2009-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň döwlet baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary alnyp barylýan gepleşikleri, doly möçberli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen ugurlary görkezmek bilen, yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Baştutanynyň ýaňy-ýakynda Belarus Respublikasyna bolan resmi saparynyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gazanylan ylalaşyklar hyzmatdaşlygyň örän uly mümkinçiliklerini açýar. 27-28-nji aprelde bolup geçen türkmen-belarus maslahaty täze, ilkinji nobatda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer-medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygyň has ýokary basgançagyna galdyryldy. Bu ylalaşyk mundan beýläkki ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň binýadyny gurdy. Şu mynasybetli ýokary derejedäki türkmen-belarus duşuşyklarynyň taryhyny ýatlap geçeliň.
Iki ýurtlaryň Prezidentleriniň ilkinji resmi duşuşyklary 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Duşanbe şäherinde bolup geçen GDA-nyň maslahatynyň çäklerinde bolup geçipdi. Bu duşuşyk iki döwletiň baştutanlarynyň – Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň netijeli gepleşikleriniň başyny başlady. Soňra 2009-njy ýylyň iýun aýynda Belarusyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary boldy (2002-nji ýyldan soň). Şonda Belarusyň baştutany Türkmenistanda bolup geçen özgertmeleri görüp, haýran galypdy. „Men düýbünden täze şäheri gördüm. Bu ýerde iň owadan binalar gurlupdyr, raýatlar üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy has-da buýsandyrýar. Bolup geçen örän uly özgertmelere geň galmazlyk mümkin däl. Şol bir wagtyň özünde hem Aşgabada mahsus bolan ajaýyplyklar we amatlyklar saklanyp galypdyr“ diýip, dostlukly döwletiň baştutany aýtdy.
Şonda hem türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň berk binýady goýuldy: Türkmenistana oba hojalyk, awtoulag, awtobuslary we beýleki tehnikalary getirmek barada uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyklara, “Belarus” kysymly traktorlaryny we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda şertnama gol çekildi. Kaliý dökünlerini öndürýän dag magdanlaryny baýlaşdyryjy toplumyny gurmak boýunça Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilmegi möhüm waka boldy. Ykdysady pudakda, bilim, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, medeniýet, ylym we tehnologiýa, metbugat we maglumatlar, sport we syýahatçylyk, ýolagçylary we ýükleri gatnatmakda halkara awtoulag meseleleri boýunça, gümrük işlerinde özara kömek bermek, salgyt kanunlaryny berjaý etmek ulgamlary boýunça döwletara hyzmatdaşlygyna badalga berildi.
Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň 2009-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda iki döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda kuwwatlylygy bir ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmäge mümkinçiligi bolan Merkezi Aziýada iň iri Garlyk dag magdanlaryny baýlaşdyryjy toplumyň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Iki döwletiň ykdysady gatnaşyklarynyň taryhynda şeýle iri göwrümli tasalamanyň hazire çenli bolmandygyny belläp geçmelidiris. Mälim bolşy ýaly, Belarus Respublikasy kaliý magdanlaryny gaýtadan işlemek ulgamynda we kaliý dökünlerini öndürmekde dünýäde öňde baryjy ýurtlaryň dörtligine girýär. Şonuň üçin hem Tzrkmenistanyň “Belgorhimprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini saýlap almagy doly esaslydyr.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şonda öz kärdeşi bilen salamlaşyp, „ biz hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça umumy maýdalawjysyny tapýarys we biri-birimiziň bähbitlerimize esaslanýan şeýle ýörelgäniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegiň we ösdürmegiň girewi diýip hasap edýäris“ diýip aýtdy. 2009-njy ýylda Türkmenistanda belarus maýa goýumynyň gatnaşmagynda 8 kärhana işleýärdi, belarus kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 23,4 million dollary bolan maýa goýum taslamalarynyň 9-sy amala aşyryldy.
Şol bir wagtyň özünde, döwlet baştutanlarynyň baha bermeklerine görä, iki ýurdyň arasyndaky haryt dolanşygynyň möçberi şol döwürde iki taraplaýyn mümkinçilikleri beýan etmeýärdi. Şonda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söwdanyň we maýa goýumyň möçberlerini artdyrmagy, dürli pudaklar boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagy, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan täze, olaryň biri bolsa himiýa senagatyna degişli bolan ugurlary gözlemegi teklip etdi. Oba senagaty toplumy boýunça – bu ýerde bilelikde işlemek üçin iki taraplaýyn hem, köp taraplaýyn hem giden bir meýdan ýatyr. Indiki ugurlar bolsa – maşyn gurluşygy, nebiti we gazy gaýtadan işlemek, dokma, ýeňil, gaýtadan işleýiş senagaty ugurlarydyr. Türkmenistanyň Prezidenti gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy iki taraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Esasan hem, bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem saglygy goraýyş, hünärmenleri taýýarlamak hem-de ylmy gözlegleri geçirmek ugurlary, türkmen hünärmenlerini Belarusda okatmagyň mümkinçiliklerini peýdalamak boýunça Türkmenistanyň we Belarusyň okuw jaýlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegi aýratyn nygtady.
Şonda, 2009-njy ýylda, Aleksandr Lukaşenko „Biz Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris hem-de türkmen tarapyna, aýratyn hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa, Belarus bilen has netijeli we giň göwrümli hyzmatdaşlyklary etmäge ynam bildirendikleri üçin çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Belarus hem öz tarapyndan bu bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini we ygtybarly hyzmatdaşdygyny iş ýüzünde görkezer“ diýip belledi.
Belarus Respublikasynyň Prezidenti gumanitar ulgamy boýunça gatnaşyklar barada aýdyp, „milletiň ruhunyň gaýtadan dikeldilmegi, milli medeni mirasyň saklanyp galmagy barada Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty guwandyrýar“, „Türkmenistanyň Prezidentiniň bu meseleleri çözmäge çemeleşişi türkmen baştutanynyň öz halkyny söýýändigini we ýurdyň geljegi barada alada edýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň islendik pudagy üçin öz bilim berýän merkezlerimizde we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga goldaw bermäge Belarus taýýardyr“ diýip aýratyn nygrady.
Belarusyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan saparynyň dowamynda döwletara, hökümetara we pudagara möhüm resminamalarynyň 14-ne gol çekildi. Aleksandr Lukaşenko bu saparynyň örän netijeli bolandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly Belarusa ilkinji resmi saparyny 2010-njy ýylyň 25-26-njy ýanwarynda amala aşyrdy. Bu sapar türkmen – belarus hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň makasatnamasy mazmuna örän baý boldy.Ilkinji nobatda bu ýurdyň ykdysady ýagdaýy bilen içgin tanyşmak esasy maksatlaryň biri boldy.
Iki ýurdyň prezidentleri hem bir ýylyň içinde söwda-ykdysady ulgamynda guwandyryjy öňegidişlikleriň bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler: haryt dolanşygy 50 göterim köpeldi. Milletň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň örän netijeli bolandygyny nygtady: iki taraplaýyn aragatnaşyklar has işjeňleşdirildi, özara hereketiň görnüşleri we ugurlary ýaýbaňlandyryldy.
Iki ýurdyň söwda-ykdysady gatnaşyklary täze ösüşe eýe boldy. Hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýady guruldy, uly özara gyzyklanma emele geldi, hökümet derejesinde yzygiderli gatnaşyklar döredildi. Önjeýli işjeň gepleşikleri mundan beýläk hem ösdürmek we ony iş ýüzünde üstüni ýetirmek maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara topary işleýär. Bu meseläniň Türkmenistan üçin wajyplygy Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga saýlap alan ugry we oňa innowasion häsiýeti bermegi bilen şertlendirilendir. Senagatyň birnäçe pudagynda, oba hojalygynda, azyk senagatynda belarus hyzmatdaşlarynyň toplan tejribesine we tehnologiýasyna Türkmenistan gyzyklanma bildirýär. Biziň ýurdymyz ýangyç-energetika toplumynda, dokma we ýeňil senagatyň önümlerini ibermegiň möçberini artdyrmaga, awtoulag, maşyn gurluşygynda, elektrotehnika, derman senagatynda, aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlarynda, oba hojalyk tehnikalaryny getirmek boýunça Belarusyň kärhanalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmenistanyň baştutany iki ýurdyň döwlet we hususy gurluşlarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki biznes-forumy geçirmegi we iki ýurtda hem ykdysady gazananlaryň sergisini geçirmegi teklip etdi. Şeýle hem Belarusda Türkmenistanyň medeniýet günlerini we Türkmenistanda Belarusyň medeniýet günlerini geçirmek meselesine garamagy teklip edildi. Bu teklip iş ýüzünde amala aşyryldy (gepiň gerdişine görä aýtsak, belarus artistleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Minskä resmi saparynyň öňisyrasynda Aşgabatda boldylar).
Saparyň netijeleri boýunça iki döwletiň baştutanlary öň hereket edýän ylalaşyklaryň we şertnamalaryň üstüne ýene-de goşmaça 9-yna gol çekdiler. Olaryň arasynda söwda-ykdysady ulgamynda belarus oba hojalyk tehnikalaryny, awtoulag tehnikasyny we şäher ulag tehnikasyny ibermek hakynda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara topary hakynda, bilim, alymlyk derejelerini we atlaryny özara ykrar etmek resminamalary hakynda, Aşgabatda we Minskide söwda öýlerini döretmek hakynda,Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Belarus döwlet akademiýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda, Türkmen politehniki instituty bilen Belarus milli tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklar we beýlekiler bar.
Ýokary derejede geçirilýän iki taraplaýyn duşuşyklar yzygiderli häsiýete eýe boldy. Bir ýyl mundan ozal Prezident Aleksandr Lukaşenko aprel aýynyň edil şol günlerinde Türkmenistanda resmi sapar bilen boldy. Nobatdaky türkmen-belarus duşuşygy hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, özara gatnaşygyň geljegi uly bolan meýilnamalaryny kesgitlemäge şert döterdi.
Iki tarapyň hyzmatdaşlygy olaryň tehnologiki taýdan täzelenmek şertlerinde täze häsiýete eýe bolýar. „Diwesifisirlenen we köp pudakly ykdysadyýeti işjeň ösdürmek bilen, Türkmenistan Belarusyň belli senagat kärhanalarynyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär… Şunda tejribe alyşmaga we ýokary tehnologiýalara esaslanýan bilelikdäki taslamalary çaltlaşdyrmaga uly orun degişlidir. Işlere şeýle çemeleşilmegi özara gatnaşyklary has ýokary derejelere çykarar we ikitaraplaýyn mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge şert döreder“ diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Iki tarap hem iki ýurdyň paýtagtlarynda Söwda öýüni açmak hakyndaky karar kabul etdi we ol durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki Hökümetara toparynyň ýanynda iki taraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyk Geňeşini döretmekligi teklip etdi. Biziň döwletimiziň baştutany „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegi nazarda tutup, hyzmatdaşlygyň bir ugruny syýahatçylyga gönükdirmegi beýan etdi. Hemişe bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklarynda iki ýurtda hem toplanan tejribe boýunça bilim, ylym we medeniýet esasy meseleleriň biri boldy.
Prezident A.Lukaşenko öz tarapyndan himiýa, ýeňil senagat, energetika, oba senagat toplumy, senagat we durmuş desgalaryny gurmak, Minskiniň traktor zawodynda, gerek bolan ýagdaýynda belarusyň beýleki kärhanalarynda hem türkmen talyplarynyň tehnologiki tejribelikleriniň geçirilmegini gurnamagy belledi. Şol döwürde Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 4,5 müňüsinden gowragy okaýardy. Dostlukly ýurdyň baştutany golaý wagtda bilimden we ylymdan ýüki ýeten türkmen talyplaryny Belarusa bolan mähirli söýgüleri bilen öz watanyna getirjekdigini nygtady.
Belarusyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan sapary iki ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň hyzmatdaşlyk etmek boýunça maksatnamasyna, Maliýe ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara we beýlekiler boýunça gol çekişmeklik bilen tamamlandy. Däp boýunça Prezidentler Bilelikdäki türkmen-belarus beýannamasyna gol çekdiler.
Türkmenistanyň we Belarusyň baştutanlarynyň 2009-2011-nji ýyllarda bolan resmi saparlarynyň şeýle jikme-jik beýan edilmegi ýöne ýere däldir. Ol iki taraplaýyn ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çuňňurlygyna we giň göwrümliligine, ýurtlaryň döwletara gatnaşyklarynyň berk binýady esasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň 27-28-nji aprelinde Belarusa bolan resmi saparyna doly baha bermäge şert döredýär. Bu sapar hyzmatdaşlygyň hukuk taýdan täze sahypasyny açdy. Bu barada biz indiki makalalarymyzda gürrüň bereris.
referans: www.turkmenistan.gov.tm