Şu gün paýtagtymyzyň «Prezident» myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň birinji mejlisi boldy, onuň işine Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri we Beýik Britaniýanyň işewür toparlary gatnaşdy.
Işewür duşuşyga gatnaşmak üçin türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň britan tarapyndan başlygy jenap Ronald Neşiň baştutanlygynda wekilçilikli delegasiýa Aşgabada geldi. Beýik Britaniýanyň işewürler toparyna British Petroleum, Shell, Gaffney, Cline & Associates, Denton, Wilde Sapte, Arawak Energy, KBP Oil & Gas, Worley Parsons, De La Rue, Rolls-Royce, Agusta Westland ýaly iri kompaniýalaryň we beýleki birnäçe firmalaryň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri wekilçilik edýär.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri özara ynanyşmak we ikitaraplaýyn peýda görmek ýörelgelerinde gurulýan döwletara hyzmatdaşlygynyň depginli ösýän häsiýetini nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň işi Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder diýip ynam bildirdiler.
Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň britan tarapyndan başlygy jenap Ronald Neşiň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu gün geçirilen netijeli gepleşikleriň barşynda energetika, önümleri gaýtadan işlemek, ulag infrastrukturasyny ösdürmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlarda mundan beýläkki giň möçberli hyzmatdaşlygyň esasy ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap Ronald Neş şeýle hem türkmen Lideriniň meýilleşdirilen taslamalary ilerletmegiň yzygiderli monitoringini yzygiderli geçirmek hakynda möhüm başlangyjyny belledi, ol taslamalaryň tiz amala aşyrylmagyna ýardam eder.
Öň gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň dürli taraplary, şeýle hem türkmen-britan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýagdaýy we geljegi geňeşiň mejlisiniň gün tertibine giren möhüm meseleler boldy.
Häzirki wagtda britan kompaniýalarynyň köpüsi Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarydyr. Olar taslamalaryň ençemesiniň, şol sanda nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek babatyndaky, bank ulgamyndaky, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Olaryň üstünlikli işlemegi Türkmenistanda özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlyk üçin ähli zerur şertleri döredýän amatly maýa goýum ýagdaýynyň emele gelendigine şaýatlyk edýär. Bu ýagdaý, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, türkmen döwletiniň kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerini dolulygyna açmaga gönükdirilen ykdysady reformalar strategiýasynyň häzirki wagtda köp sanly daşary ýurt kompaniýalaryny, şol sanda Beýik Britaniýanyň kompaniýalaryny özüne çekýär.
Soňky wagtda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň ençemesi boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini kanagatlanmak bilen belläp, duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiligini doly işe girizmegiň zerurdygyny bellediler we ýangyç-energetika ulgamynda, söwda-ykdysady we bank ulgamlarynda, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, oba hojalygy, gurluşyk, telekeçilik babatda, syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky pikiri aýtdylar.
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Kit Allan Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň geljeginiň uludygyny, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belläp, Britan kompaniýalarynyň türkmen tebigy gazyny Ýewropanyň, hususan-da Beýik Britaniýanyň bazaryna eltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny işjeň ösdürýän, Türkmenistanda geçirilýän ägirt uly özgertmeler iki ýurduň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze giň mümkinçilikleri döredýär diýip ilçi belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen döwletiniň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutmak bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri ylalaşylan pikir alyşmalar ugurlaryň tutuş tapgyry boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda täze ädim bolar diýip ynam bildirdiler.
Ertir Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň delegasiýasynyň agzalary Türkmenistanyň Hökümetinde duşuşyklary geçirerler. Gepleşikleriň barşynda açylýan täze mümkinçilikler bilen baglylykda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
referans: www.turkmenistan.gov.tm