Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýäniň Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (DEIK) başlygy Nail Olpakyň we Türkmen-Türk Işewürlik geňeşiniň başlygy Halil Awjynyň ýolbaşçylgynda bu geňeşiň wekilleri bilen wideo konferensiýa arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi, Stambuldaky Baş konsuly we Ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreler barada giňişleýin bellenildi.
Maslahatda “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy” bilen baglylykda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini maksatnamalaýyn esasda ösdürmek, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary, şol sanda halkara maliýe we ykdysady edaralary bilen alnyp barylýan netijeli özara bähbitli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek we bu ugurda öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin alnyp barylýan işler barada mälim edildi.
Maslahatyň dowamynda iki ýurduň ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, hususan-da ulag üstaşyr geçelgeleriniň üsti bilen alnyp barylýan söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň, ulag üstaşyr geçelgeleriniň we howa ýollarynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň zerur bolup durýandygy nygtaldy.
Şeýle hem, wideo şekilli maslahatda koronawirus pandemiýasynyň türkmen-türk söwda gatnaşyklaryna täsirleri barada pikir alyşyldy, şonuň ýaly-da ýurdumyzda bu kesele garşy görülýän öňüni alyş çäreleri barada bellenilip geçildi.
Çeşme: https://neutrality.gov.tm/