Awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda umumymilli baýramçylyk bolan Türkmen gawunynyň güni giňden we dabaraly bellenilip geçildi. Şanly senä bagyşlanan dabaralar paýtagtymyzda we welaýatlaryň teatrlarynyň sahnalarynda hem-de konsert meýdançalarynda guraldy.
Öňdebaryjy bakjaçylar, alym – agronomlar, seçgiçiler hem-de ýurdumyzyň ekerançylygyna uly goşant goşan obasenagat toplumynyň beýleki işgärleri baýramçylygyň esasy gahrymanlary we hormatly myhmanlary boldular. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat, ylym işgärleri, ýaşulular hem-de talyp ýaşlar bar. Dabaralaryň geçirilýän ýerine aşgabatlylar we paýtagtymyzyň köp sanly myhmanlary ýygnandylar. Olar hem türkmen bakjaçylarynyň tutanýerli zähmetiniň miwesi bolan “behişdi” nygmat bolan türkmen gawunyna sarpa goýmaga geldiler.
Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara we myhmanlara seýilgähiň altynsow reňk bilen öwşin atýan gawunlar hem-de güller bilen bezelen girelgesinde asylly däbe eýerilip, duz-çörek, milli tagamlar, miweler, datly, şirin-şeker gawunlaryň hem-de köz deýin garpyzlaryň täze hasyly hödür edildi.
Baýramçylyk görnüşinde bezelen sahnada welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň aýdym-saz we tans toparlary edebi-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlaryny görkezdiler. Olar öz çykyşlaryny bal ýaly süýji tagamly türkmen gawunyna, häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere bagyşladylar. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaralara baýramçylyk öwüşgünini çaýdy.
Dabaranyň myhmanlary açyk asmanyň astyndaky seýilgähde oba hojalygynyň we Türkmenistanyň gaýtadan işleýän senagatynyň üstünlikleriniň baýramçylyk sergisine hem baryp gördüler. Onuň aýratyn bölüminde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Ussat bakjaçysy” diýen bäsleşikde “Altyn gawun”, “Iň uly garpyz”, “Iň uly kädi”, “Täsin bakja önümleri” hem-de “Ussat seçgiçi” ugurlary boýunça ýeňijiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen gawunyň, garpyzyň, kädiniň we beýleki bakja ekinleriniň naýbaşy görnüşleriniň nusgalary görkezildi.
Gawuny we garpyzy gaýtadan işlemek arkaly alynýan sök , toşap , ijan , gawun kaky ýaly milli türkmen tagamlarynyň töweregi hem aýratyn köp adamly boldy. Bu ýerde baýramçylygyň myhmanlaryna bu önümleri taýýarlamagyň usullary bilen tanyşdyryldy. Aýratyn görnüşde ýörite usul bilen bakja önümlerinden kesilip ýasalan özboluşly şekiller uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem sergide bakja ekinlerinden taýýarlanan dürli görnüşli önümler görkezildi.
Serginiň uly bölümi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň üstünliklerine bagyşlanypdyr. Onda ýurdumyzyň Azyk senagaty assosiasiýasy tarapyndan öndürilen et we süýt, ýag, süýji-köke, miwe hem-de çakyr önümleri aýratyn orun eýeleýär. Assosiasiýanyň işgärleri ýylsaýyn täzeden, täze önümleri işläp taýýarlaýarlar we önümçilige girizýärler. Bu bolsa öndürilýän harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Sergide ýurdumyzyň her welaýaty öz oba hojalygyndaky, aýratyn hem bakjaçylykdaky üstünlikleri hakynda gürrüň berýän bölümini taýýarlapdyr. Welaýatlaryň wekilleri bakja we gök önümleriň, miweleriň dürli görnüşlerini görkezdiler, adaty milli süýji tagamlary, ýakymly, hoşboý ysly gawunlary we garpyzlary baýramçylygyň myhmanlaryna hödür-kerem etdiler. Sebitleriň her biriniň sergisiniň golaýynda welaýatlaryň aýdym-saz, tans, halk döredijiligi toparlary aýdym-sazlar, tanslar bilen çykyş etdiler.
Öňdebaryjy bakjaçylary we pudagy ösdürmäge uly goşant goşan hünärmenleri, asylly däbe görä geçirilýän ussat bakjaçylaryň bäsleşiginiň ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmen gawunynyň güni mynasybetli geçirilen baýramçylygyň esasy bölegine öwrüldi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Baýramçylyk çärelerine gattnaşyjylar, tanymal bakjaçylar, seçgiçi alymlar, öz zähmeti bilen türkmen gawunynyň şöhratyny artdyrýan ekerançylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda oba hojalyk pudagynyň işgärlerine yzygiderli üns berýändigi we alada edýändigi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyzy bakjaçylygy mundan beýläk-de ösdürmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrýarlar.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti dabaranyň bezegine öwrüldi. Onda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleri, bereketli türkmen topragyny we “bakjanyň soltanyny” wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Belli estrada aýdymçylarynyň, bagşylaryň, ýurdumyzyň iň oňat folklor we tans toparlarynyň çykyşlary ajaýyp, gaýtalanmajak öwüşginlere beslendi.
Şu gün Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň baş meýdançalarynda artistler gyzykly konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Türkmen gawunynyň güni mynasybetli dabaraly çäreleri baýramçylygyň öň ýanynda paýtagtymyzyň köp sanly konsert meýdançalarynda, şol sanda “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, “Altyn asyr” seýilgähinde, şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem geçirildi. Gaýtalanmajak datly tagamly gawunlar, köz ýaly uly garpyzlar–zähmetsöýer halkymyzyň edermen zähmeti bilen berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sahawatly türkmen topragynda ösdürip ýetişdirilýän bakja önümleri dabaralaryň esasy bezegi boldy.