12.9 C
Aşkabat
17.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

2020-nji Ýyla Çenli Türkmen Elektrik Energiýasyny Daşary Ýurtlara Ugradylyşy Bäş Esse Artar

2020-nji Ýyla Çenli Türkmen Elektrik Energiýasyny Daşary Ýurtlara Ugradylyşy Bäş Esse Artar

2020-nji ýyla çenli türkmen elektrik energiýasynyý daşary ýurtlara ugradylyşy bäş esse artyp, ol ýylda 6 milliard 90 million kilowatt- sagat çäge ýetiriler.
Elektrik energiýasyny ýurduň daşyna ugratmakda goňşy ýurtlar- Özbegistan, Gazagystan, Owganystan, Eýran, Türkiýe we Ermenistan bilen hyzmatdaşlyk göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýyllarynda 3251,2 MWt täze kuwwatlyklar ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda Türkmenisranyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky gaz-turbinaly elektrik beketleriniň kuwwatlylygy 3091,2 MWt, ýada jemi 5432,4 MWt deň bolan umumy bellenilen kuwwatlylygyň 56,90 göterimine barabardyr. Ýakyn ýyllarda Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürirlişi artdyrylyp, 2020-nji ýyla çenli 26 milliard 380 million kilowatt-sagada ýeter.

Döwlet baştutanymyz tarapyndan tassyklanylan „2013-2020-nji ýyllara Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösürmegiň konsepsiýasy“ durmuş-ykdysady özgertmeleriň milli strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Bu resminamada umumy kuwwatlylygy 3854 MWt bolan täze energetika binalarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Maksatnamanyň bellenilen möhletde amal ediljekdigini eýýäm häzirden aýtsa bolar. Resminama gol çekilen döwürden bäri geçen üç ýylda göz öňünde tutulan gaz-turbinaly elektrik beketleriniň 14-sinden 6-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň 13-sinde bug -turbinaly bloklarynyň 14-si we gaz-turbinaly bloklarynyňam 32-si işledilýär.

Lebap welaýatynyň çalt depgilerde ösýän senagatynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we eletrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen 254 MWt gaz-turbinaly elektrik bekedi, şeýle hem Mary GRES-inden tok geçiriş güýji 500kW bolan „Atamyrat“ kiçi bekedine çenli uzynlygy 450 kilometrlik asma elektrik geçirijisi gurlup ulanylmaga berildi.

Ähli babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze elektrik stansiýasy bir gije-gündizde 6 million kilowatt -sagada golaý elektrik energiýasyny işläp çykarýar. Munuň özi diňe bir Lebap welaýatynyň elektrik energiýasyna talabyny kanagatlandyrman, eýsem işlenilýän elektrik energiýasynyň bir bölegini Tärkmenistanyň umumy energiýa ulgamyna bermäge, şeýle hem onuň Owganystan Yslam Respublikasyna eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Mary welaýatynda kuwwatlylygy 1574 MWt bolan kombinirlenen siklli gaz-turbinaly elektrik bekediniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle innowasion tehnologiýa Türkmenistanda elektrik energiýasy öndürilende ilkinji gezek ulanylýar. Daşoguň döwlet elektrik bekedini, şeýle hem Ahal welaýatynyň Derweze etrabyndaky gaz-turbinaly elektrik bekedini-de kombinirlenen sikle geçirmek göz öňünde tutulýar, bu bolsa tebigy gazy tygşytlamga hem-de howa çykarylýan zyýanly galyndylary azaltmaga mümkinçilik berer. 2020-nji ýyla çenli pudagy ösdürmegiň maksatnamasyda bellenilen täze elektrik beketleriniň we ýokary geçirijilikli elektrik geçirijileriniň gurulmagy öz möhletinde amal ediler.

Mundan başga-da, türkmen elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen Mary-Sarags-Maşat (Eýran) aralygyna kuwwatlylygy 500-400 kW bolan asma elektrik geçirijileri gurmak boýunça guramaçylyk çäreleri amala aşyrylýar. Balkanabat- Gonbad (Eýran) aralygyna kuwwatlylygy 400 kW bolan asma elektrik geçirijisini gurmak göz öňünde tutulýar. Bu asma elektrik geçirijileriniň gurluşygy goňşy ýurda elektrik energiýasynyň ibermek meýilnamasyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Aşgabat şäherinde energetika binalary guruldy. Olary şu ýylyň 18-nji oktýabrynda „Çalyk Enerji“ türk kompaniýasy ulanmaga tabşyrdy. Olar türkmen paýtagtynyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has-da ýokarlandyrar. Bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ýurduň energiýa howpsuzlygyny berkider, sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrar, sebitleriň ykdysady ösüşine güýçli itergi berer.

Degişli makalalar

Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar

Futzal Boýunça Türkmenistanyň Ilkinji Naýbaşy Kubogy «Köpetdagda»

Alabaý Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Resmi Keşbi