6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
TEHNOLOGİÝA

Täze Tehnikalar Nebitçileriň Işiniň Depginini Ýokarlandyrmaga Ýardam Eder

Täze tehnikalaryň nobatdaky tapgyry «Türkmennebit» Döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň awtoulag müdirligine gelip gowuşdy. Şolaryň hatarynda, guýularyň düýpli abatlaýyş işleri üçin niýetlenilen XJ-250 kysymly toplumyň 5-si we «KA­MAZ» kysymly ýük awtoulaglarynyň 8-si bar.

HHR-de öndürilen XJ-250 kysymly desgalaryň toplumy guýularda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredýär. Bu desganyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri hem, olaryň ykjamlygydyr. Bir guýuda düýpli abatlaýyş işleri tamamlanansoň, işleri dowam etmek üçin bu desgany indiki guýa süýşürmek mümkin. Şeýle hem, täze enjamlar ýerli howa şertlerine doly laýyk gelýär. Olar ähli ýaşaýyş-hojalyk şertleri bilen üpjün edilen ýörite göçme öý-wagonlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Guýularda düýpli abatlaýyş işlerini gysga wagtda geçirmäge mümkinçilik berýän täze desgalar eýýäm Goturdepe we Barsagelmez ýataklarynyň guýularynda oturdylyp başlandy.

Russiýa Federasiýasy bilen ozal baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, «KA­MAZ» kysymly ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry Hazaryň kenarlarynda ýerleşen ýataklarda iş alyp barýan nebitçileriň ygtyýaryna berildi.

Degişli makalalar

Ýokary tehnologiki kärhana işe başlar

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Mili Emeli Hemranyň Älem Giňişligine Çykarylmagy Mynasybetli Gutlaglary Kabul Etdi

syrach

Ýeriň Emeli Hemrasyny Uçurmak we Ony Dolandyrmak Işleri

syrach