Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygy uly dabaralara beslendi. Behişdi bedewlere bagyşlanan çäreler bu ugur boýunça guralan sergileri, maslahatlary, çapyksuwarlaryň bäsleşiklerini döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda täze açyk manežiniň açylyşyny, Halkara ahalteke sport toplumynda guralan çäreleri we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde gurlan döwrebap Aba Annaýew obasynyň açylyş dabaralaryny özünde jemledi.
Paýtagtymyzda geçirilen Halkara ahalteke assosiasiýasynyň VI mejlisine, Halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII Halkara ylmy maslahatyna dünýäniň onlarça döwletlerinden wekiller gatnaşdy. Düýn Ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, sungat eserlerinde behişdi bedewleri iň gowy wasp eden döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Şu gün bolsa Aşgabadyň golaýyndaky Halkara atçylyk sport toplumyna müňlerçe türkmenistanlylar, köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, daşary döwletlerden gelen wekiliýetleriň agzalary ýygnandylar.
Bu ýerde giň möçberli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ol halkyň ruhy galkynyşyny, giň möçberli dabaralary özünde jemläp, ýokary döwlet derejesine eýe boldy hem-de milli däpleriň özboluşlylygyny, gözelligini, halkymyzyň gadymy geçmişi, häzirki durmuşy we geljekki rowaçlyklary bir ýere jemlendi.
Toplumyň çäginde milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, halk senetkärçilik işleriniň, ahalteke bedewleriniň keşbi şekillendirilen surat eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Toplumyň girelgesinden merkezine çenli uzap gidýän bu künjekde guralan sergide halkymyzyň milli baýlygy, döredijilik zehini öz beýanyny tapypdyr.
Bu günki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, wekilleri we Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, atçylyga bagyşlanan halkara maslahatlaryna gatnaşyjylar bar.
Halkara atçylyk sport toplumyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Milli Liderimiz olar bilen mähirli salamlaşyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlary tarapyndan guralan sergileri synlady. Döwlet Baştutanymyz halk döredijiliginiň häsiýetli aýratynlyklary, ussalaryň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan her welaýatyň bölümlerini üns bilen synlady. Bularyň hemmesi halkymyzyň milli mirasynyň baýdygyna, köp öwüşgünlidigine we egsilmez zehine eýedigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Bu ýerde ajaýyp halylar, ýüpek matalar, nepis nagyşlar, milli lybaslar, zergärçilik önümleri, bedewleriň şaý-sepleri, durmuş ulgamyna degişli serişdeleri, saz gurallary we beýlekiler görkezilýär.
Sergide sungat mekdeplerinde okaýan ýaşajyk suratkeşler bedewler, pederlerimiziň mirasa bolan gatnaşygy hakynda özünde galan täsirleri beýan etmäge çalşypdyrlar. Döwlet Baştutanymyz olaryň eserleri bilen tanşyp, ýaşajyk suratkeşleriň kämillige we ösüşe tarap ynamly gadam urmaklaryny arzuw etdi. Çagalar hormatly Prezidentimize atalyk aladasy we paýhasly sargytlary üçin hoşallyk bildirdiler.
Şeýle hem bu ýerde ahalteke bedewlerini çeper beýan etmek boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri hem görkezilýär. Surat eserlerinde, haly önümlerinde, daşlarda we beýleki serişdelerde, dürli görnüşdäki neşir önümlerinde buýsançly bedewler şekillendirilipdir. Olar kuwwatly we ýanbermez tebigy hadysalar, inçe dünýäsi bolan ruhuňy göterýän şekiller bilen sazlaşygy emele getirýär. Surat eserlerinde bedewleriň ajaýyplygy, kuwwaty hem-de nyşany utgaşýar.
Döwlet Baştutanymyz serginiň ýanynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, bedewiň keşbi şekillendirilen iň gowy haly üçin diýen baýraga mynasyp bolan Ada Gutlyýew bilen söhbetdeş boldy.
Zehinli ussat milli Liderimize öz döredijiligine ýokary baha berendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi. Onuň döredijiliginde bedew mowzugy esasy orun eýeleýär. Şeýle hem ol ýurdumyzyň medeniýetiniň ösdürilmegi, ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan halkymyzyň bedewsiz göz öňüne getirip bolmaýan mirasynyň saklanylmagy hem-de wagyz edilmegi ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini nygtady.
Halkara atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňündäki meýdançada folklor we tans toparlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomaşaçylar üçin niýetlenen münbere geçýär.
Baýramçylyk çapyşyklaryna badalga berilmezinden öň bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, meşhur artistleriň gatnaşmagynda edebi-sazly sahnalaşdyrylan çykyşlara giň gerim berildi. Olarda nesilbaşymyz Oguzhanyň şöhratly ýoly aýdyň görkezildi. Oguzhan at üstünde ogullary Günhan, Aýhan, Ýyldyzhan, Gökhan, Deňizhan, Daghan we 24 agtygy bilen meýdança gelýär.
Bu ýerdäki görkezilen çykyşlarda Oguzhanyň peýkam oklary bilen pederleriň asylly hem-de ruhy däpleriniň nesilden-nesle geçijiligi, agzybirligiň kuwwatyny görkezýän asylly ýörelge beýan edildi. Munuň özi asyrlaryň jümmüşinden geçip, pederlerimiziň garaşsyz, gülläp ösýän döwlet baradaky arzuwlarynyň amala aşan zamanyna gelip ýetendigini alamatlandyrýar.
Oguzhanyň ýaýynyň oky mysaly ahalteke bedewi asyrlar we eýýamlar aşyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň belent söýgüsine mynasyp boldy hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny özünde birleşdirýän ýurdumyzyň baş nyşanyna öwrüldi.
Şöhratly ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýynyň belende göterilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasyny aýratyn nygtamak gerek. Milli Liderimiziň yzygiderli aladasy netijesinde atçylyk pudagy täze belentlige çykdy. Häzirki döwürde bu düzümi ösdürmek hem-de pudakda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atlçylyk sportuny we milli atşynaslyk ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň we giň möçberli çäreleriň netijesinde Türkmenistan atçylyk sportunyň hem-de at çapyşyklarynyň işjeň geçirilýän halkara merkezine öwrülýär. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri
öz çylşyrymly çykyşlary, agzalarynyň ussatlyklary bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýeläp, belent abraýa mynasyp bolýarlar. Sirk sungatynda, at üstündäki oýunlarda bu toparyň agzalarynyň gazanýan ýeňişlerini dünýä ykrar edýär.
Bu belli toparyň çykyşlary tomaşaçylaryň ruhuny göterip, baýramçylyk maksatnamasynyň dowamyna öwrüldi. Ýaş, çalasyn çapyksuwarlar ýaňlanýan sazyň astynda ajaýyp bedewlere atlanyp, gaýtalanmajak ussatlyklaryny görkezýärler. Olar atyň üstüne çykyp ýa-da çapyp barýan bedewiň aşagyndan geçip, ýene-de eýerde peýda bolýarlar. Toparyň agzalarynyň ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleri, çapyp barýan atyň üstünde döredýän şekilleri haýran galdyrýar.
Göýä diýersiň, asmandan inen mysaly bedewler ajaýyp öwüşgünli reňkleri bilen çapyksuwarlaryň hereketlerine sazlaşykly utgaşýarlar. Atçylyk sportunyň şu görnüşi tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýar. Dabara gelen myhmanlar türkmen atlylarynyň ajaýyp çykyşlaryna haýran galyp tomaşa etdiler.
Şunuň ýaly ajaýyp çykyşlar çapyp barýan bedewlere hiç hili päsgelçiligiň böwet bolmaýandygyny alamatlandyrýar. Olar mähriban topragynyň azatlygyny goraýan gaýduwsyz ýigitler mysaly ganatlanan atlary bilen türkmen halkynyň taryhyna ýeňişli sahypalary ýazan şöhratly ata-babalarymyzyň üstünliklerini kämil derejede dowam edýärler. Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň esasynda milletimiziň taryhy tejribesi, pederlerimiziň mirasy bar. Biz olaryň paýhas ummanyndan susup alyp, özgerýän döwrüň ganatlanmagyny şertlendirýäris.
Häzirki döwürde bedew parahatçylykly döredijiligiň, belent ruhuň, ösüşinde ägirt uly üstünlikler gazanýan ýurdumyzyň kuwwatynyň baş nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewlere halk söýgüsini bagyşlap, ahalteke atlarynyň abraýynyň we şöhratynyň belende galdyrylmagy, pederlerimiziň atşynaslyk sungatynda ýeten derejesiniň dünýäde wagyz edilmegi hem-de ösdürilmegi babatda yzygiderli alada edýär. Şunuň ýaly asylly işlere hormatly Prezidentimiz öz döredijiligini, ylhamyny bagyş edýär. Döwlet Baştutanymyzyň “Gadamy batly bedew” atly täze kitaby hem-de seýisler we atşynaslar, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin amatly şertleriň döredilmegine berýän ünsi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyz bedew baýramçylygyny giňden we şowhunly dabaralandyrýar. Onda bereketli saçaklar ýazylyp, aýdym-sazlar ýaňlanýar we toýuň baş bezegi bolan at çapyşyklaryna giň gerim berilýär.
Dabarany alypbaryjy baýramçylyk çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär.
… Bedewler ýokary tizlik bilen ýaryşa goşulyp, barha batlanýarlar. Münberlerde oturan tomaşaçylaryň şowhuny bolsa al-asmana galýar.
Bedewleriň sazlaşykly çapuwy örän täsirli. Toýnaklary ýere sähel galtaşýan, uçup barýan mysaly bedewleriň bu görnüşi nyşanany nazarlaýan peýkam oklaryna çalymdaş. Bu pursatda gözelligiň, çydamlylygyň, güýjüň, joşgunyň hem-de duýgur kalby bolan buýsanjyň sazlaşygyny görýärsiň. Bedewlere mahsus bolan üýtgeşik wepalylyk, olaryň ajaýyplygyna güwä geçýär. Atlara ideg edýän adamlar bedew wepalylygyny ykrar edendir.
Häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde atçylyk zawodlarynyň, ylmy we okuw binýatlarynyň, atçylyk sporty klublarynyň dikeldilmegine bolan durnukly gyzyklanmalar duýulýar. Türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen atlary seýislemek boýunça milli ýörelgeleri, oňyn tejribeleri bu ugra degişli hünärmenleriň uly üns bermegine mynasyp bolýar. Çünki türkmenler ahalteke bedewleri ýaly halk seçgiçilik hünäriniň kämil eserini dünýä bermek bilen çäklenmän, eýsem bu ajaýyp atlary olaryň oňyn häsiýetleri bilen saklamagy we ösdürmegi başarypdyrlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirkizaman usullary ulanmak arkaly ýurdumyzda tohumçylyk-seçgi işini ylmy esasda ösdürmek, dürli görnüşdäki aýlawlaryň gerimini giňeltmek, atçylyk sportyny ýaýbaňlandyrmak hem-de bu işleri halkara ulgamyna utgaşdyrmak babatda degişli hünärmenleriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny ugur edinýär.
Ýurdumyzda at çapmagyň gadymy däpleri häzirki döwürde hem işjeň ösdürilýar. At çapyşyklary hiç kimi biparh goýmaýar. Tomaşaçylar dünýäni unudyp, bedewleriň bäsleşigine syn edýärler.
Münberleri dolduryp oturan tomaşaçylary, iki sagat gowrak dowam eden dabarany ýüzlerçe tele we fotokameralar, şol sanda daşary ýurt habarçylary surata düşürdiler. Ahalteke bedewleriniň çapyşygynyň türkmen halkynyň öçmejek şöhratynyň we buýsanjynyň senasyna öwrülendigini arkaýyn aýtsa bolar.
Bu gezek dürli aralyklar boýunça çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Her çapyşykda iň gowy häsiýetlerini görkezen bedewleriň 10-sy güýç synanyşdy.
Bir müň metr aralyga üçýaşar bedewleriň arasynda geçirilen birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kerkaw birinji geldi. Ony R.Abdyýew çapdy. Kerkaw bellenilen aralygy 1 minut 03,8 sekuntda geçmegi başardy.
Şeýle hem bu çapyşykda A.Meredowyň hojalygyna degişli Alsekil bu aralygy 1 minut 04,3 sekuntda geçip, ikinji geldi. Onuň çapyksuwary A.Nedirow. Şol çapyşykda üçünji baýrakly orna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Sumrug düşdi. Bu aralygy 1 minut 04,6 sekuntda geçen bedewi B.Begliýew çapdy.
Soňky iki çapyşykda üç ýaşar bedewler 1600 metr aralyga goşuldylar. Onda ikinji çapyşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli Gözguwanjym bellenilen aralygy 1 minut 44,7 sekuntda geçip, pellehana birinji geldi. Ony Y.Saparow çapdy.
Bu ýaryşda ikinji orna E.Çaryýewiň hojalygyna degişli Aýgytly düşdi. J.Hydyrowyň çapan Aýgytlysy bellenilen aralygy 1 minut, 45,6 sekuntda geçdi. Bu ýaryşda baýrakly üçünji orny G.Öwezowyň hojalygyna degişli Gazanjyk eýeledi. Aralygy 1 minut 46 sekuntda geçen Gazanjygy ussat çapyksuwar E.Babalyýew çapdy.
Üçünji çapyşykda I.Bekiýewiň hojalygyna degişli Tämiz diýen dor atyň öňüne hiç at geçip bilmedi. P.Babalyýewiň çapan bu aty bellenilen aralygy 1 minut 45,1 sekuntda geçdi. Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Alçep ikinji geldi. Çapyksuwar Y.Saparowyň çapan bu aty bellenilen aralygy 1 minut 45,6 sekuntda geçmegi başardy. Üçünji baýrakly orny bellenilen aralygy 1 minut 46,4 sekuntda geçen, Ç.Muhammedowyň hojalygyna degişli Aýdere eýeledi. Onuň çapyksuwary J.Hydyrow.
Dört we uly ýaşar atlaryň goşulan dördünji çapyşygynda menzil 1800 metr boldy. Şonda birinji belgide ýaryşa goşulan Gökýaýla bu aralygy 2 minut 03,4 sekuntda geçip, ýeňiji boldy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bedewdir. Onuň çapyksuwary B.Agamyradow.
Şunlukda, ikinji orny Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Dostluk diýen mele bedewi eýeledi. T.Taýlyýewiň çapan bu aty bellenilen aralygy 2 minut 04,2 sekuntda geçdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Turanyň görkezen wagty 2 minut 5 sekunda deň boldy. Çapyksuwar B.Begliýewiň çapan Turany baýrakly üçünji orna düşdi.
Bäşiniji çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler 2200 metr aralyga goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Serkerde bu aralygy 2 minut 30 sekuntda geçip, birinji geldi. Onuň çapyksuwary B.Berdimuhammedow.
Bu ýaryşda Türkmenistanyň Gümrük gullugyna degişli Tamaly atly gara-dor bedew ikinji geldi. Bellenilen aralyga 2 minut 30,8 sekunt wagt görkezen Tamalyny J.Hydyrow çapdy. Üçünji baýrakly orna düşen G.Kyýasowyň hojalygyna degişli Ülker bellenilen aralyga 2 minut 31,8 sekunt wagt görkezdi. Onuň çapuksuwary A.Nedirow.
Soňky iki çapyşyga hem dört we uly ýaşar bedewler 2400 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Olaryň ikisi hem ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu çapyksuwar 2012-nji ýylda Fransiýada geçirilen “Ark de Triumf” baş çapyşyklaryna gatnaşdy. Onuň Aşgabadyň aýlawlarynda örän köp gezek ýeňiş gazanandygyny bellemeli. Baýramçylyk mynasybetli guralan altynjy çapyşykda ussat çapyksuwar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Keýmirdony bilen bellenilen aralygy 2 minut 39,9 sekuntda geçip ýeňiji boldy. Ýedinji, jemleýji çapyşykda hem ussat çapyksuwar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dalbedewi bilen bellenilen aralygy 2 minut 44,3 sekuntda gelip baş baýraga mynasyp boldy.
Altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna degişli Sarpa bellenilen aralygy 2 minut 40,3 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi. Ony B.Berdimuhammedow çapdy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gerçek atly al bedewi bellenilen aralygy 2 minut 41,9 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orny eýeledi. Ony E.Babalyýew çapdy.
Ýedinji çapyşykda bolsa P.Babalyýewiň hojalygyna degişli Gaýrat atly dor at bu aralyga 2 minut 47,6 sekunt wagt sarp edip, ikinji orna düşdi. Ony E.Babalyýew çapdy. Bu ýaryşda üçünji baýrakly orny B.Guwanjyýewiň hojalygyna degişli Köpel eýeledi. Ol bu aralygy 2 minut 48,1 sekuntda geçdi. Köpeli A.Kiçigulow çapdy.
Soňra ýeňijilere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu gezekki tapgyrda baýrakly orunlara düşen çapyksuwarlaryň üçüsine ýeňil awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. Şeýle hem şu gün uzak aralyga geçirilen at çapyşygynyň we konkur boýunça guralan bäsleşigiň netijeleri yglan edildi.
Marafonyň menzili 60 kilometr boldy. Estoniýaly baş emin Kaýdo Rusettiň belleýşi ýaly, türkmen bedewleri bu aralykda diňe bir ýyndamlygyny däl, eýsem örän çydamlylygyny görkezdi.
Bu ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Garasakar atly bedew iň gowy netije görkezdi. Ony B.Mämmedow çapdy. Ikinji orna ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Edenli atly bedewi düşdi. Ony N.Nunnaýew çapdy. Döwlet serhet gullugyna degişli, çapyksuwar M.Gurbanbaýewiň çapan Gorkmazy üçünji baýrakly orny eýeledi.
Ahalteke bedewleri dünýä atşynaslygynda uzak aralyga çapmakda birnäçe gezek taryha girdi. Olaryň örän çydamlydygyny dünýä belli alym-atşynaslar birnäçe gezek bellediler. 1935-nji ýylda Aşgabat-Moskwa atly ýörişi geçirilende türkmen ýigitleri bu aralygy 84 günde geçmegi başardylar. Şonda olar bir gije-gündiiň dowamynda 60 kilometrden gowrak ýol aşdylar. Şondan 30 ýyl geçensoň, türkmen atly ýigitleri iýun aýynda howanyň yssy mahaly çölüň içinden 1200 kilometr aralygy 22 günde geçdiler. Olar bir gije-gündiziň dowamynda 55 kilometre golaý menzil aşmagy başardylar. Bu netijeleri şondan soň hiç kim, hiç ýerde gaýtalap bilmedi.
5-nji maýda ýene-de bir iri çäre guralar. Aziada-2017-niň ýaryşlarynyň başlamagyna 500 gün galanda Türkmenistanyň ähli sebitlerinden atly ýöriş guralar.
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda täze açylan manežde geçirilen konkur bäsleşikleri barada aýdylanda bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Toýçy ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary R.Hojanepesow. Bu bäsleşikde ikinji orna F.Zaripowanyň erk eden Ýerbendi mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa çapyksuwar N.Beglarýanyň çapan Matlaby eýeledi. Bu bedewleriň ikisi hem “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Milli atly sport merkezine degişli.
Bu bäsleşigiň baş emini we konkur boýunça ýurdumyzyň toparynyň tälimçisi germaniýaly Katarina Ýakobyň pikirine görä, türkmen çapyksuwarlarynyň şu döwürde görkezen kämilligi ýokary derejede.
Ahalteke bedewleriniň diňe bir däp bolan at çapyşyklarynda däl, eýsem atçylyk sportunyň beýleki görnüşleri, şol sanda indiki ýylyň sentýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen konkur boýunça hem ýokary netijeleri gazanýarlar.
Aziada-2017-niň ýaryşlarynyň ýurdumyzda konkuryň we atçylyk sportunyň beýleki görnüşleriniň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi gürrüňsizdir. Çünki ahalteke bedewleri diňe bir çapyşykda ýokary netije görkezmek bilen çäklenmän, päsgelçiliklerden bökmek boýunça guralýan bäsleşiklerde hem ýokary derejä eýedigini görkezdiler. Şeýle hem bu bedewler örän gelşikli hem-de dürli oýunlary ýerine ýetirmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen türgenleriniň çapyşyk, konkur boýunça guralýan halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin oňyn mümkinçilikler açylýar. Olar dünýä atçylyk sportunyň öňdebaryjylaryna mynasyp bäsdeşlik edip bilerler.
Şeýle hem şu gün hormatly Prezidentimiz Halkara atçylyk toplumynda bolmagynyň çäklerinde daşary ýurtly toparlaryň wekilleri hem-de türkmen bedewiniň baýramçylygyna gatnaşýan hormatly myhmanlar bilen duşuşyklary geçirdi.
Giň gerimli dabaralar şu günki çapyşyklarda ýeňiji bolan çapyksuwarlaryň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşurylan täze awtoulaglarda dabaraly ýörişi bilen tamamlandy.
***
Ýekşenbe gününde Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Onuň barşynda baýramçylyk konsertleri, sergiler, edebi-sazly çykyşlar, şygyr agşamlary, dabaraly ýygnaklar, köpçülikleýin gezelençler guraldy we ýurdumyzyň atşynaslarynyň, seýisleriniň hormatyna dabaralar geçirildi.
Türkmen halkynyň ýyl ýazgysynda möhüm orun eýeleýän asman atlaryna bagyşlanan baýramçylyk mynasybetli köpçülikleýin we sport çärelerine giň gerim berildi. Şu gün baýramçylygyň çäklerinde özüniň gözelligi we çeýeligi bilen haýran galdyrýan bedewler mynasybetli guralan dabaralar dowam etdi.
Şeýle dabaralar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli atşynaslyk mekdebiniň ösdürilmegi boýunça amala aşyrylýan giň möçberli çäreler arkaly biziň ýurdumyz atşynaslygyň halkara merkezi hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Ajaýyp ahalteke bedewlerini dünýä beren halkymyz häzirki döwürde dünýä medeniýetiniň bahasyz baýlygyna öwrülen gymmatlygy geljekki nesiller üçin gorap saklaýar.