Aşgabatda türkmen-britan söwda –senagat geňeşine britan tarapyndan başlyklyk ediji jenap Ronald Neş saparda bolýar.
Türkmenistanyň Hökümetinde, Söwda-senagat edarasynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň dürli ugurlaryna, şeýle hem netijeli ösdürilýän türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine garaldy. Jenap Ronald Neşiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleri we ýurduň okgunly ykdysady ösüşi ýurtlaryň ikisiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi üçin täze giň mümkinçilikleri açýar.
Söwda- ykdysadyýet ulgamy , gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, syýhatçylyk we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilişi bilen baglylykda myhman bu pudagyň ýokary mümkinçiliklere eýedigini, şonuň ýaly hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa göterijileriň eksportynyň diwersifikasiýasyna gönükdirilen energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ähliumumy energetika hopwsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyjynyň aýratyn işjeňligini nygtap, jenap Ronald Neş Beýik Britaniýanyň işewürleriniň özleriniň geljegi uly we okgunly ösýän türkmen bazarlarynda bolmaklaryny giňeltmek isleýändiklerini aýtdy. Şunda abraýly britan kompaniýalarynyň täze bilelikdäki taslamalara gatnaşmak mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gulluk akademiýasynda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň meseleleri gürrüňdeşligiň esasyny düzdi.
Türkmen-britan söwda –senagat geňeşine britan tarapyndan başlyklyk edijiniň Aşgabatda bolmagynyň maksatanamasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy meýilleşdirildi. Ol ýerde iki dostlukly ýurtlaryň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ugurlary ara alyp maslahatlaşylar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm