2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi j-p Hasan Abdalla al Adab al Zaouruni bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda geljekde türkmen-arap hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Şol sanda syýasy-diplomatik özaragatnaşyklaryny berkitmegiň, söwda-ykdysady hymztdaşlygy giňeltmegiň, şeýle hem medeni-gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine üns berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde ýokary derejelerdäki saparlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ähmiýetini barada aýdylyp, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky mejlisiniň meseleleri bellenildi.
Duşuşygyň çarçuwasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmelerine ulgamlaýyn häsiýetini bermek maksady bilen, ýakyn wagtda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň maksatnamasyny taýýarlamagyň mümkinçiligine serediljekdigi bellenildi.