9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
SAGLYK

Täze oba saglyk merkezi açyldy

Döwletli etrabynyň “Tallamerjen” daýhan birleşiginiň Tölegguýy obasynda täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň aýdyň nyşanyna öwrülen oba saglyk merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Säher bilen baýramçylyk ähegiňde bezelen binanyň ýanynda dabaraly ýagdaý höküm sürdi. Bu ýere täze saglyk merkeziniň açylmagy mynasybetli welaýatynyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hormatly ýaşulular ýygnandylar. Döredejilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgün çaýdy.

Bir günde 30 näsagy kabul etmäge niýetlenen döwrebap oba saglyk merkezini “Hazyna” gurluşyk hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Bir gatly döwrebap desgada näsaglar lukmançylyk hyzmatynyň giň ugurlary, şol sanda anyklaýyş we maslahat beriş boýunça zerur kömegi alarlar. Bu ýerde rentgen, herurgiýa, terapewtiki, fizioterapewtiki, ginekologiýa, diş bejeriş otaglary, şeýle hem barlaghana, gündizki kabul ediş bölümi, UZI we EKG otaglarynda hünärine ussat lukmanlar we şepagat uýalary öz hyzmatlaryny hödürlärler. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda bina edilýän ähli beýleki bejeriş edaralary ýaly, bu ýerde gurulan saglyk merkezi hem iň häzkir zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Döwletli etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky “Kerkak” we “Ak altyn” daýhan birleşiklerinde hem häzirki zaman saglyk merkeziniň gurmak meýilleşdirilýär.

Dabara tamamlanan soň, täze desganyň açylmagy mynasbetli, Watanymyzyň rowaçylygynyň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygynyň sadaka berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Hökümetiniň Ilatyň Saglygyny Goramak Boýunça Görýän Çäreleri Baradaky Maglumat…

Saglygyny Goramak

syrach

Saglygy goraýyş boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

syrach