Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurduň ähli ministrliklerinde we edaralarynda senagaty ylmy taýdan esaslandyrylan we ýokary tehnologik önümleri öndürmäge özgertmek boýunça önümçilik-tehniki maksatnamalary işläp düzmeklik başlandy. Täze senagat kärhanalarynyň infrastrukturalary ýerli harytlaryň daşarky bazarlarda ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň dünýäniň has ösen döwletleriniň hataryna girmegine mümkinçilik berer.
«Нейтральный Туркменистан» gazetinde neşir edilen «Innowasion senagat — ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň binýady» («Инновационная промышленность – фундамент индустриализации экономики») atly makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda önümçiligi himiýalaşdyrmak, gurluş materiallary hökmünde plastmassalaryň giňden peýdalanylmagy, nebitiň möhüm energiýa geçiriji hökmünde sarp edilişiniň artmagy we awtomobil ulagynyň ähmiýetiniň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän täze senagat tehnologiki başlangyç emele geldi we ol soňky ýyllarda has hem düýpli ösdürilýär.
Makalanyň awtory bolan Türkmenistanyň milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwrenmek boýunça institutyň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty Wasiliý Denisowyň aýtmagyna görä, bir tehnologiki başlangyçdan indikä çenli netijeli hereketiň mysaly hökmünde Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) çykyş edýär.
Germaniýanyň, Eýranyň, Ysraýylyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň, ýaponiýanyň iri firmalarynyň we kompaniýalaryň gatnaşmagynda bu senagat ägirdinde gurlan täze ýangyç we nebithimiýa desgalarynyň tehniki häsiýetnamalary boýunça sebitde deňi-taýy ýokdur, diýip W.Denisow belleýär.
Ol şeýle hem olaryň işe girizilmeginiň Türkmenistanyň nebithimiýa senagatynda tehnologik öwrülişik bolandygyny, bu günki gün bolsa dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli nebit önümleriniň onlarça görnüşini öndürýändigini nygtaýar. Olaryň hatarynda — ýokary oktanly, etilirlenmedik awtomobil benzinleri, awiasion kerosin, arassalanan dizel ýangyjy, nebit koksy, polipropilen, dizel we uniwersal ýaglarynyň giň toplumy bar.
TNGIZT — Merkezi Aziýada suwuklandyrylan gazy eksport ediji iň iri zawoddyr. Suwuklandyrylan gazyň saklanmagy we ýüklenilmegi üçin bu ýerde awtomobil, demir ýol we deňiz terminallary guruldy. Tehnologik desgalary baglanyşykda ulanmakda bolşy ýaly, ýurt üçin düýbünden täze nebithimiýa önümçiligini döretmek boýunça, şol sanda Seýdiniň NGIZ-da bu ugurda işler dowam edýär.