13.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Tbiliside Çagalaryň Surat Sergisi Geçirildi

2015-nji ýylyň 27-nji maýynda  Tbilisi  şäheriniň Döwlet sungat akademiyasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 yyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan parahatgylygyň we hoşnyyetli goňşuçylygyň mekany” atly çagalaryň  surat sergisi geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy we Apollon Kytateladze adyndaky Tbilisi Döwlet sungat akademiyasynyň bilelikde taýýarlamagynda geçdi. Onda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisihanasy tarapyndan  2015-nji ýylyň 17-nji maýynda habar berlen ýaş bäsleşige gatnaşyjylaryň işleri hödürlendi.

Serginiň işine diplomatik korpusyň we halkara guramalaryň  wekilleri, akademikler, Tbilisi Döwlet sungat akademiyasynyň professor-mugallymlary we  Tbilisiniň ýigrimden gowrak  mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

Serginiň açylşynda giriş sözi bilen Gruziýanyň Medeniýet we ýädigärlikleri goramak ministri M.Giorgadze, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Muratow we Apollon Kytateladze adyndaky Tbilisi Döwlet sungat akademiyasynyň rektory, professor G.Guguşwili çykyş etdiler.

Ýaryşda hödürlenen suratlaryň arasynda üç sany ýaş  derejeli ýeňijiler : 9 ýaşdan 11 ýaşa çenli, 11 ýaşdan 14 ýaşa çenli we 14 ýaşdan 16 ýaşa çenli, şeýle-de bir absolýut ýeňiji saýlandy.

“Türkmenistan parahatgylygyň we hoşnyyetli goňşuçylygyň mekany” atly sergide ýeňiji bolan ýaş suratkeşlere Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisihanasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy. 

Çäräniň soňunda Türkmenistanyň  Ilçisihanasy tarapyndan çagalar üçin çaý başynda dabara gurnaldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy

syrach

Кöp Soralýan Soraglar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet Hepdeligi Açyldy