2015-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministrliginiň Türk Hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň (TIKA) Başlygynyň orunbasary j-p Mehmed Süreýýa Eriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we TIKA-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, taraplar geljekde dürli çygyrlardaky bilelikdäki tagallalary giňeltmegiň we sazlamagyň tarapdarydygyny beýan etdiler. Şeýle hem, medeni-gumanitar pudagyndaky oňyn özaragatnaşyklaryň meselelerine seredildi.