Soňky üç ýylda Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany ýarym milliondan gowrak artdy. Satyn alynýan halkara internet-kanallarynyň umumy göwrümi on esse köpeldi, internet tölegleri ortaça 75 göterim arzanlady.
Sanlaşdyrmak döwlet maksatnamasynyň çäklerinde degişli düzümleri kemala getirmek we olaryň maddy taýdan üpjünçiligi boýunça uly möçberli taslamalara badalga berildi. Telekommunikasiýalary ösdürmäge we sebitleriň ählisiniň ilatly ýerlerini, ozaly bilen, oba ýerlerini ýokary tizlikli aragatnaşyk ulgamy bilen öz wagtynda üpjün etmeklige aýratyn üns berilýär.
Şu maksatnamanyň çäklerinde üç ýylda kiçi we alysdaky ilatly ýerlere niýetlenen 400-den gowrak, esasanam, kiçi göwrümli telefon stansiýalary oturdyldy. Olary umumy döwlet aragatnaşyk ulgamyna goşmak üçin «TürkmenÄlem 52°E» ilkinji milli aragatnaşyk emeli hemrasynyň mümkinçilikleri ulanylýar. Ýakyn wagtda oba ýerlerinde müşderileri internete goşmak mümkinçiligi bilen ýene-de 500-den gowrak ATU ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry maglumatlary geçirmegiň ýokary tizlikli kanallaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar. Onuň çäklerinde ulgamlaryň geçirijilik mümkinçilikleri Aşgabat boýunça -100 s/Gb; welaýat merkezlerinde -40 s/Gb; welaýat merkezlerinden etraplara çenli -10 s/Gb; etrap merkezlerinden daýhan birleşiklerine çenli– 4 s/Gb derejä ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Ösýän talaplary göz öňünde tutup, “Altyn Asyr” milli operatory ýakyn wagtda ýurduň raýatlaryny hemme ýerde ykjam aragatnaşyk bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar. “Altyn Asyr” ÝGPJ-nyň hünarmenleri kiçiräk ilatly ýerlerde GSM ölçegli kabul ediji-geçiriji stansiýalary oturtmakçy. GSM we UMTS ölçegli kabul ediji-geçiriji stansiýalary oturdylan welaýatlaryň we etraplaryň dolandyryş merkezlerinde, meýdançalarda goşmaça LTE stansiýalar oturdylar. Şeýlelik bilen, internet elýeterli ýerleriň çägi hasam artar.
Munuň üçin 2G, 3G we esasanam ýokary tizlikli internet üçin 4G tapgyrdaky binýatlaýyn radiotranslirleýji enjamlary satyn almak göz öňünde tutulýar. Diňe paýtagtyň özünde 4G binýatlaýyn stansiýalaryň ençemesi oturdylar, bu bolsa bu ölçegiň häzirki göwrümini takmynan ýary esse artdyrar.