Türkmen Dili
Biz ýitmesek, sen ýitmersiň dünýäde,
biziň barlygymyzda bolarsyň senem.
seni maňa süýde garyp beripdir
…çagakam ak süýdün emdiren enem.
Ata – babalarymyň sözlän dili sen
sen – hüwdi, sen – aýdym, sen – datly kyssa.
men seň bilen gam-gyssany unudýan,
uzak ülkelerde ýüregim gyssa.
Beýik magtymgulyň dana sözi sen,
ajap dessanyň namasy sensiň.
sen meniň halkymyň akyl-paýhasy,
hem halkymyň ary-namysy sensiň.
Çagalarym ömürylla unutmaz
gadymlardan gelýän türkmeniň dilin.
öz dilini bilip, özgäň dilinem
öwrenmek ullakan baýlygymyz biziň.
Goý, dünýäde ähli diller ýaşasyn,
ýaşasyn içinde türkmeniň dilem.
men dünýäniň bar baýlygyn çalyşman
dil baýlygym – uly mirasym bilen.
A. Atabaýew