Russiýanyň Astrahan oblastynyň günortasynda ýerleşýän Olýa portunda RO-PAX kysymly Berkarar türkmen gämisini garşylamak dabarasy boldy.
Awtomobil ýolagçy gatnadýan bu gämi özüniň ilkinji ýüzüşinde Astrahan oblastyna gurluşyk serişdelerini eltdi. Bu serişdeler türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina ediljek 350 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi gurmak üçin niýetlenendir. Iki döwletiň baýdaklary, bannerler bilen bezelen portda gämini resmi adamlar, ýerli administrasiýanyň ýolbaşçylary, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, Astrahanyň köpsanly ýaşaýjylary garşyladylar.
Berkarar gämisini garşylamak boýunça dabaraly çäräniň barşynda Astrahan oblastynyň daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Denis Afanasew, Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň baştutany Rinat Utaliýew, Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky konsuly Mekan Işangulyýew çykyş etdiler. Astrahan oblastynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdymdyr sazlar ýaňlandy.
Gäminiň ýüki düşürilenden soň, uly ýükli awtomobilleriň 30-syndan ybarat ulag kerweni Olýa portundan 180 kilometr aralykda ýerleşýän Funtowo obasyna tarap ugur aldy. Astrahan oblastynda türkmen medeniýetiniň özboluşly merkezine öwrüljek mekdebiň guruljak ýerinde biziň ýurdumyzyň wekillerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny garşylamak dabarasy boldy. Olara iki halkyň dostlugynyň nyşanyna öwrüljek bu möhüm desgany gurmak ynanyldy.
Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Olýa (Russiýa Federasiýasy) portlarynyň arasyndaky parom geçelgesi hünärmenleriň pikirine görä, yklymyň ýewropa we aziýa böleklerini birleşdirýän Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar transmilli geçelgeleriniň çäklerinde ulag ýük akymlaryny artdyrmak üçin itergi berer.