9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmen Diplomatiýasynyň Möhüm Ugurlary Boýunça Okuw Merkezi Açyldy

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň açylmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Täze merkeziň döredilmegi baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 20-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasaty binýatlaýyn esasda, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde amala aşyrylýar. Şunuň ýaly strategiýa hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, dürli meseleler boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge, özara ylalaşykly çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda, ulag we energetika diplomatiýasynyň ornyny belledi. Bu ugurda biz eýýäm belli bir iş tejribesini topladyk. Ýöne wagt bir ýerde durmaýar, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri işläp düzmegi, hakyky ussat hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Şol hünärmenler meselä düýpli düşünip, hyzmatdaşlar bilen jikme-jik we hemmetaraplaýyn gepleşikleri alyp barmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu maksatlar bilen hem DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça ýörite Okuw merkezini döretmek baradaky çözgüt kabul edildi. Bu merkeziň açylmagy bilen halkara gatnaşyklar ulgamynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy täze derejä çykarylar, bu bolsa Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän barlag we seljerme işlerini kämilleşdirmäge, döwrüň talaplaryna laýyklykda bu ýokary okuw mekdebiniň geçirilýän çäreleriniň iş ýüzündäki netijesini güýçlendirmäge mümkinçilik berer.

Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän maslahatyň işine ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň ilçihanalarynyň baştutanlary, milli parlamentiň deputatlary, syýasatşynaslar, iri halkara guramalaryň we düzümleriň, Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda institutda alnyp barylýan işleriň esasy tapgyrlary we netijeleri häsiýetlendirildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Daşary işler ministrliginiň öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebiniň geljekki işleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň 2008-nji ýylda ýurdumyzda halkara gatnaşyklar ulgamynda hünärmenleriň taýýarlanylmagyna niýetlenilen öz ýokary okuw mekdebimizi döretmek baradaky kabul eden çözgüdi Türkmenistanyň ösüşiniň zerurlyklary bilen hem, halkara ýagdaýlar, ählumumy meýilleriň häzirki zaman depgini bilen hem şertlendirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk ugruny, daşary dünýä üçin açyklyk ýörelgesini saýlap almak bilen, bu maksatlaryň durmuşa geçirilmeginiň ýokary derejeli hünärmenleri, halkara gatnaşyklar boýunça işgärleri, öz işiniň ussatlaryny, ýurdumyza dünýä derejesinde mynasyp wekilçilik etmäge ukyply hünärmenleriň yzygiderli esasda taýýarlanylmagyny talap edýändiginden ugur aldy. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bolsa Halkara gatnaşyklary institutynyň üstüne ýüklenildi diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler.

Geçen döwür bu ýokary okuw mekdebini ösdürmegiň saýlanyp alnan ýolunyň, onuň okuw işleriniň geçirilmegine çemeleşmeler wagtyň talabyna laýyklykda alnyp barylýandygyny görkezdi. Häzirki wagtda institutyň okuw işleriniň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna, onuň häzirki zaman dünýä meýillerine doly derejeli goşulyşmagynyň wezipelerine laýyk gelýär.

Bu ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň belleýişleri ýaly, on ýylyň dowamynda institutda 470 hünärmen taýýarlanyldy, olar dürli ulgamlarda — diplomatiýa, ykdysadyýet, hukuk, maliýe-bank ugurlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işleýärler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugrunyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlaryna laýyklykda, okuw işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Dersleri okatmagyň usulyýetleri baýlaşdyrylýar, ylmy we barlag işleri geçirilýär.

DIM-niň merkezi edarasynyň tejribeli hünärmenleriniň, ilçihanalaryň, konsullyklaryň hem-de Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň okuw işlerine çekilmegi ýokary okuw mekdebinde sapak bermegiň esasy aýratynlygy bolup durýar, olar talyplaryň öňünde yzygiderli çykyş edýärler, okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar. Türkmenistanyň diplomatiýa gullugynyň weteranlary gullugyň işine aýratyn goşant goşýarlar, olar talyplara we mugallymlara özleriniň baý tejribesini berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde Halkara gatnaşyklary institutynyň ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýady döredildi. 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda institutyň täze binasy açyldy, ol iň häzirki zaman binagärlik ölçeglerine laýyklykda guruldy hem-de döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi, ýokary tehnologiýaly kompýuter otaglary döredildi, olar okatmagyň innowasiýa usullaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Bu ýokary okuw mekdebiniň barha giňelýän halkara gatnaşyklary onuň üstünlikli işlemeginiň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda gol çekilen ylalaşyklaryň esasynda institut birnäçe döwletleriň degişli ýokary okuw mekdepleri, diplomatik akademiýalary hem-de mekdepleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Hyzmatdaşlaryň hatarynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar instituty, Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gulluk instituty, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar instituty, Rumyniýanyň Diplomatiýa instituty, Argentinanyň daşary syýasat edarasynyň Milli diplomatik gulluk instituty ýaly, meşhur hem-de abraýly okuw mekdepleri we beýlekiler bar.

Ýokary okuw mekdebi Türkmenistanda ýerleşýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň hem-de BMG-niň ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirýän hanym Natia Naswlişwiliniň çykyşynda belleýşi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda Halkara gatnaşyklary instituty talyp ýaşlar bilen işlemekde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň esasy hyzmatdaşyna öwrüldi.

Ýokary okuw mekdebinde geçirilen köp sanly çäreler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol çäreleriň hatarynda BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň wekilleri hem-de halkara bilermenler tarapyndan geçirilýän dürli mowzuklar boýunça talyplaryň pikir alyşmalary, mowzuklaýyn sergiler, maslahatlar hem-de dünýäniň gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler bar.

Ilatyň giň gatlagynyň Durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi we onuň maksatlary bilen habarlylygyny ýokarlandyrmak BMG-niň hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar diýip, hanym Naswlişwili belledi. Ählumumy 2030 gün tertibiniň kabul edilmeginden müň günüň geçmegi mynasybetli 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça çäreleriň biraýlygynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde geçirilen bu çärä ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň ählisinden talyplaryň ýüzlerçesi gatnaşdy.

Özara gatnaşyklaryň çäklerinde BMG-niň pikir alyşmalary, BMG-niň modeli, Durnukly ösüş maksatlary boýunça amaly okuw maslahatlary, DÖM-ni maliýeleşdirmegiň innowasion usullary boýunça bank edaralarynyň hem-de hususy ulgamyň wekilleri üçin okuwlar, “DÖM-niň ýaş ilçileri” mowzugy boýunça düzmeleriň bäsleşigi ýaly çäreler üstünlikli geçirildi. Şeýlelikde, netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ilatyň giň gatlaklarynyň, şol sanda çagalaryň arasynda 2030 gün tertibi barada bilimleri ýaýratmak başartdy diýip, hanym Naswlişwili nygtady.

Halkara gatnaşyklary institutynyň 10 ýyllyk senesine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda myhmanlar Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ony açmak baradaky çözgüdiniň wajypdygyny belläp, täze merkeziň işiniň Türkmenistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ylmy-barlag we intellektual kuwwatyny artdyrjakdygyny nygtadylar.

Şu gün bu ýerde ilkinji ýöriteleşdirilen sapaklar geçirildi. Şolarda ýokary okuw mekdebiniň talyplary diplomatik wekilhanalarda baý iş tejribesini toplan hünärmenleriň Türkmenistanyň energetika, suw we ulag diplomatiýasy baradaky çykyşlaryny diňlediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy meselelere häzirki garaýyşlarynyň ulgamy şol diplomatiýanyň esasyny düzýär.

çeşme: TDH

Degişli makalalar

Nebitgaz Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Täze deňiz menzili açyldy.

syrach