Paýtagtda gurulýan Tehnologiki merkez golaý wagtda ýurduň ylmynyň ösdürilmegine aýratyn itergi berer. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri doly tamamlandy diýen ýaly. Bu innowasiom ylmy-gözleg toplumyny iň häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün etmek, şeýle hem onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.
Bekrewe şäherçesinde ýerleşýän bu täze global ylmy gurluş ýurduň baş şäheriniň şahergurluşygy bilen utgaşyp gidýär. Milli ylmy toplum özüniň örän uly göwrümi we ähmiýeti bilen ylmy-gözleg edaralaryny okuw jaýlaryny, sergi meýdançalaryny, senagat desgalaryny, belli senagat kärhanalaryny, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi hem, işewürleri we ýurduň beýleki merkezlerini birleşdirer. Bu ýerde ähli zat göz öňünde tutulandyr. Meselem, alymlar Tehnologiki merkeziň çäklerinde özlerini halypaçylyk ýörelgelerini alyp barmak bilen, esasy ylmy işlerini geçirerler, talyplary we gözleg işlerini netijelerini ornaşdymak boýunça önümçilik işlerine IBI ýaş ilmy işgärlerini çekerler.
Iň öňdebaryjy we ylmy-inženerçilik pikirleri jemlejek geljekki ylmyň we ýokary tehnologiýalaryň merkeziniň baş maksady alymlaryň senagat-innowasion we maglumat tehnologiki häsiýetli esasy ugurlarda netijeli işlemeklerini, ylmy halypaçylyk hereketi, ýagny ylma ýaşlary we geljegi uly bolan gözlegçileri ylma işjeň çekmek üçin iň oňaýly şertler bilen üpjün eder,
Öz binagärlik çözgüdi boýunça bu ajaýyp ylmy toplum aýratyn täsir galdyrýar. Umumy meýdany 70 müň inedördül metr bolan giň çäklerde we alty gatly Tehnologiki merkezde, şol sanda wiwarium, sergi zaly, syna bölümi, ýyladyşhana, meteostansiýa, muzeý, ylmy-barlag bölümleri göz öňünde tutulandyr. Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň zerurlyklary bilen gönüden-göni bagly ylmy ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça iň häzirki zaman barlaghana enjamlary bilen üpjün edilen giden bir topluma aýratyn orun degişlidir.
Meselem, Merkezi barlaghanada islendik himiki we biologiki barlaglary geçirmek, ýurduň barlaghanalary we kärhanalary tarapyndan buýurmalar esasynda zerur işleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Dermanlyk serişdeleriniň tehnologiýasyny öndürmek boýunça barlaghana dermanlyk ösümliklerini we olary öndürmegiň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak üçin niýetlenendir.
Nanatehnologiýa barlaghanasy nanoderjede barlaglary geçirmek üçin niýetlenen täze kompozit, polimer, elastromer materiallary, ýarym geçirijileri, nanotrubkalary almagy nazarlaýar. Barlaghanada öz okuw-praktiki otagy, ajaýyp ölçeg abzallary bardyr.
Indiki barlaghana bolsa geografiki maglumatlar ulgamydyr. Bu ýerde oba hojalyk, geologiýa, geografiýa, arheologiýa ulgamlarynda ulanmak üçin ýöriteleşdirilen kartany döretmek göz öňünde tutulýar.
Täze materisllaryň sintez tehnologiýalary barlaghanasy sintez arkalay tebigy ýerli çig maldan täze bäsleşige ukyply materiallary döretmäge, şeýle hem nebit we gaz ulgamynda barlaglary geçirmäge ylmy işlere hyzmat eder.
Howanyň, suwuň we ýeriň ekologiki momitoringini geçirmek üçin, ilatyň ekologiki howpsuzlygyny üpjün etmek üçin tebigy gurşawy goramagyň tehnologiýasy barlaghanasy döredildi. Ol radiýasiýanyň derejesini we beýleki gerek bolan ylmy ölçegleri kesgitlemek üçin ýörite has takyk tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.
Tehnologiýalar merkeziniň işinde biotehnologiýalar barlaghanasyna aýratyn orun degişlidir. Ol hususy ýyladyşhanasyna we wiwaruma eýe bolar. Onuň binýadynda gen inženeriýasyny we molekulýar biologiýasy usulyny ulanmak bilen, farmasewtiki, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ulgamlary üçin barlaglar geçiriler.
Barlaghana toplumlar ulgamyna önümçiliuk we energiýany tygşytlylyk tehnologiýalary barlaghanasy hem girýär. Bu ýerde, onuň atlandyryşyna laýyklykda, energiýanyň alternatiw çeşmesiniň önümçiligi we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak ulgamlarynda gözlegler geçiriler.
Tehnologiýalar barlaghanalarynyň sanawyny azyk dowam etdirýär. Bu ýerde azyk önümleriniň ekologiki taýdan howsuzlygynyň monitoringini geçirmek, genetiki modifisirlenen azyk önümlerini kesgitlemäge mümkinçiligi bolan täze azyk tehnologiýalaryny döretmek ulgamynda gözlegleri geçirmek, biologiki taýdan işjeň elementleri tapawutlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Öz barjaghana-tejribe, belli bir derejede önümleriň görnüşleriniň tejribe nusgalaryny taýýarlamak üçin synag merkezini döretmek hem göz öňünde tutulýar. Ol metaly we beýleki materiallary gaýtadan işlemek üçin iň täze tokar we frezer stanoklary bilen üpjün ediler.
Bu günki gün biziň ýurdumyzyň innowasiom ylmy-tehniki toplumynyň bölümleriniň ählisinde ony tehniki taýdan üpjün etmek üçin depginli işler alnyp barylýar, biziň ýurdumyzyň ylmy durmuşyny ösdürmek üçin örän uly we zerur gurluşda Milli tehnologiki merkeziniň geljegi uly bolan ugurlarynyň ylmy-barlag işlerine iň döwrebap tehnologiýalar çekilýär.