala aşyrylmagyna ýardam eder.
Ikitaraplaýyn awtomobil köprüsini ýörite demir-beton gurnamalardan gurmak maksat edinilýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk üçin taslama resminamalaryny tiz işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.
Türkmenistanda häzirki zaman ulag düzümi kemala getirilýär, ýurdumyz logistika merkezlerini hem-de halkara üstaşyr geçelgelerini doretmek baradaky başlangyçlar bilen çykyş edýär.