Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Maslahata telekeçiler, paýtagtymyzdaky käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek baradaky kabul edilen çözgüdiň wajypdygyny bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň baý milli mirasyny gorap saklamak, artdyrmak we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol mirasyň aýrylmaz bölegi türkmen alabaýydyr.
Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bu ugurda giň gerimli işleriň geçirilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» diýen işi aýratyn ähmiýete eýe bolýar, kitapda awtor bu tohumyň aýratynlyklaryny içgin öwrenmäge, gorap saklamaga çagyrýar. Döwlet Baştutanymyz öz eserinde köp ýyllyk barlaglar, pikir ýöretmeler, türkmen alabaýy baradaky taryhy we edebi maglumatlary umumylaşdyrypdyr. Onda hormatly Prezidentimiziň itleriň bu tohumyny köpeltmegiň milli däplerini çuňňur bilýändigi, şeýle hem bu ugra degişli nakyllarda, atalar sözlerinde we beýlekilerde öz beýanyny tapan köp sanly halk parasady beýan edilýär.
Çykyş edenler kitabyň baý mazmunynda asyrlaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolan alabaýlara hormatly Prezidentimiziň mähriniň hem-de ýakymly duýgularynyň äşgär edilýändigini bellediler.
Akyly, edermenligi, ýokary düşünjeliligi, duýgurlygy, çydamlylygy, ajaýyp gorag başarnyklary, şeýle hem doly ynamdarlygy hem-de ynsana wepalylygy bilen tapawutlanýan alabaýlaryň milli gymmatlyk hökmünde özüne sarpa goýulmagyny gazanandygy nygtaldy. Munuň mysallarynyň biri hökmünde «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegini görkezip bolar.
Assosiasiýanyň döredilmegi bilen türkmen alabaýlaryny köpeltmek boýunça işler täze derejä çykarylar, munuň özi olary terbiýelemäge we saklamaga has çuňňur aralaşmaga giň mümkinçilik berer. Assosiasiýanyň döredilmegi ýurdumyzda itleriň bu şöhratly tohumynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga, olary köpeltmäge hem-de gorap saklamaga ýurdumyzda ägirt uly ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Bularyň ählisi tejribeli hünärmenleriň öňünde-de, ýaş itşynaslaryň öňünde-de durýan ençeme möhüm wezipeleri oňyn çözmäge, şol sanda bu tohumyň aýratyn gymmatly taraplaryny ösdürmäge, bu işlerde itleri köpeltmegiň gadymy däplerini ulanmaga, şeýle hem tejribe toplamaga we olary alyşmaga mümkinçilik berer.
Umuman, pudagy ösdürmek barada aýdylanda, geçen ýylyň sentýabr aýynda alabaýlaryň tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barmaga, olary saklamaga we köpeltmäge niýetlenen «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylandygyny bellemek gerek.
Şunuň bilen bir hatarda, şu gün — 7-nji maýda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň weterinar bejerişhanasyny hem-de öý haýwanlaryny saklaýan täze toplumy ulanmaga bermek dabarasy geçirildi.
Bu ýere ýygnananlar bu desganyň türkmen hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilendigini aýratyn belläp, ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmek baradaky aladalary we berýän ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür, beýik işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde kiçi we orta telekeçilige möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň telekeçileri ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gatnaşýarlar, dürli maksatly iri desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar, ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrýarlar we görnüşlerini giňeldýärler, azyk bolçulygyny üpjün edýärler, Watanymyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna goşant goşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň has netijeli ýoludygyny belleýär. Bu bolsa ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň ugurlarynyň we ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini, olaryň giň gerimli maýa goýum taslamalaryny we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny şertlendirýär.
Milli Liderimiz hususy işewürligiň wekilleriniň işine, olaryň iri şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyna ýokary baha berip, döwletimiziň mundan beýläk-de olara hemmetaraplaýyn kömek berjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň uly üns bermegi netijesinde hususy işewürligiň wekilleri uly üstünlikleri gazanýarlar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmelerini işjeň durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edilen döwrebap ýyladyşhana toplumlary, maldarçylyk we guşçulyk hojalyklary, oba hojalyk önümlerini saklamak üçin täze desgalar açyldy. Mundan başga-da, türkmen işewürleri durmuş meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşýarlar, ýaşaýyş jaýlaryny, täze obalary we şäherçeleri gurýarlar. Häzirki wagtda TSTB-niň agzalary bahasy ençeme millionlyk gurluşyk taslamalaryny amala aşyrýarlar.
Hususy kärhanalaryň hünärmenleriniň tagallalary bilen saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalary, täze mekdepler, çagalar baglary ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň telekeçileri paýtagtymyzyň şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga hem işjeň gatnaşýarlar.
Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde «Türkmen alabaý itleri» merkezlerini gurmak baradaky teklibi beýan edildi. Bu işiň hususy gurluşyk kärhanalaryna tabşyrylýandygy baradaky habar ýygnananlar tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Mundan başga-da, täze weterinar bejerişhanalary gurlar.
Ýurdumyzyň telekeçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz işlerine berýän ünsi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda guruljak «Türkmen alabaý itleri» merkezleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyz bolan türkmen alabaýlaryny mundan beýläk-de wagyz etmekde hem-de olaryň şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm orny eýelejekdigi nygtaldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine ünsi çekip, meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hilli we bellenen möhletinde ýerine ýetiriljekdigine milli Liderimizi ynandyrdylar. TDH