8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Teneçir

Onuň daşky keşbi kejebä çalym edýär. Şaýyň ýerligi kümüşden ýasalyp, ýüzüne bolsa gyzyl çaýylýar. Oňa bir ýa-da üç hakyk gaşy oturdylýar. Ýüzi bolsa ýokardan aşaklygyna goýberilen birnäçe «çybyk», «bugdaý» ýaly nagyşlar bilen bezelýär.
Teneçir – gyzlaryň we gelinleriň çekge tarapyndan tahýanyň, börügiň etegine dakylyp, gulaklarynyň, dört örüm saçlarynyň üstünden ýokardan aşaklygyna goýberýän şelpeli şaýdyr
Zergärçilik bilen meşgullanan ata-babalarymyz milli şaý-seplerimize dürli ösümlikleriň, gadymy taryhymyza degişli bolan keramiki gaplardaky janly-jandarlaryň şekillerini siňdiripdirler. Görnüşi boýunça kiçeňräk bolany üçin gürrüňini eden bezeg şaýymyza teneçir diýip at beripdirler.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Türkmen-German Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

turkmenhabargullugy

Ýurdumyzyň Sebitlerinde 800 Müň Inedördül Metr Ýaşaýyş Jaýlary Gurulýar

turkmenhabargullugy

Awaza Milli Syýahatçylyk Zolagy

syrach