9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
DURMUŞ

Türkmen-Awstriýa Medeni Gatrnaşyklary Dowam Etdirilýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp bilelikdäki türkmen-awstriýa konserti geçirildi. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Awstriýa – Тürkmen jemgyýeti tarapyndan guralan döredijilik agşamyna gatnaşmak üçin Wena döwlet opera teatrynyň aýdymçylary Andreas Ýankowiç we Werena te Best, tansçy jübüt Ramina Ýustina Kolodsiý we Damian Simka, şeýle hem awstriýa dirižýory, “Galkynyş” Türkmen – awstriýa orkestriniň çeper ýolbaşçysy Wolfgang Harrer Aşgabada geldiler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, “Mukam” skripkaçylar topary, belli artistler ýurdumyzyň sazçylyk milli mekdebiniň gazananlaryny görkezdiler. 



Şu gezekki döredijilik çäresi dostlukly döwletleriň gumanitar ulgamda işjeň gatnaşyklaryny dowam etmek bilen, iki ýurduň halklarynyň biri-biriniň ruhy gymmatlyklaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini, olaryň has ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandygyny tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde bu çäräniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan we dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna hem-de goldawyna eýe bolan açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň oňyn netijesi bolup durýar. 



Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäklerinde Awstriýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri, Aşgabatda Wena şäheriniň Medeniýet günleri, döredijilik çäreleri, türkmen artistleriniň Wenada çykyşlary we awstriýa sungat ussatlarynyň Aşgabatda konsertleri guraldy, awstriýaly aýdymçylaryň biziň ýurdumyzda geçirilýän halkara festiwallarynda çykyşlary geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde hem-de howandarlygynda döredilen bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestri medeni ulgamda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň aýdyň alamaty bolup durýar. Aşgabatda geçirilen Wena ballary aýdyň öwüşgünli taslamalaryň biridir. 

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň işjeň hereket etmeginde medeni ulgamynda birnäçe bilelikdäki taslamalar, özara maglumat alyşmalary geaçirildi, bu jemgyýetiň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň gadymy taryhy hem-de özboluşly baý medeniýeti, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen ýewropalylary tanyşdyrmakdyr. 

Halkara zenanlar güni mynasyebtli guralan bilelikdäki türkmen-awstriýa konsertini açmak bilen, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň başlygy doktor Neda Berger hemmeleri bu ajaýyp bahar baýramy bilen gutlap, halkara çäresini guramak üçin döredilen mümkinçilige türkmen Liderine çuňňur hoşallygyny beýan etdi, şol çäräniň medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ýerine ýetirijilik sungatynda tejribe alyşmaga ýardam etjekdigini nygtady. 



“Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2016-njy ýyl Türkmenistanda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edildi. Biz baý we özboluşly türkmen medeniýetine belent sarpa goýýarys we türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň türkmen medeniýetini dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berjekdigine ynanýarys” – diýip, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň başlygy nygtady. 

Neda Berger dünýäniň köp ýurtlarynda giňden bellenilýän ajaýyp bahar baýramyna bagyşlanan goşgy setirleri bilen tüýs ýürpekden çykýan düýgularyny beýan etdi. 

Konsert maksatnamasyny dunýäniň köp teatrlarynyň sahnalarynda ýerine ýetirilen Iogann Ştrausyň “Ýarganat” operettasynyň uwertýurasy açdy. Bu ajaýyp, şadyýan mukam Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri tarapyndan ussatlyk bilen ýerinýe ýetirildi. Häzirki wagtda bu döredijilik toparynyň aglaba bölegini Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymlarynyň düzýändigini bellemek gerek. Türkmen sazandalarynyň saz çalyşynyň hili ep-esli ýokarlandy. Olaryň daşary ýurt kärdeşleri bilen ençeme gezek guran bilelikdäki çykyşlary hem ýaş türkmen sazandalarynyň ussatlygynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu gün hem awstriýa dirižýory Wolfgang Harrer öz türkmen kärdeşi bilen bilelikde orkestre dirižýorlyk etdi. 

Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasy dunýä we milli nusgawy saz eserlerinden ybarat boldy. Bu ýerde meşhur türkmen kompozitory N.Halmämmedowyň, dünýä belli kompozitorlar J.Werdiniň, W.A.Mosartyň, Ý.Sibeliusyň, G.Donisettiniň, D.Şostakowiçiň we beýlekileriň belli eserleri ýaňlanldy. “Mukam” skripkaçylar toparynyň ýaşajyk sazandalary tomaşaçylara saz eserlerinden düzülen ajaýyp çemeni sowgat etdiler. 



Awstriýaly aýdymçylar Andreas Ýankowiçiň we Werena te Bestiň ýerine ýetirmeginde Mosartyň “Don Žuan”, Donisettiniň “Don Paskuale” operalaryndan we beýlekilerden ariýalar ýaňlandy. Tomaşaçylar wena opera sungatynyň ussatlarynyň ýokary ýerine ýetirijiligine mynasyp baha berdiler. Esasan-da, Mosartyň “Don Žuan” operasyndan Don Žuanyň we Serlinanyň, Frans Legaryň “Şadýan dul zenany” operettasyndan Danilonyň we Gannanyň keşpleri opera muşdaklarynda uly täsir galdyrdy. Awstriýaly aýdymçy zenan ikinji Wena balyna gatnaşmak bilen türkmen tomaşaçylarynyň ýadynda galandyr, onuň kärdeşi bolsa “Awaza-2010” estrada, aýdym-saz we tans toparlarynyň birinji Halkara festiwalynyň ýeňijisidir. 

Tansçy jübüt “Mawy Dunaý” walsyny we Iogann Ştrausyň “Wenger polkasyny” joşgunly ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Ramina Ýustina Kolodsiý häzirki wagtda Sloweniýanyň Bratislava National Operasynyň baş balerinasydyr. Şeýle hem ol uzak wagtyň dowamynda Wena döwlet operasynyň sahnasynda çykyş edipdi hem-de häzirki wagtda öz adamsy – tansçy Damian Simka bilen awstriýa orkestrleriniň düzüminde ýygy-ýygydan döredijilik saparlarynda bolýar. 



Teatryň zalynda konserte gatnaşyjylara uzak wagtlap el çarpyldy. Ol öz ýokary ussatlygyny görkezen artistleriň, aýdymçylaryň we sazandalaryň zehinine berlen mynasyp bahadyr, olar Halkara zenanlar güni mynasybetli iki dostlukly ýurduň ajaýyp saz sungatyny türkmen tomaşaçylaryna bagyş etdiler.

Degişli makalalar

Berkakar Döwletiň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgylary

syrach

Türkmen köli.

syrach

Medeniýetleriň Gatnaşygy Halklaryň Ruhy Gymmatlyklaryny Artdyrýar

syrach