Döwletmämmet Azady adyndaky (TMDDI) Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplar topary rus dili we sözleýiş medeniýeti boýunça geçirilen Halkara olimpiadasynda baýrakly orunlaryň sekizisini eýeledi. Distansion görnüşde geçirilen bu intellektual bäsleşigi Kazan federal uniwersitetiniň goldamagynda Russiýanyň ylym we döredijilik jemgyýeti tarapyndan geçirildi.
Ýeňijileriň hatarynda institutyň birinji ýyl talyby Jeren Lollakowa we bäşinji ýyl talyby Maksat Bugraýew dagy bar. Olar degişlilikde ikinji we üçünji orny eýelemegi başardylar.
“Ýokary hilli çözgüt üçin” we “Özboluşly çözgüt üçin” ady bilen geçirilen bäsleşiklerde düzüminde talyplar Tatýana Ýewdokimowadan, Bibijemal Bekmiýewadan, Güljemal Annanepesowadan, Aýnur Babamyradowadan we mugallymlar Maýsa Myradowadan we Maýa Agaýewadan ybarat bolan türkmen topary ýörite diplomlaryň toparlaýyn eýeleri boldylar.
Şeýle hem Halkara lingwistik bäsleşigine gatnaşan türkmen topary iň gowy netije görkezen toparlaryň biri boldy.
TMDDI-ň adminstrasiýasynda nygtaýyşlary ýaly, türkmen talyplarynyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerine gatnaşmaklary indi däbe öwrüldi. Türkmen talyp toparlary indi şular ýaly bäsleşiklerde mynasyp ýeňişleri bilen ýygy-ýygydan begendirip durýarlar.