Bu günki gün hazirki zaman durmuş gurluşlarynyň emele gelýän ýerleriniň biri bolan Ruhubelent etrabynyň Tüniderýa geňeşliginde 320 okuwçy orunlyk orta mekdebiň gurluşygyna başlandy.
Giň we ýagty okuw otaglary häzirki zaman kompýuter tehnikasy we okatmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýasy bilen üpjün ediler. Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary, zähmet okuwy boýunça ussahanalar, kitaphana, maslahat we sport zallary taslamada göz öňünde tutulandyr. Bir söz bilen aýdanyňda, mugallymlar üçin innowasion tehnologiýalaryny, bilim ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribelerini, ýaş nesli okatmagyň interaktiw serişdelerini üstünlikli ulanmaga ähli şertler dörediler.
Häzirki zaman arhitekturasynyň öňdebaryjy gazananlaryny we milli binagärçilik däp-dessurlaryny nazara almak bilen gurulýan bilim ulgamynyň täze gurluşyklary täze orta mekdepleriniň binalary Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Ak altyn, Akdepe etrabynyň Pagtaçylyk, Köneürgenç etrabynyň Pagtaçy we Gubadag etrabynyň Ýaşlyk geňeşliklerinde peýda bolar. Öz serhedini günsaýyn giňeldýän Daşguz şäheriniň Nowruz” kiçi etrapçasynyň we Gülistan” ýaşaýyş massiwiniň çäklerinde gurulýan dokuz ýüz we alty ýüz kyrk okuwçy orunlyk orta mekdepleriň binalaryny iri desgalaryň hatarynda görkezmek bolar.
Ýurduň demirgazyk sebitiniň dürli künjeklerinde hazirki zaman çagalar edaralarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Gurbansoltan eje adyndaky, Saparmyrat Türkmenbaşy, Gubadag etraplarynyň merkezlerinde, S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Adalat geňeşliginde bir nusgaly täze çagalar baglarynyň binalary gurulýar. Bu ýerde çagalaryň sazlaşykly we hemme taraplaýyn terbiýelenmegi üçin ähli şertler dörediler. Tsalamada oňaýly ýatylýan, oýun oýnalaýan we okuw otaglary, gyzyklznma boýunça sapaklar üçin jaý, kompýuter otaglary, aýdym-saz zallary göz öňünde tutulandyr. Binanyň abadnlaşdyrylan we gňk zolaga öwrüljek ýakyn ýerleşýän çaklarinde tomus pawilýonlary, oýun we sport meýdançalary, dynç almak üçin telärler ýerleşer.