Ulag ulgamyny abadanlaşdyrmak boýunça uly göwrümli iş geçirilen Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap merkeziniň Bitaraplyk ýolunyň ugrunda ýol işleri alnyp barylýar. Birnäçe kilometrlikde ýerleşýän Akdaş şäherçesinde ýoluň gatnalýan böleginiň durky täzelenip başlanyldy. Ýol gurluşykçylarynyň öňünde asfaltbetonly örtgi bilen örtülen 4200 metr ýoly täzeden diýen ýaly çekmek wezipesi durýar.
Häzirki zaman ýol gurluşygynda gül ekilýän ýerli, ýanýodaly we köçäni yşyklandyryjylar bilen gurmaga döwlet we hususy gurluşyk guramalary gatnaşýarlar. Şäherçäniň iki zolakdan ybarat bolan içerki ýoluny çekmek işleri Türkmenbaşytaslama Döwlet taslama institutynyň ýerli şertlere görä bir nusgaly taslamasy boýunça amala aşyrylýar.
Häzirki zaman ulag ulgamyny döretmek boýunça meýilleşdirilen işler sebitleri ösdürmek boýunça 2020-nji çenli döwür üçin Milli maksatnama laýyklykda alnyp barylýar
referans: www.turkmenistan.gov.tm