Türkmenistanyň ykdysadyýetinde erkin bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etdirmek hem-de ýurdumyzyň ähli sarp edijileri üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karar kabul etdi, oňa laýyklykda 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan tebigy gazyň bahasyny goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda şu möçberlerde bellemeli:
telekeçilik işi bilen meşgullanmaýan Türkmenistanyň raýatlary üçin mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 20 manat;
Türkmenistanyň çäginde ýaşamaga hukuk berýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen resminamasy bolan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we bosgunlar üçin sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 20 manat;
şu bölümiň ikinji we üçünji bentlerinde görkezilenlerden beýleki sarp edijiler üçin (daşary ýurt maýa goýumy gatnaşýan kärhanalardaky daşary ýurt maýadarlarynyň paýy hem-de Türkmenistanyň çäklerinde abatlaýyş-gurluşyk işlerini daşary ýurt pulundaky şertnamalar boýunça amala aşyrýan potratçy gurluşyk kärhanalary muňa girmeýär) sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 20 manat;
daşary ýurt maýa goýumy gatnaşýan kärhanalardaky daşary ýurt maýadarlarynyň paýy hem-de Türkmenistanyň çäklerinde abatlaýyş-gurluşyk işlerini daşary ýurt pulundaky şertnamalar boýunça amala aşyrýan potratçy gurluşyk kärhanalary üçin sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 50 amerikan dollary;
ýaşaýyş we beýleki käbir zerurlyklar üçin ilata mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän suwuklandyrylan gazyň
1 kg üçin – 20 teňňe.
Elektrik energiýasynyň bahasyny goşulan baha üçin salgyt hasaba alynmanda şu möçberlerde bellemeli:
býujetden maliýeleşdirilýän we olar bilen deňleşdirilen ýuridik şahslara 100 kWt sagady üçin – 3,31 manat;
döwlet eýeçiligine degişli hojalyk hasaplaşygyndaky ýuridik şahslara, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslara we telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslara 100 kWt sagady üçin – 6,28 manat;
Türkmenistanyň çäginde ýaşamaga hukuk berýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen resminamasy bolan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara we bosgunlara 100 kWt sagady üçin – 2,17 manat;
daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, öz işini Türkmenistanda bellige alnan wekilhanasynyň we şahamçasynyň üsti bilen amala aşyrýan ýuridik şahslara 100 kWt sagady üçin – 3,58 amerikan dollary;
daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna we şol döwletleriň döwletara, hökümetara, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryna, şeýle hem döwletara, hökümetara, halkara guramalaryna, olaryň Türkmenistandaky şahamçalaryna we hemişelik wekilhanalaryna 100 kWt sagady üçin – 3,31 manat;
telekeçilik işi bilen meşgullanmaýan Türkmenistanyň raýatlaryna mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän elektrik energiýasynyň 100 kWt sagady üçin goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda – 2,50 manat.
Guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, kärhanalar tarapyndan fiziki şahslara edilýän ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny şu möçberlerde bellemeli:
1 aýda suwdan mugt peýdalanmagyň möçberinden artyk peýdalanylan 1 m3 üçin – 50 teňňe;
1 aýda 1 inedördül metr ýaşaýyş meýdany üçin – 50 teňňe;
1 aýda 1 inedördül metr ýaşaýyş meýdanyny ýylatmak üçin – 10 teňňe;
1 aýda 1 adam üçin lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça hyzmatlar üçin – 40 teňňe;
ýolagçylary şäher ugurlarynyň wagty bellenen ýolagçy gatnawy düzgüninde awtobusda gatnatmak boýunça hyzmatlaryň bahalaryny:
bir gezeklik ýol petegi üçin – 50 teňňe;
pensionerlere bir aýlyk ýol petegi üçin – 1 manat;
mekdep okuwçylaryna bir aýlyk ýol petegi üçin – 2 manat;
1 aýda telefon üçin abonement tölegini goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda – 1 manat.