17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Te­bi­gatyň jan­ly dün­ýä­si

Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta-gün­ba­tar ta­ra­pyn­da dag ete­gi­niň gö­zel kün­je­gi bo­lan Gök­de­re­de ýur­du­myz­da il­kin­ji zoo­lo­gi­ýa top­lu­my­nyň — Jan­ly te­bi­ga­tyň mil­li mu­ze­ýi ga­py­la­ry­ny giň­den aç­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len gur­lan bu top­lum türk­me­nis­tan­ly­lar we ýur­du­my­za gel­ýän da­şa­ry ýur­ly myh­man­lar üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy.

Gök­de­re­de gur­lan bu mu­zeý hal­ky­my­zyň, esa­sa­nam ýaş­la­ryň jan­ly te­bi­ga­ty­nyň aja­ýyp we syr­ly dün­ýä­si­ne ara­la­şyp, ola­ryň te­bi­ga­ta bo­lan söý­gü­si­ni has hem art­dyr­ma­ga ýar­dam eder. 40 gek­tar meý­dan­da gur­lan mu­zeý­de te­bi­ga­tyň tä­sin jan­dar­la­ry­nyň, şol san­da süý­dem­di­ri­ji­le­riň, guş­la­ryň, süý­re­ni­ji­le­riň, ba­lyk­la­ryň we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň üç mü­ňü­si bar.

Bu jan­dar­la­ryň hem­me­si­niň te­bi­gy ýa­şaý­şy göz öňün­de tu­tu­lyp ge­rek­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Zoo­top­lum üçin te­bi­gy taý­dan has amat­ly bo­lan bu ýe­riň saý­la­nyp alyn­ma­gy hem ýö­ne ýer­den däl­dir. Dag ho­wa­sy we gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­gy land­şaft jan­dar­la­ryň ýa­şaý­jy üçin amat­ly şert dö­red­ýär. Top­lu­myň çäk­le­rin­de gur­lan zoo­lo­gi­ýa se­ýil­gä­hi bol­sa hal­ka­ra ül­ňü­le­re do­ly ga­bat gel­ýär.

Da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­lan bu ýer­de myh­man­lar dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­den ge­ti­ri­len jan­dar­la­ryň köp san­ly­sy­ny syn­la­ma­ga, ola­ryň tä­sin dün­ýä­si, ösü­şi bi­len bag­lan­şyk­ly mag­lu­mat­lar al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di­lip­dir.

Da­ba­ra­ly ýag­daý­da ge­çi­ri­len açy­ly­şa Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň ag­za­la­ry, Mej­li­siň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, te­bi­ga­ty go­ra­ýyş dü­züm­le­ri­niň, hä­kim­lik­le­riň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we mis­si­ýa­la­ryň baş­tu­tan­la­ry, giň jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri we paý­tag­ty­my­zyň okuw­çy ýaş­la­ry gat­naş­dy­lar.

Bu tä­sin dün­ýä­de dü­ýe­guş­lar, dur­na­lar, ör­dek­ler, guw­lar, gäw­miş­ler, ak kerk­ler, zeb­ra­lar, ži­raf­lar, iki ör­küç­li dü­ýe­ler, ýy­lan­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri, ýol­bars­lar, ala­ja bars­lar, gap­laň­lar, çal to­ty guş­la­ry, ta­wus­lar, sül­gün­ler, af­ri­kan an­ti­lo­pa­la­ry, la­ma­lar, buý­ra şah­ly ge­çi, dag goç­la­ry, su­gun, sa­ry­ja go­ýun­lar, ken­gu­ru, je­ren­ler we beý­le­ki haý­wan­lar bar. Me­ge­rem dün­ýä­niň dür­li ýer;erin­de, dür­li şert­ler­de ýa­şa­ýan jan­dar­la­ryň hem­me­si­ni bir ýer­de gör­mek hem­me­ler üçin diý­seň gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Te­bi­gy saz­la­şyk­da dö­re­di­len bu top­lum ça­ga­la­ryň we ulu­la­ryň hö­wes bi­len dynç al­ýan ýe­ri­ne öw­rü­ler.

Top­lu­myň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän ga­le­re­ýa­lar­da ýur­du­my­zyň su­rat­keş­le­ri ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len türk­men haý­wa­nat dün­ýä­si­niň jan­dar­la­ry­nyň şe­kil­le­ri be­ýan edi­len su­rat­lar, 150 müň ýyl mun­dan öň bi­ziň ýur­du­myz­da ýa­şap ge­çen haý­wan­la­ryň eme­li ske­let­le­ri­niň eks­po­nat­la­ry haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len gy­zyk­lan­ýan­la­ryň bu ba­ra­da has köp mag­lu­mat al­mak­la­ry­ny ýar­dam ed­ýär.

Mu­ze­ýiň çep ta­ra­pyn­da uly ak­wa­ri­um­da­ky geň tä­sin jan­dar­lar—de­ňiz ýyl­dyz­la­ry, li­li­ýa­lar, ak­ti­ni­ýa­lar, gub­ka­lar, de­ňiz kir­pi­le­ri, leň­ňeç­ler, tro­pi­ki ba­lyk­lar myh­man­la­ry haý­ran gal­dyr­ýar.

referans: www.zamantm.com

Degişli makalalar

Türkmen-Koreý Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Iki Ýurduň Sungat Ussatlarynyň Konserti Boldy

“Türkmeniň Beýik Akyldary Magtymguly Pyragy” atly konferensiýa geçirildi

syrach

Iýmit Önümlerini Seljermek Boýunça Türkmenistanyň Barlaghanalarynyň Ygtybarly Işleri Halkara Derejesinde Ykrar Edildi