Halaç etrabyndan geografiýa mugallymy Rozygeldi Döwletow Köneürgenç-Daşoguz-Aşgabat-Mary-Lebap ugry boýunça nobatdaky tigirli ýörüşini tamamlady.
Ol 21 günläp dowam eden syýahatçylygyny öz obasy Magtymguly obasynda gadymy Idrisbaba medresinde tamamlady. Taryhy çeşmelere görä, türkem şygyrýetiniň nusgawy şahyry bu ýerde ýaşlyk döwründe bilim aldy.
Rozygeldi Döwletowyň 57 ýaşy bar. Tigirli ýörüşden başga hem ol ýurdumyzyň iň belent nokady bolan Köýtendagynyň 3139 metr belentligine çykdy.
Gursagy gujurdan doly bu syýahatçy ýurt boýunça syýahatyny dowam etdirmegi maksat edinýär. Ol golaý wagtda Garagum derýasy boýunça ýurduň gündogaryndan günbataryna çenli gaýykda ýüzüp geçmegi maksat edinýär.
Bu ruhubelent ýaşulynyň başlangyçlaryny Lebapsyýahat welaýat syýahatçylyk guramasy ýakyndan goldaýar. Olar onuň ýurt boýunça eden syýahat ugurlaryna ekologiki we ekstremal syýahatçylygyny söýýänler üçin gelejegi uly bolan ugur hökmünde garaýarlar.