9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YKDYSADYÝET

TOPH Gaz Geçirijisiniň Ugrunda Inženerçilik-Gözleg Işleri Başlandy

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň hünärmenleri geljekki Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ugrunda inženerçilik-gözleg işlerine başladylar. Olar ýurduň günorta-gündogar böleginde – örän uly Galkynyş gaz ýatagyndan Owganystanyň serhedine çenli 215 kilometrlik böleginde toplumlaýyn tehniki we geologiki gözlegleri geçirerler 

Gaz geçirijisiniň ugruny ilkinji geçijileriň – geologlaryň, geodezistleriň, inženerleriň – taslamaçylaryň we pudaklaýyn institutyň beýleki hünärmenleriniň öňünde ýurduň çäklerinde geljekki köp kilometrlik gaz geçirijisiniň geçjek ýerlerini esaslandyrmak, bu ugry karta geçirmek, degişli gaztransport infrastrukturasynyň gurluşygy üçin zerur zerur maglumatlary ýygnamak wezipesi durýar. 

Gaz geçirijisiniň ugruny taýýarlamaga şular ýaly ugry döretmekde baý tejribesi bolan tejribeli inženerler we işçiler gatnaşýarlar. Olar “Gündogar-Günbatar” ýaly magistral gaz geçirijisiniň gözleg işlerini geçirmäge hem gatnaşypdylar. Häzirki wagtda TOPH strategiki gaz geçirijisiniň iş taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça toparyň hünärmenleri ýoluň onlarça kilometrinde gözleg işlerini geçirdiler. Olar gözleg işleriniň toplumynyň barysyny dekabr aýynyň ilkinji günlerinde, ýagny magistral gaz geçirijisiniň magistral böleginiň gurluşygy başlananda tamamlamagy göz öňünde tutýarlar. 

Kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kubmetr harytlyk gaz bolan döwletara gaz geçirijisiniň uzynlygy 1800 kilometr bolar, turbalaryň diametri bolsa 1420 millimetr bolar. TOPH taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň Aşgabatda bolup geçen 22-nji mejlisiniň çözgüdi bilen “TAPI Ltd” konsorsiumyň ýolbaşçylygyna “Türkmengaz” Döwlet konserni biragyzdan saýlandy. Konsorsiumyň ýolbaşçysy hökmünde konserniň hünärmenleri gurluşyk işlerine, maliýeleşdirmäge, turba geçirijisine eýe bolmak we ulanmak boýunça özara hereket etmek bilen ýolbaşçylyk ederler. 

Bu magistraly gurmagyň öňde duran işleriniň möçberi örän ulydyr. Gaztransport ulgamynyň gurluşykçylaryna türkmen böleginde çylşyrymly relýefi ýeňip geçmek, geçelgeleri gurmak, basyş beketlerini gurmak we beýleki desgalary gurmak işleri garaşýar. Olardan ähli işleri bellenilen möhletde ýerine ýetirmek, gaz geçirijisini daşky täsirlerden goramak, “mawy ýangyjyň” akymyny dolandyrmaga we gözegçilik etmäge mümkinçiligi bolan ösen infrastrukturany döretmek talap edilýär. 

Strategiki gaz geçirijisiniň gurluşygynyň türkmen bölegini ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň güýji bilen alnyp baryljakdygy örän möhüm ýagdaýdyr. Bu Ýolbaşçy komitetiň agzalarynyň hünär ussatlygyna bolan ýokary ynamyna we Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň maddy-tehniki mümkinçiligine, onuň halkara derejesinde iri taslamalary amala aşyrmaga bolan mümkinçiligine uly ynam bildirýändiklerine şaýatlyk edýär. 

Türkmen gurluşykçylary iş tejribesini Malaý-Bagtyýarlyk, Türkmenistan-Hytaý, Döwletabat-Sarahs-Hangeran – Eýrana ikinji gaz geçiriji, uzynlygy 800 kilometrden hem gowrak bolan “Gündogar-Günbatar” sebitleýin gaz geçirijiniň gurluşyklarynda topladylar. Bu toplanan tejribe “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň hünärmenleriniň gaz geçirijisiniň 215 kilometrlik bölegini çekmekde esasy işleri bellenen möhletde ýerine ýetirjekdiklerine, ony abadanlaşdyrmakda we zerur bolan infrastrukturany döretjekdiklerine ygtybarly kepil bolup durjakdygyna şaýatlyk edýär. 

Häzirki wagtda “Türkmengaz” DK gaz ýataklaryny özleşdirmek we turbageçirijileri gurmak boýunça Müdirliginiň buýurmasy boýunça TOPH gaz geçirijisiniň esasy potratçysy bolup durýan “Türkmennebitgazgurluşyk” DK geljekki gaz geçirijisiniň ugry boýunça uzap gitjek awtoulag ýolunyň gurluşygyna başlady. Ol asyryň gurluşygyna gatnaşýan häzirki zaman tehnikalarynyň we mehanizimleriniň gaz geçirijisiniň çylşyrymly relýefinde netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer. Konserniň hünärmenleri şol bir wagtyň özünde strategiki turba geçirijisiniň liniýa böleginde we onuň ýerüsti kömekçi uçastoklarynda oturtmak we peýdalanmak üçin gerek bolan enjamlary seljermek we işläp taýýarlamak boýunça işleri geçirýärler. 

Türkmenistan tarapyndan döredilýän TOPH döwletara gaztransport ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri hem tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksport edilşini diwersifikasiýalaşdyrmagy üpjün etmek bolup durýar. Ýakyn on ýyllyklara niýetlenen energetika maksatnamasynda esasy orun ýurduň örän baý uglewodorod serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmäge aýratyn orun berilýär. Bu bolsa öz serişdeleriňi iň iri gazeksport bazarlaryna ibermek boýunça uzakmöhletleýin gelejegiň meýilnamalaryny düzmäge we amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 

Gazy ibermegiň diwersifikasynyň esasy faktory bolsa ätiýaçlyk tebigy gazyň örän baý gorlaryna eýe bolan “Galkynyş” gaz ýatagy bolup durýar. Ol ilkinji tapgyrda halkara taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryna tebigy gazy ibermegiň esasy serişde binýady bolup durýar. Ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň hünärmenleriniň Ýaponiýanyň «Mitsubishi», «Chiyoda», «Sojits», «Itochu» и «JGC» korporasiýalarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy bolup geçdi. 

Ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen özara hereket etmek biziň ýurdumyz üçin Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny Aziýa sebiti bilen ösdürmek babatda möhüm ähmiýetli çäredir. Türkmen-ýapon gepleşikleriniň temasy ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, gaz ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak bolup durýar. 

Ilkinji nobatda gürrüň “Galkynyş” örän uly ýatagyny özleşdirmegiň üçünji tapgyry barada boldy. Bu ýerde çykarylýan gazy ilkinji sapar arassalamakda we häzirki zaman gaz arassalaýjy zawodyň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak, şeýle hem bu taslamanyň tehniki ykdysady taýdan esaslanmasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri TOPH magistral turba geçirijisi üçin serişde binýadyny taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze energetiki syýasaty ýurduň ýangyç-energetika toplumyny golaý geljek döwürde ösdürmegiň esasy ugurlaryny we dünýä energetika ulgamyna integrirlemegiň ýolunyň anyk ädimlerini kesgitledi. Ol uglewodorod çig malynyň gazylyp alynşynyň we gaýtadan işleýşiniň ep-esli artdyrylmagyny, dünýäniň belli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar. 

TOPH iri taslamasy bu syýasata aýdyň şaýatlyk edýär. Bu taslama çuňňur ykdysady wezipeleri çözmekden başga hem, taslama gatnaşyjy ýurtlara möhüm durmuş we ynsanperwer meseleleri çözmäge şert döreder, döwletiň durmuş-ykdysady ösüşini, adamlaryň ýaşaýyş durmuş derejesini we hilini üpjün eder.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýärler

syrach

Türkmenabat –“Farap” Gümrükhana Nokady Ýolunyň Ugrunda Täze AÝaGB Açyldy

turkmenhabargullugy