Türkmen paýtagtynda mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygynyň şanyna täze binalaryň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guralýan dabaralar dowam edýär. Şu gün “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu häzirki zaman telekommunikasion desganyň açylyşyna bagyşlanan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ägirt uly inženerçilik-tehniki desga paýtagtymyzyň günorta-günbatarsynda, Köpetdagyň dag gerişlerinde guruldy. Ol paýtagtymyzyň ähli künjeginden we onuň töwereginden seleňläp görünýär. Bu çylşyrymly hem-de şol bir wagtyň özünde özboluşly binany Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Türkiýäniň belli “Polimeks” kompaniýasy gurdy. “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň ulanmaga tabşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekommunikasiýa we aragatnaşyk pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga hem-de ony ösdürmäge, pudaga iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Bu döwrebap taslamanyň başlangyjyny öňe süren döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telewideniýesiniň we radiosynyň işiniň kämilleşdirilmegini, ýokary halkara ülňülerine we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän degişli pudaklaýyn düzümini kemala getirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu ajaýyp binanyň gurulmagy hem-de onda teleradioýaýlymlaryň döredijilik toparlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň bu ulgamy ösdürmek barada edýän tagallasynyň aýdyň netijesidir.
Täze teleradioýaýlymlar merkeziniň binagärlik aýratynlygy barada aýdylanda bolsa, onuň özboluşly daşky bezege eýe bolmagydyr. Ägirt uly sekizburçly ýyldyzyň şekili binanyň esasy aýratynlygydyr. Ol iki tarapdan ýörite berk aýnalar bilen örtülipdir. Binanyň bu ýyldyz şekildäki bölegine günüň şöhleleri düşüp, ol uzaklardan görünýär. Agşamlaryna bolsa ýörite çyralar bilen yşyklandyrylýar. Bu bolsa topluma gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. Merkeze tarap umumy uzynlygy 10,5 kilometre barabar bolan halkara ülňülerne doly laýyk gelýän ulag ýoly çekilipdir. Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Merkeziň öňündäki meýdançada özboluşly suw çüwdürimler toplumy bar. Merkeze gelýän adamlar üçin onuň girelgesinde oňaýly eýwan bar. Mundan hem başga ýapyk we açyk awtoduralgalar gurlupdyr. Olar degişlilikde 162 we 20 ulaga niýetlenendir.
Paýtagtymyzdaky täze teleýaýlymlar merkezi diňe bir iri desgalaryň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol iň beýik binalaryň biridir. Şeýlelikde, bu täsin desga biziň ýurdumyzyň we Aşgabadyň özboluşly bezegine öwrüldi hem-de Türkmenistanyň täze Galkynyş eýýamynda döredijiligiň hem-de ösüşiň belentliklerine tarap okgunly ösüşini alamatlandyrdy.
Säher bilen “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Bu ýerde ähli zat dabaranyň başlanmagyna taýýar edildi. Şu günki şanly waka mynasybetli täze mekreziň ýanyna ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, habar beriş serişdeleriň, Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda teleradioýaýlymlaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we talyp ýaşlar hem bar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül dessesini gowşurdylar. Döwlet Baştutany täze teleradioýaýlymlar merkeziniň öňündäki meýdança barýar.
Dabara milli telewideniýäniň we radionyň işgärleri tarapyndan taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen başlanýar. Däp boýunça salam berlip, türkmen radiosynyň hemmelere tanyş bolan giriş sazy we soňra “Watan” telewizion habarlar gepleşiginiň ilki başdaky sazy ýaňlanýar we munuň özi döwürleriň arabaglanyşygynyň we nesilden-nesle geçmeginiň saklanyp galmagynyň özboluşly alamaty öwrüldi.
Teleradioýaýlymlar merkeziniň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Onda tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler, telewideniýäniň we radionyň döredijilik işgärleri edebi sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Dabaraly pursat ýetip geldi. Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň toý bagyny kesýär. Şeýlelikde, täze bina açyldy.
Döwlet Baştutanymyz ýokary hilli tele we radio gepleşikleri taýýarlamaga hem-de ýaýlyma bermäge mümkinçilik berýän we iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen toplumyň içine girýär. Ozal bellenilişi ýaly, bu ýerde ýokary hilli gepleşikleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Tehniki studiýalar, iş otaglary we beýleki gulluk hem-de tehniki jaýlar iň öňdebaryjy tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Teleradio merkeziň umumy beýikligi 211 metr bolup, onuň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryna doly gabat gelýän 38 metr beýiklikdäki antennasy adaty we sazly gepleşikleri ýaýlyma bermäge mümkinçilik berýär. Ol ýöritleşdirilen gurnama arkaly seýsmiki şertlerde deňagramlylygy saklap bilýär. Onuň töwerekleýin tutýan meýdany 100 kilometre barabardyr.
Toplumyň binagärlik aýratynlygy barada aýdylanda, onuň özboluşlylygyny, düýpleýinligini, onuň binadynyňy üstündäki gurnamanyň derejeleriniň täsinligini bellemeli. Binanyň bäş gatdan ybarat bolan göwrümi merkeziň esasyny düzýär. Ol aşakdan ýokarlygyna tarap inçelip gidýär. Altynjy we ýedinji gatlaryň esasy binýady Oguzhanyň ýyldyzynyň şekilindäki bölek bilen birigýär we bir bölekden beýleki bir bölege bolan geçelgäni ýeňilleşdirýär. Binanyň esasy göwrümi 31 gatdan ybarat bolup, onda studiýalardan we beýleki dürli ähmiýetli ýörite jaýlardan başga-da, edara otaglary, naharhana, çaýhana, işgärler üçin dynç alyş otagy bar. 29-njy gatda bolsa aýlanýan restoran ýerleşýär. Ol ýerden paýtagtymyzyň we onuň töwerkeleriniň gözelligi görünýär. Tele radio merkeziň syn ediş meýdanyndan Aşgabadyň hem-de Köpetdagyň gözelliklerine, dag-derelere syn etmek bolýar. Şeýle hem binada ýokary tizlikli liftler hereket edýär.
Merkeziň enjamlaşdyrylyşy hem ýokary derejede. Bu ýerde iň ýokary talaplara laýyk gelýän telearagatnaşyk tilsimatlary oturdylypdyr. Iň häzirki zaman telewizion we radio enjamlary, şol sanda kabul ediş we geçiriji ulgamlar, montaž otaglary, bezeg otagy, telekameralar, şeýle hem yşyklandyryş, ses ulgamlary hem-de iň döwrebap tehniki enjamlar merkeziň işiniň netijeliligini şertlendirer. Mundan hem başga, teleradio merkeziň göçme telewizion stansiýasy (GTS) bolup, ol ähli zerur bolan tehniki serişdeler bilen üpjün edilipdir. Žurnalistler GTS-iň kömegi arkaly wakanyň bolýan ýerinden gyssagly gepleşikleri taýýarlap we ýaýlyma berip bilerler.
Türkmenistanyň Prezidenti eýwana bardy, bu ýerde goýlan uly monitorlaryň birnäçesi arkaly täze teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşygynyň nähili ýagdaýda alnyp barylandygyny beýan edýän ýazgylar görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 600 inedördül metr meýdany bolan we iň täze enjamlar bilen üpjün edilen studiýa tarap barýar. Bu ýerde milli Liderimizi milli telewideniýäniň teleýaýlymlarynyň ýolbaşçylary we işgärleri garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde milli telewideniýämiziň hasap boýunça altynjy we türkmen paýtagtynyň adyny alan täze ýaýlymda görkeziljek gepleşikleri we beýleki şowhunly çykyşlary taýýarlamak işlerine ak pata berýär. Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde hünärmenler üçin döredilen şertler bilen tanyşýar we studiýanyň enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berýär. Bu ýerde täze oturdylan ýörite enjamlaryň aýratynlyklary we olaryň işleýiş tertibi bilen jikme-jik gyzyklanyp, döwlet Baştutanymyz ýokary hilli we çuň mazmunly gepleşikleri taýýarlamak maksady bilen, tehnikalaryň doly güýjünde işledilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de taýýarlanylýan gepleşikleriň çeperçilik we mazmun taýdan hem-de köp dürlüligi bilen tapawutlanmalydyr, olaryň görnüşleri, sesiniň berlişi ýokary hilli bolmalydyr diýip nygtady. Hut şonuň üçinem bu ýerde işleýän işgärleriň ýokary hünär ussatlygynyň bolmagy hem-de olaryň öňde goýlan wezipelere döredijilikli çemeleşmekleri zerurdyr diýip, milli Liderimiz- aýtdy. Şeýle hem “Aşgabat” teleýaýlymynyň gepleşikleriniň tertibi düzülende olaryň tomaşaçylar üçin örän gyzykly bolmagy üpjün edilmelidir diýip, döredijilik igärlerine tabşyrdy hem-de olara işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Teleýaýlymyň işgärleri öz gezeginde döwlet Baştutanymyza milli telewideniýämizi ösdürmek hakda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, gujur-gaýrytyny, yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti lift bilen, dördünji gata çykdy hem-de 250 orunlyk mejlisler zalyna bardy, bu ýerde dabara gatnaşyjylar ýygnandylar. Hemmeler ör turup,şowhunly el çarpmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlar ýüzlenip, hemmeleri ýetip gelýän ählihalk baýramy – ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy, şeýle hem täze «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutany berkarar ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenip geçilýän ýylynda eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şatlykly wakalara beslenýändigini belledi. Bu baýram mynasybetli her gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze, döwrebap zawodlar, fabrikler, ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki köp sanly desgalar dabaraly açylyp, ulanmaga berilýär. Bu bolsa biziň döwletimiziň ykdysady taýdan yzygiderli ösýändiginiň subutnamasy bolmak bilen, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga uly üns berýändigimize hem aýdyň şaýatlyk edýär. Biz ýurdumyzda ähli işlerimizi öz halkymyz üçin, onuň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna amala aşyrýarys. Biziň gyşarnyksyz hem-de yzygiderli alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady hem şu wezipelerden ugur alýar.
Milletiň Lideri ine, şu gün hem biz ak mermere beslenen ajaýyp paýtagtymyzda täze «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezini dabaraly açyp, ulanmaga berýäris diýip aýtdy. Bu desganyň Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň uly dabaralara beslenip bellenýän ýylynda işe girizilmegi ýurdumyzda teleradioýaýlymlar hem – de telearagatnaşyk ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde ädilen nobatdaky möhüm ädimdir. Bu desga ak mermere beslenen paýtagtymyzyň iň gözel binalarynyň birine we özboluşly bezegine öwrüler. Bu ägirt uly inžener-tehniki desganyň ? telewizion diňiniň beýikligi 211 (iki ýüz on bir) metr bolup, ol gözel paýtagtymyz Aşgabadyň we onuň töweregindäki obadyr şäherçeleriň ähli ýerinden görünýär. Telewizion diňiniň ähli içki otaglarynyň umumy meýdany 60 müň inedördül metrden gowrakdyr. Teleradioýaýlymlar merkezi gepleşikleri sanly usul arkaly alyp görkezmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, bu ýerde žurnalistleriň, režissýorlaryň, operatorlaryň, diktorlaryň we gepleşikleri alyp baryjylaryň netijeli işlemekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir. Bu bolsa, merkeziň işgärlerine öz öňlerinde duran belent we jogapkärli wezipeleri üstünlik bilen çözmäge mümkinçilik berer diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti «Polimeks» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja minnetdarlyk bildirip, bu kompaniýanyň örän çylşyrymly desganyň gurluşygynda biziň ähli isleglerimizi, milli medeniýetimiziň aýratynlyklary bilen doly utgaşydyryp, bu toplumy oňat hilli gurmagy başarandygyny aýtdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp desganyň işe girizilmegi bilen baglylykda, resminamalaryň birnäçesine ( «Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetini döretmek hakyndaky» Permana we bu Komitetiň meseleleri baradaky Karara gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň günortasynda, Köpetdagyň etegindäki belentlikde gurlan telewizion minaranyň „Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi diýlip atlandyrylýandygy hakyndaky Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanynyň bu çözgütlerini ýygnananlar şowhunly el çarpmak arkaly oňladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetininiň başlygynyň wezipesine şu pudakda öňden bäri ýolbaşçy wezipelerde işläp gelýän Ş. Alowowy belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany O. Hojanazarowy täze «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Telewideniýäniň we radioýaýlymlaryň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň düzüminden bölünip aýrylýandygy bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Medeniýet ministrligini döretmek hakyndaky» Permana we «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň meseleleri hakyndaky» Karara gol çekdi. Döwlet Baştutany medeniýet ministri wezipesine G.Myradowy, şu ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň wezipesine bolsa A. Şamyradowy belledi.
Milletiň Lideri Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň täze bellenen ýolbaşçylarynyň milli teleradioýaýlymlar ulgamynyň işini talaba laýyk we netijeli guramagynyň örän möhümdigini belläp, munuň üçin bolsa, bu ulgamyň döredijilik işgärleriniň hünär taýýarlygynyň we ussatlygynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Teleradioýaýlymlar merkezinde ornaşdyrylan iň täze telearagatnaşyk we beýleki enjamlary göwnejaý işletmek, şeýle hem teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişini has-da giňeltmek maksady bilen, täze açylýan «Aşgabat» we «Sport» ýaýlymlarynyň işini hem talaba laýyk ýola goýmak zerurdyr. Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, täze telewizion we radio gepleşikler taýýarlananda ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ussatlyk bilen ulanmak, paýtagtymyzyň sport meýdançalarynda geçirilýän dabaraly çäreleri, sport ýaryşlaryny göni alyp görkezmegiň usullaryny özleşdirmek gerek diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Teleradioýaýlymlar merkeziniň işgärleriniň syýasy we ideýa-çeperçilik taýdan ýokary hilli, many-mazmuna baý, bezeg aýratynlyklary, görkeziliş usullary bilen tapawutlanýan köp sanly täze, täsirli we örän gyzykly gepleşikleri taýýarlap, tomaşaçylaryň we diňleýjileriň göwünlerinden turup, olaryň şatlygyna-şatlyk goşjakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutany bu gepleşiklerde ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady we ýaşaýyş-durmuş özgertmeleri, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary ( filosofiki pikirleri, estetiki garaýyşlary we ahlak kadalary ýokary hilli, çeper beýanyny tapmalydyr diýip nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn-da, Täze galkynyş eýýamynda Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň belentden wasp edilmelidigini belledi.
Telewideniýäniň we radionyň işgärleri taýýarlaýan gepleşiklerinde ýurdumyzyň durmuşyndaky täze we öňdebaryjy ýörelgeleri giňden wagyz etmelidirler, adamlary tolgundyrýan möhüm meseleleri gozgap, olary çözmegiň ýollaryny teklip etmelidirler. Türkmenistanyň Prezidenti telewideniýäniň we radionyň hem, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly, jemgyýetçilik aň-düşünjesini kemala getirmekde we ösdürmekde, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmekde ähmiýetiniň barha artýandygyny nazara almak bilen, döwletimiz bu ulgamlara mundan beýläk-de zerur bolan kömegi bermäge, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylary ýetip gelýän ählihalk baýramy – mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy, şeýle hem täze «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, hemişe ruhubelentlik, ylhamynyň gaýnap joşmagyny, bagtyýar durmuşda ýaşap, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda täze, ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly waka barada ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň gepleşikleriniň ýazgy edilýän studiýasyna bardy. Şu pursatda bu ýerde körpeler üçin niýetlenen gepleşik ýazgy edilýär. Oňa gatnaşýan körpeler we gepleşigiň alypbaryjysy milli Liderimize şunuň ýaly döwrebap binany gurup berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz gepleşige gatnaşýan körpeler bilen söhbetdeş bolup, olaryň taýýarlyk görülşleri, geljekki meýilleri bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem gepleşige gatnaşýan körpelere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyz gepleşigi taýýarlaýjylara, oňa gatnaşyjylara döredijilik üstünliklerini arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň habarlar gepleşikleriniň taýýarlanýan studiýasyna bardy. Milli Liderimiz bu ýerde döwlet durmuşyna degişli möhüm maglumatlar esasynda taýýarlanylýan gepleşigiň ýaýlyma berlişi, onuň çeperçilik derejesi bilen gyzyklandy. Gepleşigi taýýarlaýjylar we alyp baryjy öz işleri barada aýdyp, hormatly Prezidentmize özleri üçin edýän yzygiderli aladasy hem-de döredilýän ýokary derejeli şertler üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz “Miras” teleýaýlymynyň gepleşikleri ýazgy edýän studiýasyna baryp gördi hem-de studiýanyň enjmlaşdyrylyşy we ol ýerde iş şertleriniň döredilişi bilen gyzyklandy. Şonda milletiň Lideri türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä giňden ýaýmakda bu ýerde taýýarlanylýan gepleşikleriň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada aýtmak bilen, onda işleýän döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämillik derejesini ýokarlandyrmak, gepleşikleriň hilini has-da gowulandyrmak babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu ýerde täze gepleşigi ýazgy etmäge gatnaşýan žurnalistler, režissýorlar we gepleşigiň myhmanlary şunuň ýaly iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen studiýany sowgat berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Ýeri gelende aýtsak, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň dördünji gatynda wirtual studiýa gurnaldy, ol wirtual bezegleriň, anyk wideoýazgylar bilen utgaşdyrylýan dürli görnüşdäki wizual we audio-usullaryň kömegi arkaly, telewizion gepleşikleriň islendik görnüşlerini döretmäge mümkinçilik berýär.
Soňra milli Liderimiz bu ýerden çykyp, binanyň 29-njy gatyna galdy. Ol ýerde merkeziň halkalaýyn aýlanýan restorany ýerleşýär. Döwlet Baştutanymyz restoranyň enjamlaşdyrylyşy we bezegi bilen tanyşdy. Bu ýerde milli binagärlik aýratynlyklary bilen häzirki zaman ýörelgeleri ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Restoranyň hyzmatyndan peýdalanýanlar üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Restoranyň esasy aýratynlygy bolsa onuň guş uçar belentlikde ýerleşýänligidir. Bu ýerden türkmen paýtagtynyň ajaýyp keşbi we tebigatyň gözellikleri eliň aýasynda ýaly görünýär. Onuň aýlanyp durmagy bolsa daş-töweregiň gözelliginden lezzet almaga mümkinçilik döredýär.
Hormatly Prezilentimiz restoran bilen tanyşlygyň barşynda bu ýere gelýänlere medeniýetli hem-de ýokary derejeli hyzmatyň ýola goýulmagynyň zerurdygyny belledi.
Ýeri gelende aýtsak, Merkeziň 30-njy gatynda synlamak üçin niýetlenen meýdança bar. Bu ýerden ak mermere beslenen Aşgabadyň ajaýyp şekili, onuň özgerýän binagärlik keşbi görünýär. Şu ýerden paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň gerimine, onuň ösüş depginlerine, tutuş ýurdumyz boýunça alnyp barylýan özgertmeler syýasatynyň aýdyň netijelerine göz ýetirmek bolýar. Şeýle hem syn ediş meýdanasyndan gojaman Köpetdagyň dag gerişlerine, ajaýyp giňişliklerine, ruhuňy göterýän gözel jülgelerine syn etmek mümkinçiligi bar.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi bilen tanşyp, bu ýerden çykdy.
Döwlet Baştutanymyz toplumdan çykyp, merkezi göçme telewizion stansiýa we teleradioýaýlymlar merkeziniň ygtyýaryndaky beýleki awtoulaglary synlady hem-de olaryň üpjün edilişi we hünärmenleriň iş şertleri bilen tanyşdy. Döwrebap derejede enjamlaşdyrylan tehnikalar ähli zerur bolan tilsimatlar bilen doly üpjün edilip, olar wakanyň bolýan ýerinden, dürli çäreleriň, hususan-da, sport bäsleşikleriniň geçýän ýerlerinden gepleşikleri taýýarlamaga hem-de göni ýaýlyma çykmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem täze stansiýa dürli künjeklerde telewizion gepleşikleri taýýarlamak üçin niýetlenendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwrüň tehniki talaplaryna we halkara ülňülerine doly laýyk gelýän täze ýörite tehnikalaryň milli telewideniýäniň işgärlerine ýokary hilli gepleşikleri taýýarlamaga hem-de ony alyp görkezmäge ýakyndan ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, ýurdumyzyň telewizion we radio ýaýlymlarynyň döredijilik toparlaryna üstünlik arzuw etdi we bu ýerden dikuçarda ugrady.
Döwlet Baştutanymyz dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklara syn etdi we Aşgabadyň esasy ýollarynyň biri bolan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde paýtagtymyzda giň möçberli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde Aşgabadyň binagärlik keşbi düýpli özgerýär, täze ýollar çekilýär, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenýär, döwrebap seýilgähler toplumy emele gelýär, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamlary işe girizilýär.
Milli Liderimiz dikuçardan paýtagtymyzda şäher gurluşyk—binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşlygynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazowa Aşgabatda meýilleşdirilýän maksatnamalaýyn gurluşyklaryň we ähli taslamalaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi hem-de desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy ugrunda ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň dikuçary ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministriliginiň ýokary okuw mekdebiniň ýanyndaky meýdança gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyza raport berdi.
Milli Liderimiz raporty kabul edip, ýygnananlara işlerinde üstünlikler arzuw edýär we bu ýerden ugraýar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm