17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen-Ýapon Syýasy Geňeşmeler

2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýapon wekiliýetine Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili jenap Aiki Tosihiro baştutanlyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlygynyň gün tertibindäki meseleleriniň giň toplumyny içine alýan möhüm pikir alyşmalar boldy.

“Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” gepleşikleriniň çarçuwasynda ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi bellenildi. Taraplar şu çarçuwadaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekligi ylalaşdylar.

Şeýle-de taraplar iki ýurdy gyzyklandyrýan sebit meseleleri boýunça pikirler alyşdylar. Syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda taraplaryň güýçlerini birleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Bu meselede taraplar ýokary derejedäki saparlaryň gowy netijelerini bellediler, bu bolsa, öz gezeginde dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

Taraplar halkara guramalarda bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmekligi ylalaşdylar. Bu çarçuwada taraplaryň ikisi hem halkara dawalary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmeklige ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem terrorçylyga garşy göreşmekde taraplar bilelikdäki tagallalaryny birleşdirmegiň tarapdarydyklaryny aýan etdiler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar babatynda bilelikdäli alnyp barylýan işleriň oňyn netijeleri berýändigi tassyklanyldy.

 

Özara gatnaşyklarynyň gyzyklanma bildirilýän ugurlaryndan medeni-ynsanperwer ulgamy görkezildi, hususan-da bilim we sport ulgamlarynda tejribe alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli makalalar

Aşgabat täze ýyl yşyklary bilen şöhle saçýar.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Paýtagtymyz Boýunça Iş Saparyny Amala Aşyrdy

syrach

Döwlet Baştutanymyz Batyr Niýazliýewi Bolgariýda Ilçi Wezipesine Belledi