Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi öz işini tamamlady. Bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Meridyýen» halkara sergi kompaniýasy tarapyndan guraldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda gurluşyk pudagyna uly möçberli maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi, maýa goýumlary boýunça ýurdumyza daşary ýurtlaryň materiallary, ýörite tehnikany we enjamlary öndüriji kompaniýalaryň çekilmegine degerli ýardam berýän oňaýly ýagdaýyň döredilmegi netijesinde gurluşyk senagatynyň kuwwaty barha artýar. Şoňa görä-de türkmen paýtagtynda guralan sergi diňe bir Türkmenistanyň ykdysady durmuşynda däl, eýsem Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk ugruna degişli öňdebaryjy kompaniýalary üçin möhüm ähmiýetli waka öwrüldi.
Wekilçilikli gözden geçirilişe Türkiýäniň 80-e golaý kompaniýalary gatnaşyp, özleriniň has kämil işläp taýýarlamalaryny hödürlediler. Uly möçberli sergi gurluşyk materiallaryny, ýöriteleşdirilen tehnikany, enjamlary görkezýän bölümlerden ybarat boldy. Timarlaýyş we lak—reňkleýji materiallar, santehnika we elektrotehniki enjamlar, diwar hökmünde ulanylýan paneller ýaly gurluşyk meýdançalarynda uly isleg bildirilýän köp sanly önümlere has içgin üns berildi.
Sergi Türkmenistanyň geljegine uly umyt baglanýan bazaryna daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň has uly üns berýändigini aýdyň görkezdi. Ol kompaniýalar türkmen hyzmatdaşlaryna sergidäki öz ekspozisiýasynyň çäklerinde gurluşyk ulgamyna degişli has netijeli we innowasion çözgütleri hödürlemäge çalyşýarlar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda Türkmenistanda öňde baryjy tehnologiýalara we «nou-haulara» uly gyzyklanma bildirilýär hem-de olaryň ýurdumyzyň tehnologik kuwwatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenilýär. Gurluşyk senagatynda has uly möçberli we özboluşly taslamalaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýän innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy esasy ugur edinilýär.
Üç günlük ykdysady gözden geçiriş köp sanly hünärmenleriň, bilermenleriň we marketologlaryň ünsüni çekip, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary üçin täsirli waka öwrüldi. Öz işini tamamlan Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň Sergisi halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, bu pudaga täze maýa goýumlarynyň we has kämil tehnologiýalaryň çekilmegine önjeýli goşanda öwrüldi. Gurluşyk ulgamynyň hünärmenleri türkiýeli önüm öndürijiler bilen netijeli gepleşikleri geçirdiler we şol gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlendi. Ýakyn geljekde şol ugurlar täze şertnamalar we taslamalar üçin esasy binýada öwrülip, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine badalga berer.
Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň Aşgabatda guralan Sergisi iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüldi.
Ykdysady gözden geçiriliş öz işini tamamlandan soňra ony guraýjylar we gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler hem-de şonda myhmansöerlik we serginiň göwnejaý guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde bu sergä gatnaşyjylara diplomlar we halkara nusgasyndaky sertifikatlar gowşuryldy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm