Institutyň iňlis dili mugallymy Maral Kulyýewanyň ýolbaşçylyk edýän Meýletinler merkezininiň hataryndaky talyplaryň 500-si üçin Aşgabatda şu ýylyň güýzünde geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna meýletinler hökmünde gatnaşmak ýaly hormatly wezipe olara iňlis dilini ýokary derejede öwrenmäge, gözýetimini giňeltmäge, ýaryşa gatnaşýan ýurtlaryň taryhyny we medeniýetini öwrenmäge degerli esas boldy.
Bu ýokary okuw mekdebiniň Meýletinler merkezininiň döredilenine üç ýyl boldy. Bu ýerde iňlis dili boýunça goşmaça sapaklar yzygiderli geçirilýär. Şu okuw ýylyndan başlap, meýletinleriň dil taýýarlygy maksatnamasyna ýapon dili hem goşuldy, ony D.Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutyny golaýda tamamlan Akbibi Atanyýazowa öwredýär.
Ýapon dili ýokary okuw mekdebiniň sapaklar tertibine multilingwal bilim strategiýasyny durmuşa geçirmek jähtinden ornaşdyryldy. Ýapon dili boýunça sapaklar üçünji ýyl talyplary üçin birnäçe ugurlar boýunça gurnaldy. Sapaklar interaktiw usullary ulanylyp geçilýär.
Talyplar uly möçberli sport ýaryşyna taýýarlygyň çäklerinde halkara meýletinler hereketine hem gatnaşýarlar. Mysal üçin, aragatnaşyk fakultetiniň ikinji ýyl talyby Arça Annabaýew 2016-njy ýylda geçirilen V Aziýa kenarýaka oýunlaryna gatnaşdy.Ulag gurluşygy we ykdysadyýeti fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Yslam Gurbanow 2015-nji ýylda Bakuwda geçirilen I Ýewropa oýunlaryna meýletinçi bolup gatnaşdy. Ol medeni-düşündiriş çärelerini gurnamaga işjeň gatnaşypdy. Talyplaryň gazanan tejribesi Aşgabatda geçirilen halkara synag ýaryşlaryň çäklerinde meýletinleriň wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam edýär.
Meýletinler öz okaýan ýokary okuw mekdebinde hem tematiki çäreleri guramaga ýakyndan kömek berýärler. Olaryň arasynda V Aziýada hem-de Saglyk we ruhybelentlik ýylyna bagyşlanyp yzygiderli geçirilýän tanydyryşlar bar.
TDUweAI –niň Meýletinler merkeziniň işi barada onuň ýolbaşçysy Maral Kulyýewa gürrüň berende: „Aziýadanyň öňüsyrasyndaky guramaçylyk işinde talyplara „meýletinçilik kadalarynyň „ düzgünlerini öwretmek möhüm wezipedir. Onuň kadalarynyň birine görä, ýurdumyzyň myhmanlaryny halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşdyrylanda olar türkmene mahsus hoşamaý we myhmansöýer häsiýetlerini görkezmelidirler“- diýip belledi.
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary meýletinler hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet we halkara derejesindäki ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, olaryň guramaçylarynyň gymmatly baýraklaryna we hormat hatlaryna mynasyp bolýar.