17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Türkmen edebiýaty

Türkmen edebiýaty iň gadymy edebiýatlaryň biridir. Ol özüniň taryhyny gadymy zamanlardan alyp gaýdýar. Türkmen edebiýaty bizi gadymy zamanlardan başlap, Şu günlere çenli halkyň ýaşaýşy, durmuşy, dürli wakalara gatnaşyşy, gahrymançylyklary, pajygaly ýagdaýlary, arzu-islegleri, bagtly-şatlykly durmuşlary bilen çeper tanyş edýär. Halkyň döreden şahyrana eserleri: “Gorkut ata”, “Oguznama” , “Kabusnama”,”Görogly” , “Sasenem-Garyp” ýaly onlarça eposdyr dessanlar köp asyrlar mundan öňki gahrymançylykly, durmuşy, taryhy wakalary habar berýär. -z taryhyny gadym zamanlardan alyp gaýdýan edebiýatyň has ösen döwri orta asyrlardyr. Bu asyrlarda Orta Azyýada Mahmyt Kaşgary “Diwany- Lügat et-türk” , Abu Abdylla Muyzzi (1047- 1127), Omar Haýýam (1048- 1122), Sanjar (1083-1157) “Seljuknama”, Hoja Ahmet Ýasawy (1103-1166) , Aly “Kyssaýy-Ýusup” (1233), Mahmyt Pälwan (1247-1326), Ahmet Burhaneddin Siwasly (1345-1398) Horezm1i “Muhabbetnama” (1353), Seýit Nesimi (1370-1417), Alyşir Nowaýy (1441-1501) ,Wepaýy “Rownakyl yslam” (1464) , Muhammet Fizuly (1500-1563), Muhammet Baýramhan (1505-1561). Abdyrahym Baýramhan ogly (1556-1626), Berhudar Türkmen “Ragna we Zyba” Garaja oglan (1606-1679) ýaly beýik şahyrlar ýaşap eserleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyrypdyrlar. Orta, asyrlaryň iň görnükli talantlarynyň biri Muhammet Baýramhandyr. Ol diňe bir şahyr, bagşy-sazanda däl-de , Hindistanda Mongollar köşgüniň baş weziri , harby serkerde-”Han- hanan” hem bolupdyr. Baýramhanyň türki, pars, urdy dillerinde ýazan goşgulary asyrlar geçip, biziň döwrümize ýetipdir.

XVIII asyr türkmen edebiýatynyň özboluşly ösen döwrüde ýaşan görnükli, progressiw pikirli söz ussatlary:“Döwletmämmet- Azadynyň (1700-1760) “Wagzy-azat” , “Magtymguly-Pyragynyň” (1733-1783) graz’danlyk Lirikasy, Nurmuhamet-Andalybyň (1710-1770) “leýli-Mejnun”, “Ýusup-Züleýha” , “Oguznama” , Abdylla -žabendänin (1720 -1800) , “Gül “ Bilbil”, “žabährem” , Syýahatnama , “Ĺžeýdaýynyň (1730 -1800 )” , “Gül-Senuber” Mahmyt Gaýybynyň (1734-1800) , “Otuz iki tohum kyssasy” , Gurbanaly Magrupynyň (1740-1810) “Seýpelek-Medhaljemal” , “Döwletýar”, “Ýusup-Ahmet” , “Aly beg-Baly beg” ýaly eserleri türkmen edebiýatyny , dilini we medeniýetini biçak ösdürýär. XVIII asyr türkmen edebiýatynda agzybirlik, il-ýurdy söýmek we ony goramak , bir bitewi döwlete birleşmek , mertlik , batyrlyk , wepalylyk , ar-namysly bolmak “ baş temalar bolýar.Çeper edebiýatda milli özboluşlylyk , täze mazmunly poeziýa , realistik ugur , progressiw ideýalar has aýdyň dużulýar .

XIX asyrda türkmen edebiýaty döwrebap ösüş ýoluny geçýär. Bu döwrüň türkmen edebiýatynda XVIII asyrda düýbi tutulan esasy temalar, progressiw ösdürilýär , kämilleşdirilýär.

XIX asyrda özleriniň dürdäne eserleri bilen külli türkmene özüni tanadan klassyk şahyrlar: Mämmetweli Kemine, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili , Mollanepes , Annagylyç Mätäji we başgalar ýaşapdyr. Bu talantly şahyrlaryň durmuşy dogruçyl beýan edýän , zähmetkeşiň duýgy-dünjesini, ýürek owazyny çeper aňladýan goşgulary ýüreklere teselli berip, dilden -dile geçip gelipdir.

XIX asyrda türkmen topragy dürli taryhy wakalaryň şaýady bolupdyr. Muny Abdy Setdar Kazynyň “Jeňnama” (Tekeleriň uruş-kyssa kitaby) poemasy tassyklaýar. “Jeňnama” (1862) poemasynyň üsti bilen beýik akyldar Magtymgulynyň türkmen tirelerini birleşdirmek , bir bitewi türkmen döwwletine-ýeňilmez güýje öwürmek baradaky progressiw ideýlarynyň XIX asyrda durmuşa geçip başlandygyny açyk aňýarys.

XX asyryň başyndaky (1900-1917) türkmen edebiýatynyň taryhyny Döwletmämmet Balgyzyl , Molladurdy , Baýram şahyr , Körmolla, Durdy Gylyç ýaly halk arasynda giňden tanalan şahyrlar bezeýär . Bu şhyrlar öz eserlerini , esasan durmuşy , sosiyal deňsizlik temalarda düzüp, türkmen edebiýatyna öz goşantlaryny goşupdyrlar.

Türkmen sowet edebiýaty (1917-1990) özüniň döreýiş we ösüş başlangyjyny beýik Oktżabr Sosialistik rewolżusiýasynyň ýeňşinden alýar. Onuň döreżiş we ösüş prosesi ýurdumyzdaky sosiýalistik durmuş ajaýyp söz ussatlarynyň -ýazyjy -şahyrlaryň: Mollamurtuň, Berdi Kerbabaýewiň Ata Gowşudowyň, Agahan Durdyýewiň, Oraz Täçnazarowyň, Hydyr Derýaýewiň, Nurmyrat Saryhanowyň, Ata Salyhyň, Aman Kekilowyň, Gara Seýitliýewiň, Towşan Esenowanyň, Kerim Gurbannepesowyň we başgalarynyň döredijilik talanty bilen berk baglanyşýar. Türkmen Sowet edebiýaty geçen taryhy döwrüň içinde tema, ideýa-çeper-çilik janr taýdan has ösýär we kämilleşýär. Onuň taryhyny Beýik Oktýabr, W.Ý.Lenin, partiýa, türkmen halkynyň geçen taryhy -rewolýusiýon ýoly, beýik watançylyk urşunda sowet halkynyň beýik Ýeňşi, parahatçylyk, halklaryň dostlygy, Sowet adamsy we onuň zähmet hem ahlak sypatlary barada ýazylan ýüzlerçe çeper, şahyrana eserler bezeýär .

Degişli makalalar

Täsin Bagyň Bagbany

Daşary Ýurda Gitmek Üçin Biometriki Pasport we Gerekli Resminamalaryň Sanawy

turkmenhabargullugy

Türkmenistan DÖM-nyň Global Gün Tertibiniň Esaslandyrylmagynda Halkara Hyzmatdaşlary Bilen Işjeň Hyzmatdaşlyk Edýär