13.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Termezde Maslahat Geçirildi

2015-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Türkmen medeniýet merkeziniň Surhandarýa bölüminiň guramagynda Termez döwlet uniwersitetinde “Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň türkmen-özbek hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryna oňyn täsiri” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Surhandarýa welaýat häkimliginiň wekili, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi, Termez döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary, mugallymlary we bu uniwersitetde bilim alýan türkmenistanly we ýerli talyplar hem-de Termez şäherinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi çykyş edip, ol Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy astynda ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler baradaky maglumatlary çärä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.

Çykyşlarda asyrlaryň dowamynda türkmen-özbek halklarynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine yzygiderli goşan goşantlary, özara dostlukly gatnaşyklary, dil we taryhy umumylyklary, medeniýet dessurlarynyň ýakynlyklary barada giňişleýin gürrüň edildi. 

Maslahatyň resmi bölegi tamamlanandan son, Termez şäherinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleriniň we Termez döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary görkezildi.

Degişli makalalar

Prezidentimiziň Täze Kitabynyň Tanyşdyryş Dabarasy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy Şäheriniň Halkara Howa Menzilinde Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi