9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ykdysady ylmy işi täjik dilinde neşir edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly ylmy işiniň täjik dilinde neşir edilmegi dünýäde häzirki zaman Türkmenistana, täze Galkynyş eýýamynda onuň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň gaýtalanmajak täsin nusgasyna bildirilýän ägirt uly gyzyklanmanyň nobatdaky subutnamasy boldy we ol dostlukly ýurtda Türkmenistanyň bitaraplygynyň şanly 15 ýyllygynyň öň ýanynda çapdan çykdy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň iki tomluk ylmy işi Türkmenistanyň durmuş taýdan bazar ykdysadyýetine gönükdirilen ösüşiniň kemala gelmegini beýan etmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşynyň ideýa-taglymlaýyn we ylmy-amaly esaslaryny açyp görkezýär. Şeýle hem ol döwletiň ykdysady işini we ykdysady gatnaşyklardaky taraplaryň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy resminamalary hem özüne birleşdirýär. Munuň özi bolsa şol ylmy işi hünärmenler üçin hem, okyjylaryň giň topary üçin hem, şol sanda halkara seljerijileri we biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky geljekki işewür hyzmatdaşlary üçin hem peýdaly hem-de gyzykly ylmy işe öwürýär.

Täjik dilindäki täze neşir Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýetine hem işine, şeýle hem milletiň Lideriniň ylmy işlerine bagyşlanyp doganlyk halkyň dilinde neşir edilen kitaplar toplumynyň üstüni ýetirdi. Diňe şu ýylyň özünde «Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk» we «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly iki tomluk kitaplaryň täjik diline terjime edilen neşirleri bilen türkmenistanlylary tanyşdyryş dabaralary geçirildi. Bu neşirleriň çapdan çykarylmagy türkmen-täjik dostluk gatnaşyklarynyň ýylsaýyn berkemeginiň taryhynda möhüm waka, türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hormat goýulmagynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly hyzmatlarynyň, köptaraplaýyn döwlet, syýasy we ylmy işiniň ykrar edilmeginiň düýpli deliline öwrüldi. Bularyň ählisi iki halkyň ylmy we medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, olaryň özara düşünişmegine we ynanyşmagyna ýardam eder.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Astrahanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy Bellenildi

syrach

Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlary

syrach

Adam Hukuklary