15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
YKDYSADYÝET

Tebigat baradaky alada – geljekki nesiller hakyndaky alada

Aşgabatda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan we 5-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda giňden belleniljek Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan maslahatlar geçiriler.

Paýtagtymyzdaky “Grand Turkmen” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralýan “Tebigaty goramak baradaky konwensiýalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçiriler.

Ýakynda ulanmaga berlen oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda “Beýik Galkynyşlar we täze özgertmeler zamasynda Türkmenistanda tebigaty goramak ulgamynda ýetilen sepgitler” atly maslahat geçiriler. Bu maslahata ýurdumyzyň esasy alymlary, ekspertler, ekologlar, oba senagat toplumynyň we suw hojalygynyň hünärmenleri, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnanar.

Milli, şeýle hem halkara derejesinde şunuň ýaly maslahatlary geçirmek eýýäm asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň esasy alymlaryň we hünärmenleriň tejribe alyşýan hem-de olaryň ekologiýa degişli meseleleriň çözgüdini gözläp tapýan ýerine öwrülmegi ýurdumyzda tebigatdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleriň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Maslahatlaryň giňişleýin maksatnamasy boýunça türkmen ekologlarynyň toplan öňde baryjy tejribesi we ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda gazanan netijeleri bilen tanyşdyrmak bellenilýär.

Türkmenleriň taryhy dogduk Diýarymyzyň tebigaty—aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum çöli, bagy-bossanlyga bürenen künjekleri, Köpetdagyň belent dag gerişleri we gojaman Hazaryň täsin galdyrýan kenar ýakasy bilen sazlaşykly baglanyşyklydyr. Asyrlar boýy türkmenler dogduk Diýarymyza mähir bilen garaýarlar, çünki alada bilen gurşalan topragyň çekilen zähmet üçin bol hasyl eçilýändigine gowy düşünipdirler. Häzirki döwürde Türkmenistanda şol ýörelgelere eýermek arkaly, kärhanalary tehniki taýdan täzeden üpjün etmek, täze pudaklary döretmek ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ýagdaýda ornaşdyrmak bilen birlikde amala aşyrylýar, daşky gurşawyň monitoringi boýunça sazlaşykly ulgam göwnejaý hereket edýär. Ýurdumyzda daşky gurşawyň baý biologik we genetik gorlary aýawly saklamak üçin has berk goralýan tebigy çäkleriň göwnejaý ulgamy netijeli işleýär. Degerli çäreleriň görülmegi netijesinde, Türkmenistanyň çäginde seýrek duşýan jandarlaryň we ösümlikleriň sany gaýtadan dikeldilýär.

Häzirki wagtda tebigaty goramak boýunça çäreleri amala aşyrmak arkaly toplanan tejribe, türkmen ylmynyň örän uly mümkinçilikleri babatda dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak baradaky konwensiýalarynyň birnäçesini tassyklap, boýun alan borçlaryny dolulygyna berjaý edýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda, ýagny ýurdumyzyň tebigaty goramak boýunça resminamalaryň tutuş toplumyna goşulan mahalynda tebigaty goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täzeden badalga berildi. Munuň özi häzirki döwürde ekologiýa degişli global meseleleriň çözülmegine işjeň çemeleşilýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistan tebigaty goramak boýunça ulgamda halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmegini ileri tutýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiki taýdan bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen konstruktiw teklipleri, hususan-da, suw gorlaryny aýawly goramak boýunça bilelikde işlemek baradaky teklibi halkara derejesinde giňden goldanyldy.

Täze Galkynyş eýýamy şanly wakalara baýdyr. Şunda hakykatdan-da, möhüm ähmiýetli, Türkmenistanyň täsin galdyrýan tebigatynyň köp görnüşliliginiň we owadanlygynyň aýawly saklanmagyna, tebigy baýlyklarynyň rejeli ulanylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen taslamalar ünsüňi çekýär. Şolardan biologik dürli-dürlüligiň we tebigy landşaftlaryň aýawly saklanmagyny, suw hojalygy boýunça ekologiýa gönükdirilen uly möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyny hem-de ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça Köpetdagyň eteklerinden başlap, Hazaryň ýakasyna çenli tutuş ýurdumyzy gurşap alan uly möçberli maksatnamany görkezmek bolar. Geljekde alternatiw energetika ulgamynda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, önümçiligi ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar esasynda döwrebaplaşdyrmak, tebigatdan oýlanyşykly we rejeli peýdalanmagyň nusgasy hökmünde syýahatçylyk we rekreasion taýdan uly potensialdan peýdalanmak bilen bagly mümkinçiliklere aýratyn bil baglanylýar.

Garagumda ähli ölçegler boýunça örän uly “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy ekologiýanyň ýagdaýyny gowulandyrmaga, ozal suw basan ýerleriň we öri meýdanlarynyň ýüzlerçe, müňlerçe gektaryny gaýtadan dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berýär. Merkezi Aziýa sebitinde suwuň her bir damjasynyň aýawly ulanylýandygyny göz öňünde tutup aýdanyňda bolsa, zeý suwlarynyň ulanylmagy suwlaryň ätiýaçlyk gorlarynyň ep-esli artdyrylmagyna ýardam berer. Ýer ýüzünde zeý suwlaryny dolandyrmak boýunça şunuň ýaly uly möçberli taslamalar häzire çenli amala aşyrylmandy. Şoňa görä-de ýurdumyz suw gorlarynyň alternatiw çeşmelerini gözlemek boýunça bütin dünýädäki herekete badalga berýär.

Täsin galdyrýan Kölüň gurluşygy suwarymly ýerler we olaryň daş-töwerekleri üçin örän oňaýlydyr, çünki munuň özi ýeriň hasyl berijiligini saklamagyň we artdyrmagyň, ýerasty suwlaryň derejesini ep-esli azaltmagyň hem-de çöllük we örän uly öri meýdanlaryň gaýtadan dolanyşyga girizilmeginiň netijeli usuly hasaplanýar. Hut Türkmen köli ozal çöldäki çöketliklere, şeýle hem Amyderýa akdyrylan zeý suwlar gaýtadan ulanmaga ýaramly görnüşe getirilýär. Galyberse-de, Türkmenistan sebitdäki ýurtlardan ilkinji bolup Merkezi Aziýanyň möhüm ähmiýetli suw çeşmeleriniň biri hasaplanýan Amyderýanyň suwunyň hilini gowulandyrmak ýaly möhüm ähmiýetli meseläni çözdi. Munuň özi ilkinji nobatda adamlaryň saglygy, ýaşaýyş üçin oňaýly ekologik ýagdaýyň döredilmegi barada içgin alada edilýändigini görkezýär. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň açylmagy daşky gurşawyň ýagdaýyna, şol sanda çölüň haýwanat dünýäsine degişli bolan oňurgaly jandarlaryň görnüşleriniň we sanynyň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Geljekde bu kölüň suwly ulgamy çölüň ýowuz howasynyň oňaýly bolmagyna täsir eder.

Bagy-bossanlyga bürenen giň ýerleriň döredilmegini öz möçberi we ekologiýa oňaýly täsiri boýunça Türkmen kölüni döretmek ýaly uly möçberli taslama deňemek bolar. Çünki şäherleriň, ilatly ýerleriň her biriniň daş-töwereginde tokaýly zolaklar emele gelýär, kanallaryň we derýalaryň, deňziň kenarlary bagy-bossanlyga bürelýär. Munuň özi jemgyýetde ekologik medeniýetiň ýokary derejededigini hem-de tokaý hojalygynyň diňe bir ykdysady görkezijiler arkaly däl-de, başga görnüşde-de peýda berýändigine adamlaryň düşünýändigini äşgär edýär. Eýýäm Aşgabadyň eteklerinde—Änewden Gökdepä çenli we ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda düýbi tutulan tokaý zolaklarda gözüň eglenýär, olar eroziýanyň döremegine päsgel berýär, toprakdaky suwy saklaýar we mikroklimaty gowulandyrýar.

Hut täze, döwrebap we ekologiýany ileri tutýan tehnologiýalar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Hazaryň täsin galdyrýan we ekologiýa taýdan has arassa diýlip hasaplanýan türkmen kenar ýakasynyň örän uly potensialy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döremegiň taslamasyny has netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak, täsin galdyrýan landşaftlaryň potensialyndan peýdalanmak, tebigatyň bu künjeginiň keşbini özgertmek arkaly, örän uly mümkinçiliklere eýe bolup durýan syýahatçylyk pudagyny batly depginler bilen ösdürýär hem-de we adam üçin oňaýly ýagdaýyň we tebigatyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny gazanmagyň nusgasyny görkezýär.

Oba ýerlerini hem özgertmek bilen bagly işiň esasy ugurlaryň birine öwrülmegi tebigy baýlyklaryň aýawly saklanmagyna oňaýly täsir edýär. Hususan-da, ilatly oba ýerlerini gazlaşdyrmak möhüm ähmiýetli çäre bolup durýar. Şonuň netijesinde sazak, arça tokaýlyklary täzeden köpelip ugrady.

Türkmen topragynyň gözelligini indiki nesiller üçin aýawly saklamak her bir türkmenistanlynyň borjy bolup durýar, çünki ata-babalarymyzyň toplan tejribesi hem-de Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir öz ýurdumyzyň däl-de, tutuş sebitiň tebigy baýlyklaryna aýawly garamak we tebigaty goramak boýunça üstünlikli ýöredýän syýasatynyň belent maksatlary muňa borçly edýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

syrach

Brent Kysymly Nebitiň Bahalarynyň Aşaklamagy Haýallady

Lebap Welaýaty Magdan Däl Gazylyp Alynýan Gurluşyk Materiallary Bazarynda Eýeleýän Ornuny Berkidýär