Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynda Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň III tapgyrynyň, şeýle hem Garagum derýanyň üstünden geçýän täze köpriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň öňýanynda durmuş maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylmagy milli Liderimiziň başyny başlan hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, tutuş ýurdumyzda durmuş-ykdysady düzümi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen oňyn syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän şanly waka öwrüldi.
Geçen hepdede Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan 400 hojalyk üçin Bereketli zaman şäherçesiniň açylmagy, şu gün bolsa ýene-de ýarym müňe golaý maşgalalaryň paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynyň Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň döwrebap jaýlarynda täze jaý toýlaryny tutmagy ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolup geçýän binagärlik açylyşlaryň diňe bir bölegi bolup durýar hem-de türkmen halkynyň ruhubelentligini we bagtyýarlygyny artdyrýar.
…Irden döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň golaýynda, Garagum derýadan geçýän köpriniň gurlan ýerine geldi.
Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Ruhabat etrabynyň köpsanly ýaşaýjylary ýygnandylar.
Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi mähirli garşyladylar. Köpriniň öňündäki meýdançada hem-de bu ýere alyp gelýän ýoluň ugrunda dürli öwüşginli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandy. “Aýjan” çagalar aýdym-saz toparynyň, “Näzli”, “Aşgabat”, “Galkynyş” döredijilik toparlarynyň çykyşlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuna beslendi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Täze zaman” aýdymy bolsa diňe şu günki dabaranyň däl, eýsem, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň özboluşly senasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär hem-de Garagum derýadan geçýän täze awtomobil köprüsini açýar. Dabara gatnaşyjylaryň dostlukly el çarpyşmagynda asmana ak reňkli howa şarlary uçuryldy.
Döwrebap ýol-ulag düzümini döretmek döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz bu ulgamy ösdürmäge uly möçberde serişdeleri gönükdirmek bilen, milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, maýa goýumlary üçin onuň özüneçekijiligini artdyryp, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etmek üçin mäkäm binýady döredýär.
Ulag-aragatnaşyk ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurulmagy munuň aýdyň mysallary bolup durýar. Olary döretmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.
Esasy awtomobil ýollarynyň durky doly täzelenip, zerur bolan ähli ýol düzümine eýe bolan ýokary tizlikli täze şaýollary çekildi we çekilýär. Tutuş ýurdumyzda gurulýan awtobanlaryň ugrunda inženerçilik desgalarynyň onlarçasy—döwrebap ulag geçelgeleri, köprüler we estakadalar gurulýar. Döwrebap awtomobil ýollaryň ýokary hilli gurulmagy, aýratyn ygtybarlylygy we uzak möhletliligi bu ugurda işleýän potratçy kompaniýalara bildirilýän mäkäm talap bolup durýar.
Halkymyz köpri gurmagy sogap iş hasaplaýar. Mähriban Arkadagymyz asyrlarboýy ata-babalarymyzyň köprüleriň we ýollaryň gurulmagyny asylly iş hasaplandygyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ajaýyp we gymmatly ýörelgelere eýermek arkaly olary baýlaşdyrýandygymyzy belledi. Milli Liderimiz täze gurlan köpriniň halkyň bähbidine uzak wagt hyzmat etmegini arzuw etdi.
Gurluşynda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işläp düzmeler ulanylan köpriniň uzynlygy 90 metr bolup, ol özboluşly binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýar. Onda döwrebap dizaýn we milli bezegler ulanyldy. Köpriniň gatnawly böleginiň giňligi 13 metr bolup, her tarapa uzalyp gidýän üç sany hereket zolaklary bar. Köpriniň ýük göterijiligi 480 tonna barabardyr. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, dürli agaç nahallary oturdyldy.
Täze desga öz tehniki ölçegleri boýunça ähli bildirilýän talaplara laýyk gelýär, hususan-da, onuň taslamasy amala aşyrylanda ýurdumyz üçin häsiýetli bolan howa we geologik şertleri göz öňünde tutuldy, köpriniň ýokary seýsmiki durnuklylygy üpjün edildi. Ýokary hilli asfaltbeton ýol örtüginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny, hereket howpsuzlygyny üpjün eder. Bellikler we nyşanlar üçin döwrebap serişdeler ulanyldy.
Ýoluň ugrunda zerur bolan inženerçilik kommunikasiýalar, şol sanda suw sowujy ýaplar, bu ýerde oturdylan agaç nahallary üçin damjalaýyn suwaryş ulgamy, tehniki hajatlar hem-de ýol yşyklary üçin elektrik üpjünçiligi göz öňünde tutuldy. Olardan başga-da, ýol örtügini çäge süýşmesinden goraýan ýörite desgalar guruldy.
Köpriniň üstünden ýakynda ýerleşen meýdanlaryň görnüşi açylýar, olarda möwsümleýin işler dowam edýär. Türkmen topragynda bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň miweleriň bereketli hasyly ýygnalyp, olar her bir maşgalanyň, her bir öýüň saçagyny bezäp, halkymyzyň bolçulygyny we abadançylygyny alamatlandyrýar.
Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, täze suwarymly ýerleri ekin dolanyşygyna girizmek hem-de ulanylýan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak oba hojalyk pudagyny özgertmegiň esasy ugurlary bolup durýar. Suw süýjediji desgalaryň, suw howdanlarynyň we suw arassalaýjy desgalaryň gurulmagy, şeýle hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge, hususan-da, halkyň saglygyny goramaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň esasyny düzýändigini bellemek gerek.
Amyderýanyň, Murgap, Tejen, Etrek derýalarynyň suwy bilen doldurylýan, ähli welaýatlarda suw howdanlarynyň gurulmagy, çölüň içinden çekilen Garagum derýasy ýurdumyzda suwy rejeli peýdalanmaga näderejede ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Ägirt uly suw hojalyk desgasynyň—Altyn asyr Türkmen kölüniň ulanmaga berilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Tebigy ýagdaýda arassalanandan soň, gaýtadan ulanmak üçin zeý suwlaryny ýygnamak dünýäde iri emeli gidrotehniki desgany gurmagyň esasy maksady bolup durýar.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy tarp ýerleriň müňlerçe gektaryny özleşdirmäge, Garagum çölünde oazisleri döretmäge, maldarçylyk we balyk hojalygyny ösdürmäge ýardam etdi, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bolup durýan has global wezipäni çözmäge ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda öňe süren halkara başlangyçlary – bu möhüm ugurda wajyp wezipeleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary–suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak wezipeleri mysal bolup durýar.
Türkmen kölüniň tebigata örän oňaýly täsir edýändigini ynamly aýtmak bolýar, şor suw akabalarynyň işi kadalaşdy, bu bolsa, ýerasty suwlarynyň derejesiniň peselmegine getirdi. Ýerleriň melioratiw ýagdaýy hem gowulanýar.
Bu ýerde, köpriniň üstünde milli Liderimizi paýtagtymyzyň elektrik üpjünçilik desgalar toplumynyň, şeýle hem dünýä belli “General Electric” amerikan kompaniýasynyň okuw merkezli edara binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşan myhmanlar – “General Electric Power“ amerikan kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Russiýa, GDA döwletleri we Türkiýe boýunça wise-prezidenti jenap Rikardo Kordoba, Fransiýanyň Bordo uniwersitetiniň ylmy barlaglar boýunça müdiri professor, doktor Anni Sasko, Lihtenşteýniň Ykdysadyýet ministrliginiň uly geňeşçisi, dosent Atilla Dinçer, Ýewropanyň Halkara gatnaşyklary gaznasynyň başlygy, Awstriýanyň Energetika institutynyň wekili professor Leopold Kaýblinger mähirli mübäreklediler.
Döwlet Baştutanymyz myhmanlar bilen salamlaşyp, olary şu günki dabara gatnaşmaga çagyrdy.
Şol wagt Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylarynyň – ýaş çatynjalaryň toýy şu günki dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Köpriniň üstünde olaryň dogan-garyndaşlaryndan we köpsanly myhmanlaryndan we bagşy-sazandalardan ybarat bolan, ak reňkli awtoulaglardan düzülen gelnalyjynyň peýda bolmagy türkmen toýuna mahsus bolan ähli alamatlary, şatlyk-şowhuny, aýdymdyr-sazlary we tanslary özünde jemleýän uly baýramçylyk ýagdaýyny döretdi. Toý dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi mähirli mübäreklediler.
Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumyna alyp barýan ýolda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hut ýaş çatynjalaryň ilkinji bolup garşylamagynyň hem özboluşly manysy bar. Çünki, olara—ata-babalarymyzyň parasatly däp-dessurlaryny we wesýetlerini dowam edýän ýaşlara ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegi ynanyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň erkin we bagtly ýaşamagy, döredijilikli we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Biziň ýurdumyzda maşgala we ýaşlar meselelerine aýratyn üns berilýär. Ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, şol sanda jaý satyn almak üçin ýeňillikleri we uzakmöhletleýin ipoteka karzlary bermek milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynyň durmuş ugurlylygynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, bu ýagdaý täze döreýän maşgala ojaklarynyň berkemegine ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, maşgala türkmen jemgyýetiniň öçmez-ýitmez gymmatlyklarynyň we esaslarynyň biri bolup durýar.
Toý lybasyna beslenen ulaglardan ybarat gelnalyjy Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumyna tarap ugraýar.
Milli Liderimiz daşary ýurtly myhmanlary — hanym Anni Saskony, Atilla Dinçeri, Leopold Kaýblingeri we Rikardo Kordobany täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Ýoluň ugrunda owadan bezelen ak öýler dikilipdir. El işine ussat gelin-gyzlaryň bir topary kürtedir ýapynjalary, tahýalary tikip, köýneklere ýaka salýan bolsa, olaryň bir bölegi haly dokap, gamyşda täze keçäniň suratyny döredip otyr. Olardan biraz aňyrda bolsa ahalteke bedewlerine atlanan, ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklaryny saklap oturan türkmen ýigitleri göreniň guwanjyny artdyrýar.
Ähli ýerde uly toýuň şatlyk-şowhuny duýulýar. 100 dutarçydan – belli saz ussatlarynyň ýaş zehinli şägirtlerinden ybarat toparyň ýerine ýetirmeginde halk aýdymlarydyr sazlary ýaňlanýar. Bu ýerde häzirki zaman aýdymlary ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy aýdymçylaryň golaýyna gelip durýar. Bu ýerde olar “Magtymguly” operasyndan aýdymy ýerine ýetirýärler. Artistleriň hünär ussatlygy dabaranyň myhmanlarynda aýratyn täsir galdyrdy. Daş-töwerekde pälwanlaryň tutluşyklaryny hem-de aýterek-günterek, ýaglyga towusmak, bukulma ýaly milli oýunlar, sport çykyşlary gyzyşypdy. Küştdepdi tansy bolsa köpsanly dabara gatnaşyjylary özüne maýyl edýärdi.
Mälim bolşy ýaly, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini we durmuş goraglylygyny has-da ýokarlandyrmak meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Iki ýyl mundan ozal Ruhabat etrabynda Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy bolupdy. Onuň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Birinji we ikinji tapgyrlaryň çäklerinde bu ýerde 1554 hojalyk üçin ýaşaýyş jaýlarynyň 1385-si, Geňeşligiň dolandyryş binasy, saglyk we medeniýet öýleri, 800 orunlyk orta mekdep, her biri 240 orunlyk çagalar baglarynyň üçüsi, sport toplumy, söwda merkezi we dükan, “Toý mekany” durmuş hyzmatlary öýi, ýangyna garşy bölüm, aragatnaşyk merkezi, metjit bina edildi, şeýle hem seýilgäh toplumlarynyň üçüsi döredildi.
III nobatdaky tapgyr durmuş we beýleki maksatly desgalary öz içine alýar. Olaryň hatarynda 508 hojalyk üçin bir we iki gatly jaýlaryň 443-si bar. Bu ýerde bir we iki maşgala üçin niýetlenen jaýlarda ýaşaýjylar üçin oňaýly amatlyklar döredildi, şol sanda, döwrebap mebeller goýlan giň otaglar, abzallaşdyrylan aşhanalar, eýwanlar guruldy.
Täze ýaşaýyş jaýlary türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bina edildi. Her howluda mellek ýerler, şol sanda mal saklamak, ekin ekmek üçin ýerler, ulag goýmak üçin ýer, tamdyr hem-de zerur bolan beýleki inženerçilik-tehniki aragatnaşyk ulgamlary bar.
…Täze obanyň ýaşaýjylarynyň ygtyýarynda köp dürli harytlaryň giň görnüşleri alyjylara hödürlenilýän azyk we senagat harytlarynyň dükany bar. Söwda nokadynyň tekjelerinde azyk bolçulygyna—täze süýt önümlerine, çörek-bulka we makaron önümlerine, ter gök, miwe we bakja önümlerine, miwe suwlaryna we alkogolsyz içgilere, çaga iýmitiniň dürli görnüşlerine we beýlekilere gözüň düşýär. Bu ýerde ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylary elýeterli bahalar boýunça egin-eşik, hojalyk we durmuş harytlaryny satyn alyp bilerler.
Täze zaman ýaşaýyş toplumynda ýaş toparlarynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurlan her biri 240 orunlyk çagalar baglarynyň ikisinde körpejeleriň sazlaşykly ösmegi hem-de wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin hemme şertler döredildi. Bu ýerde giň ýagty otaglar, çagalaryň oňaýly ýatýan ýerleri, multimediýa we interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw geçmek üçin otaglar, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmek hem-de kompýuter sowatlylygynyň başlangyçlaryny ele almak üçin otaglar, saz we sport zallary hem-de saglyk otaglary bar. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň töweregi abadanlaşdyrylan çäklerinde hemme degişli şertleri bolan oýun meýdançalary bar. Olarda körpeler açyk howada bolmaklary üçin bölünip berlen wagtlaryny şadyýan we kanagatlanma bilen geçirip biler.
Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz her öýüň ýanynda ýaýbaňlandyrylan dabaralary synlap bardy. Kottej toplumlarynyň biriniň howlusynda täze jaýyň eýeleri gelin toýuny toýlaýardylar. Bu ýere gelen gadymy gelnalyjy dessury milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ünsüni özüne çekdi. Ähli däp-dessurlar bilen ýerine ýetirilýän hakyky türkmen “gelin toýy” ýaýbaňlandyryldy. Şol däpleriň arasynda öýlenýän ýigidiň öýüne gelin getirilýän “gelnalyjy” däbi bar. Bu gün gadymy däp-dessurlar täze öwüşginler bilen baýlaşýar, emma bu ajaýyp maşgala dabarasy iň oňat dessurlarynyň ruhuny saklap, öz täze ösüşine eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiz ýaş çatynjalara uzak we bagtly maşgala durmuşyny arzuw edip, her biri 800 okuwça niýetlenen iki mekdebiň biriniň ýanyna tarap ugrady.
Orta okuw mekdebiniň baş binasynyň öňündäki owadan bezelen meýdançada çagalar tans topary aýdym-sazly baýramçylyk çykyşyny görkezdi.
Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän çagalar baglary, orta mekdepler we ýokary okuw mekdepleri gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar. Şeýle hem bu ulgama ylmyň iň täze gazananlary hem-de öňdebaryjy, şol sanda interaktiw-multimediýa we kompýuter tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynda toý bagyny kesdi hem-de binanyň içine girip, mekdebiň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp başlady. Bu ýerde orta okuw mekdebiniň okuwçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we köp sanly myhmanlary garşylap, aýdan goşgularynda Arkadagymyza, Watanymyza tüýs ýürekden söýgülerini beýan etdiler.
Başlangyç synplar hem-de dürli okuw derslerini—matematikany, fizikany, biologiýany, himiýany we beýlekileri öwrenmek üçin niýetlenen okuw otaglary interaktiw we beýleki ýörite enjamlar hem-de mowzuklaýyn okuw gollanmalary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Okuwçylaryň ygtyýarynda oňat enjamlaşdyrylan kompýuter we lingafon otaglary bar. Bu ýerde şeýle hem mekdep okuwçylarynyň zähmet endiginiň terbiýelenmegi üçin hemme zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin degişli enjamlar we abzallar bilen üpjün edilen ajaýyp sport zallary we meýdançalar bar.
Soňra döwlet Baştutanymyz birinji synpyň okuwçylarynyň ders geçýän okuw otaglarynyň birine baryp gördi. Olar üçin bu günki gün ajaýyp baýramçylyga öwrüldi. Milli Liderimiz çagalary okatmak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa okap bilişlerini, kompýuterde işläp bilişlerini hem-de interaktiw tagtanyň kömegi bilen işlemek başarnyklaryny görkezdiler.
Okuwçylar ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi baradaky aladasy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe olaryň bagtyýar çagalygy baradaky aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Döwlet Baştutanymyz olara öz maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berjek yhlasly okuwlarynda, döwrebap bilimleri özleşdirmäge ymtylmakda, daşary ýurt dillerini öwrenmekde ak ýol arzuw etdi.
Öz nobatynda, bu synpyň mugallymy hem häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň halypalaryna kämilleşmäge, hünär tejribesini we başarnygyny ele alyp, öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary ulanmaga şeýle giň mümkinçilikleriň berlendigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirdi.
Dabara gatnaşyjylar çagalaryň öz bilimlerini we döwrebap tehnikalarda işläp bilişlerini görkezişlerini synladylar. Bu pursatlary synlap duran hanym Anni Sasko bu çagalaryň Türkmenistanyň ajaýyp geljegidigini nygtady. Döwrebap bilim almak hem-de ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi üçin şertleri döretmekde türkmen Lideriniň ägirt uly hyzmatyny belläp, myhman bularyň ählisiniň ýakyn geljekde öz anyk miwelerini getirjekdigine ynam bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz çagalara we dabaranyň myhmanlaryna ýüzlenip, bilelikde surata düşülmegi çagalar üçin şu günki günden oňat ýadygärlik boljakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz çagalara okuwlarynda üstünlik arzuw edip, aýdym-saz otagyna bardy hem-de bu ýerde geçilýän dersiň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz milli medeniýeti, aýdym-saz sungatyny, medeni gymmatlyklaryň nesilden-nesle geçijiligini ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hemme babatda öz köptaraply zehinini hem-de belent ruha beslenen ymtylyşlaryny görkezip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp saz kompozisiýalaryny döredijidir, dürli saz gurallarynda sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.
Zehinleri ýüze çykarmak üçin ýurdumyzda dürli bäsleşikler, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry”, “Ýaňlan, Diýarym!”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” we beýleki bäsleşikler geçirilýär. Olara gatnaşyjylar döwlet derejesinde dabaraly ýagdaýda sylaglanýarlar, olaryň iň gowulary bolsa milli Liderimiziň elinden ýokary baýraklary alýarlar. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleri dürli döredijilik, intellektual we sport ugurlary bilen meşgullanmaga höweslendirip, çagalara özleriniň her bir gününi olaryň mazmunly, gyzykly, özüne çekiji işler bilen doldurmagy nesihat berýär. Ukyplaryny ösdürmegiň, aň-düşünjelerini özbaşdak kämilleşdirmäge we giňeltmäge ymtylmalarynyň netijelerinde ýokary ahlakly, ruhy taýdan baý nesiller ösüp ýetişer. Olar geljekde Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine zähmet çeker.
Sapagyň barşynda okuwçylaryň biri akkordeonda Çary Nurymowyň sazyny çalmaga rugsat bermegi haýyş edip, milli Liderimize ýüzlendi. Ikinji okuwçy gadymy deprek bolan darbukda öz ussatlygyny görkezdi. Öz nobatynda, şu synpyň okuwçy gyzjagazy fleýtada Çary Nurymowyň “Ýaşlyk joşguny” diýen sazyny ýerine ýetirdi.
Çagalar mähriban, Garaşsyz Türkmenistan baradaky aýdym-sazly çykyşlarynda özleriniň şatlygyny hem-de täze jaý toýlary mynasybetli joşgunlaryny beýan etdiler. Şonda okuwçylaryň özleri dürli saz gurallarynda sazandarlyk etdiler.
Mugallym we okuwçylar döwlet Baştutanymyza terbiýeçiler we ýaşlar baradaky uly aladasy üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, milli Liderimize jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň we bütin türkmen halkymyzyň bähbidine alyp barýan uly möçberli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň biliminiň hem-de olaryň watançylyk we ýokary ahlak gymmatlyklaryň ruhunda terbiýelenmeginiň milli syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz okuwçylaryň ussatlygyna begenjini beýan edip, milli mukamlar bilen bir hatarda dürli ýurtlaryň sazlaryny we aýdymlaryny öwrenmegiň wajypdygyny belledi. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz döwrebap saz görnüşleriniň eserleri hem-de nusgawy saz eserleri bilen öz bilimiňi baýlaşdyrmagyň ähmiýeti barada aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, orta mekdebiň işgärlerine uly üstünlikleri, çagalara bolsa ýüreklerindäki arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz okuwçylar we mugallymlar bilen mähirli hoşlaşyp, seýilgäh zolagy üçin bölünip berlen ýere tarap ugrady.
Uly möçberli milli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň hemmesi ähli babatda adamlaryň durmuşynyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa düzüm bölegi bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydyr. Türkmen topragynyň täsin tebigatyny gorap saklamak, suw, ýer we biologiýa serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň hapalanmagyny azaltmak—ilatyň durmuşynyň sagdyn şertlerini üpjün etmegiň, daşky gurşawyň durnukly ýagdaýyny goramagyň we saklamagyň baş şertidir. Milli Liderimiziň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, tebigy ýerleriň gözelligini, kiçi binagärlik görnüşlerini, suw çüwdürimlerini we dürli suw akymlaryny peýdalanmak bilen seýilgäh zolaklaryň giňeldilmegi howany gowulandyrmaga, ilatyň ekologiýa taýdan terbiýelenmegine we düşünjesiniň artmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Bir söz bilen aýdylanda, ýene-de bir seýilgähiň düýbüniň tutulmagy bu möhüm we gerekli işiň, jemgyýetde ýokary ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmeginiň dowamydyr.
Bu ýerde Täze zamanyň ýaşaýjysy bolan oglanjyk ýatdan çykmajak bu günki waka mynasybetli hormatly Prezidentimize bag nahalyny oturdyp bermek haýyşy bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz türkmen arçasynyň düýbüni tutup, geljekki ajaýyp seýilgähiň döremegine badalga berdi. Bag oturtmaga baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi, şol sanda ýaş çatynjalar hem goşuldylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze obanyň ýaşaýjylaryna ýene-de bir gezek saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Umuman, şu günki wakalary öz gadymy milli däplerine ygrarly bolan ýurdumyzyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýolunda bedew bady bilen öňe okgunly barýandygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Täze jaýlar bilen giňelýän Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumy türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ýene-de bir ähmiýetli anyk ädimdir.
***
Şeýle hem şu gün “Toý mekanynda” Täze zaman ýaşaýyşjaý toplumyna göçüp gelen öý eýeleri bolan ýaş çatynjalaryň nika toýy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa daşary ýurtly myhmanlar we häzirki dabara gatnaşyjylar çagyryldy.
Halkymyzyň gelin toý dabarasy hemişe milli öwüşginli däp-dessurlar bilen geçirilýär. Munuň özi öz ruhy-medeni köklerine hem-de gadymy maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.
Gutlag sözlerinde muňýyllyklaryň dowamynda ýola goýlan hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän maşgala ojagynyň ajaýyp däplerini türkmen halkymyzyň aýawly saklaýandygy we olara uly sarpa goýýandygy bellenildi. Şonda nygtalyşy ýaly, maşgala biziň bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadydyr, terbiýe ojagydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlara söýgi, bagt we abadançylyk arzuw edildi.
Ýaş çatynjalar, öz nobatynda, ýaş maşgalalaryň abadançylygy baradaky atalyk aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şol bagtyýar maşgalalar bu gün şeýle ajaýyp öýlerde ýaşamak mümkinçligine eýe boldular.
Estrada aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdym–sazlar we tanslar dabara aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy.