14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Türkmen – Gazak Gatnaşyklary Strategiki Hyzmatdaşlyk Hakyndaky Şertnama Bilen Berkidildi

Türkmen – Gazak Gatnaşyklary Strategiki Hyzmatdaşlyk Hakyndaky Şertnama Bilen Berkidildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Baştutanynyň Gazagystana bu nobatdaky sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhyna täze möhüm sahypany ýazar. Mizemez dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklary, iki goňşy ýurduň halklaryny birleşdirýän köpasyrlyk ruhy we medeni umumylyk şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Häzirki döwürde taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berildi. Iki döwletiň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy bilelikdäki tagallalar bilen durmuşa geçirilen iri düzümleýin taslamalarda beýanyny tapdy. Şol taslamalar bolsa özara bähbitlere hem-de sebit möçberinde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwaty ähli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň täze möhüm ugurlaryna çykmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabat — Astana ugry boýunça uçuşy amala aşyryp, iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna haly ýodajygynyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Türkmenistanyň Baştutanyna gül desseleri gowşuryldy.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy kabul edýän tarapyň resmi adamlary garşyladylar, olar Gazagystanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň adyndan we tabşyrygy boýunça türkmen Liderini Astanada mähirli mübäreklediler.

Howa menzilinden Türkmenistanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Akorda” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Nursultan Nazarbaýew mähirli we dostlarça garşylady.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Soňra Prezident Nursultan Nazarbaýew ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdy.

Iki döwletiň Baştutanlary ýörite niýetlenen ýere barýarlar. Hormat garawulynyň başlygy dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Döwlet baýdagyna baş egýär. Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Akorda” köşgüniň “Altyn zalyna” çagyrýar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, bu ýerde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi. Ol ilki çäklendirilen düzümde başlap, soňra ikiçäk görnüşde dowam etdi.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany belent mertebeli myhmanyny mähirli mübärekläp, türkmen kärdeşini Astanada ýene-de kabul edýändigine örän şatdygyny nygtady. Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystana döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, iki goňşy döwletiň hem-de halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim hökmünde şu ýokary derejedäki duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Gazagystan we Türkmenistan daşary syýasat ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk edip, halkara derejesinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýarlar, dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürýärler. Gazagystanyň Lideri bular barada aýtmak bilen, hususan-da, Gazagystany, Türkmenistany hem-de Eýrany baglanyşdyrýan demir ýoluň gurluşygyny bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi.

Prezident Nursultan Nazarbaýewiň nygtaýşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda hiç hili çözülmedik mesele ýok. Gazagystan Respublikasynyň Baştutany gol çekilmäge taýýar edilen, özara bähbitli türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen Lideri gazagystanly kärdeşine mähirli kabul edendigi hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de birek-birege düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň häzirki döwürde sazlaşykly we okgunly derejä çykýandygyny, birek-birege ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň hem-de açyklygyň bu gatnaşyklaryň häsiýetli aýratynlygydygyny kanagatlanma bilen belledi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar türkmen hem-de gazak halklarynyň gadymdan gelýän doganlyk we birek-birege hormat goýmak däplerine, ruhy hem-de taryhy gymmatlyklaryň umumylygyna, döwletlerimiziň halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyna esaslanýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Gazagystanyň abraýly halkara düzümleriniň çäklerindäki ýygjam gatnaşyklary, ählumumy we sebitleýin ösüşiň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmek üçin oňyn binýat bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlary ýakyndyr ýa-da örän meňzeşdir.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasyny goldandygy we onuň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin Gazagystanyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Biziň ýurdumyz şol resminamany kabul etmek boýunça başlangyç bilen çykyş etdi. Öz tarapyndan, Türkmenistan gazagystanly hyzmatdaşlaryň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki ähli pikirlerini goldaýar. Halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň sebitiň ýurtlary üçin möhüm ähmiýetini belledi. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, köpugurly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşi möhüm orun eýeleýär. Bu babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparyna hem möhüm orun degişlidir.

Energetika we ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň hem-de Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar diňe bir sebit möçberinde däl, eýsem halkara giňişliginde hem uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, energetika we ulag meseleleri boýunça degişli kararnamalaryň ikisiniň kabul edilendigi bellärliklidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem gol çekilmäge taýýar edilen ikitaraplaýyn resminamalaryň wajypdygyny nygtady. Bu resminamalar däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berer.

Ekologiýa ulgamynda özara gatnaşyklara, hususan-da, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işe uly üns berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bu gaznada başlyklyk edýär. Hazar meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer, ylym we bilim pudaklarynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny bellemeli. Bu ugurda baý tejribe toplanyldy. Ol yzygiderli baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň uly topary bilim alýar, şol bir wagtyň özünde gazagystanlylaryň ýaş wekiliniň nesilleri ýurdumyzda okaýarlar.

Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem oňat mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, Gazagystan Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmegiň tejribesine eýedir, Türkmenistan bolsa häzirki wagtda Aziada — 2017-ni kabul etmäge taýýarlyk görýär. Munuň özi hem sport ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikleri şertlendirýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Gazagystan döwletara hyzmatdaşlygy iki ýurduň anyk bähbitlerine laýyk derejä çykarmak üçin ähli zerur mümkinçiliklere eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Nursultan Nazarbaýewe minnetdarlyk bildirip, bu gezekki duşuşygyň döwletlerimiziň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi we Gazagystanyň Baştutanyna hem-de goňşy ýurduň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýyny hem-de mümkinçilikleri nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew taraplaryň strategiki hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ysnyşykly işewür gatnaşyklary höweslendirmegiň hem-de türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny bellediler.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek gazak topragynda mähirli mübärekläp, Gazagystan üçin Türkmenistanyň sebitde möhüm hyzmatdaş bolup durýandygyny nygtady.

Gadymy döwürlerden bäri iki ýurduň halklaryny doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy taryhy kökleri, dili, ruhy däp-dessurlary baglanyşdyrýar.

Gazak Lideriniň belleýşi ýaly, Gazagystan we Türkmenistan dürli ugurlarda, şol sanda ulag we energetika ulgamlarynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Beýleki ulgamlarda hem netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler bar.

Şunda Prezident Nursultan Nazarbaýew şu gün möhüm resminama – strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyry alamatlandyrýandygyny aýratyn nygtady.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynda amala aşyrylýandygyny ýatladyp, türkmen kärdeşini bu şanly sene bilen gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň tanalmaz derejede özgerendigini, onuň halkara abraýynyň has-da artandygyny belledi. Aşgabat iri halkara duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Gazagystan türkmen Lideriniň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny hemişe goldaýar we goňşy ýurduň doganlyk halkynyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden begenýär.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde görkezdi. Taraplaryň umumy pikirine görä, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmakda, gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, şol sanda işewür düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmakda we dürli pudaklaryň öndürýän önümlerini ibermegiň hasabyna olaryň sanawyny giňeltmekde bilelikdäki Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir.

Iki ýurduň sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak üçin amatly mümkinçilikler açylýar. Munuň özi hem däp bolan hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder, oňa goşmaça itergi berer.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany iki ýurt üçin hem strategiki häsiýete eýe bolan energetika ulgamyny hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Bu ulgamda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin uly tejribe toplanyldy. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän TOPH gaz geçirijisini gurmak boýunça taslama Gazagystan üçin uly gyzyklanma döredýär.

Prezident Nursultan Nazarbaýew iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, gazak tarapynyň bilim, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Gazagystanyň Baştutany sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçmek bilen, Gazagystanyň türgenleriniň hökmany suratda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşjakdygyny aýtdy. Ýurtlaryň ikisinde hem sport ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär.

Prezident Nursultan Nazarbaýew şu günki gepleşikleriň netijeleriniň ähli ugurlar boýunça netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary üçin ygtybarly esasy goýjakdygyna ynam bildirip, gol çekilmäge taýýar edilen resminamalaryň wajyplygyny nygtady. Şol resminamalar döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmelidir. Sözüniň ahyrynda Gazagystanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gezekki döwlet saparynyň örän netijelidigini aýratyn belläp, türkmen kärdeşine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Baştutanyna söz berilýär.

Milli Liderimiz gazagystanly kärdeşine hem-de wekiliýetleriň agzalaryna ýüzlenip, Gazagystan Respublikasyna bu gezekki döwlet saparynyň baş maksadynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmekden, täze hil we täze mazmun bilen baýlaşdyrmakdan ybaratdygyny belledi. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn gyzyklanmalara, şol bir wagtyň özünde biziň ýurtlarymyzda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere laýyk gelmelidir. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Türkmenistan üçin doganlyk ýurtdugyny hem-de strategiki hyzmatdaşdygyny nygtady.

Häzirki türkmen-gazak gatnaşyklarynyň many-mazmunyny seljermek bilen, öňi bilen onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan we geljekki ugurlaryna bolan garaýyşlarda sebitara hem-de halkara ösüşiň meýillerinde doly özara düşünişmek ýörelgeleri bilen şertlenendigini bellemek isleýärin. Türkmenistanyň we Gazagystanyň ählumumy parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, halkara terrorçylygynyň, ekstremizmiň wehimlerine garşy durmak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk serişdeleri bilen kadalaşdyrmak ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlary birdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Biziň döwletlerimiz BMG, ÝHHG, YHG, GDA, YHG ýaly abraýly halkara we sebit düzümlerinde ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan hem-de Gazagystan halkara giňişliginde öz gatnaşyklaryny utgaşdyrýarlar we birek-birege goldaw berýärler, bu bolsa oňyn netije berýär hem-de sebitde we tutuş dünýäde bolup geçýän ýagdaýlara oňyn täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazak tarapyna ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky kararnamasyna goldaw berendigi we oňa awtordaş bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Birek-birege goldaw bermek ýörelgesi ikitaraplaýyn bähbitlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ählumumy howpsuzlyk binýadyny pugtalandyrmak babatdaky uzakmöhletleýin maksatlaryna doly kybap gelýär.

Türkmenistan we Gazagystan biziň sebitimizdäki ähli meseleleriň birek-biregiň bähbidini nazara almak bilen hoşniýetli goňşuçylyk, hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanýan parahatçylykly serişdeler arkaly çözülmelidigine berk ynanýar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, gapma-garşylykly ýagdaýyň öňüni almagyň netijeli guralyny döretmek, syýasy geňeşmeler arkaly sebitara gatnaşyklary giňeltmek boýunça başlangyçlara mundan beýläk-de goldaw beriljekdigini tassyklady.

Gazagystan Türkmenistanyň Hazar deňziniň gurşawyndaky goňşusy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklar Hazar deňzini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Soňky ýyllarda bu ugurda örän köp işler bitirildi. Hazar deňziniň derejesi hakyndaky Konwensiýanyň üstünde alnyp barylýan bilelikdäki işler tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy diýip, milli Liderimiz aýtdy we Gazagystanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň nobatdaky Sammitinde oňa gol çekiljekdigine ynam bildirdi.

Biziň döwletlerimiz ýaragsyzlanmak ýaly möhüm ugurdaky pugta garaýşyny görkezýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Türkmenistan we Gazagystan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gatnaşyjylar bolup durýar. Munuň özi Demirgazyk ýarym şarda yklymlaýyn parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň möhüm şerti bolup durýan ilkinji ylalaşykdyr. Biz BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde bu ugurdaky anyk işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda bilelikde tagalla ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz suw-energetika meselelerine ünsi çekip, olaryň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, birek-birege hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň hem-de ýöriteleşdirilen halkara guramalarynyň gatnaşmagynyň esasynda ýerine ýetirilmelidigini nygtady.

Ekologiýa meselesi boýunça özara gatnaşyklar ikitaraplaýyn bolşy ýaly, halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurtlaryň ikisi hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny we kämilleşdirilmegini nazarlaýar.

Gaznada başlyklyk ediji ýurduň borçnamalaryny kabul etmek bilen, Türkmenistan degişli Konsepsiýany işläp taýýarlady. Onda agza döwletleriň bilelikdäki işiniň möhüm meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gazagystan bilen ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdi.

Owganystan meselesi biziň gepleşiklerimizde adatça möhüm orun eýeleýär. Biz Owganystany parahat hem-de gülläp ösýän döwlet, sebitiň ähli ýurtlarynyň hoşniýetli goňşusy we hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýäris hem-de owgan meselesini kadalaşdyrmak işi diňe parahatçylykly we syýasy serişdeler arkaly amala aşyrylyp bilner diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik guralyň döredilmegi möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Gazagystan bize ýakyn bu ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, soňky ýyllarda göze ilýän oňyn meýilleri pugtalandyrmak, ykdysady hem-de durmuş ulgamlaryny dikeltmek, Owganystany sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşmak maksady bilen zerur gatnaşyklary dünýä bileleşigine aýan etmäge taýýardyr.

Gazagystan Respublikasy Türkmenistanyň ozaldan gelýän we ygtybarly ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biz dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hökümetara we pudagara derejesindäki gatnaşyklar boýunça toplanan tejribäniň derejesine ýokary baha berýäris. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn mümkinçilikleriň doly derejede peýdalanylmaýandygyny, onuň bar bolan kuwwatlyklara laýyk gelmeýändigini belledi.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýyna we haryt dolanyşygynyň ösüşine bilelikde seljerme geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistanyň we Gazagystanyň ikitaraplaýyn söwdanyň mukdaryny has-da artdyrmaga, özara gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge mümkinçiliginiň bardygyna ynam bildirdi. Iki ýurtda kuwwatly energetika, senagat we oba hojalyk binýady döredildi. Döwrebap ulag düzümi bar.

Bu mümkinçilikler bolsa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýumlary çekmek maksady bilen doly ulanylmalydyr. Senagat ulgamynda, hyzmatlar pudagynda we obasenagat toplumynda giň möçberli taslamalara çykmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparynyň işjeňleşdirilmegi zerur bolup durýar. Biz ondan Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diňe bir san taýdan däl, eýsem, hil taýdan ýokarlandyrmak boýunça anyk tekliplere garaşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biziň ýurtlarymyzyň işewür bileleşikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly giňişlik açylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ulgamy boýunça ýurdumyzda gurluşykda, söwdada, düzümleýin işlerde we hyzmatlar ulgamynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Gazagystanyň kompaniýalarynyň şeýle taslamalara işjeň gatnaşmagyny goldaýar.

Geçen ýylyň awgust aýynda Aşgabatda Gazagystanyň maşyn gurluşygy, metallurgiýa, himiýa, gurluşyk, azyk senagaty ýaly pudaklarda işleýän önüm öndüriji kompaniýalarynyň 30-synyň gatnaşmagynda Gazagystan Respublikasynyň söwda sergisi guraldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geljek ýylda Astana şäherinde ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň şeýle duşuşygyny guramagyny teklip etdi.

Energetika ulgamy biziň hyzmatdaşlygymyzyň strategiki ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi guruldy. Bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişligindäki energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmenistan şu we beýleki energetika taslamalaryny öňe sürmek bilen, öňi bilen, yklymda energiýa serişdelerini ugratmagyň täze taslamasyna goňşy ýurtlaryň goşulyşmagynyň zerurdygyndan ugur alýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, döwletlerimiziň ýangyç geçirijileri köpugurly esasda ösdürmek, öz kuwwatyny beýleki ugurlar boýunça durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly energetika ösüşi meselelerine biziň çemeleşmelerimiziň ýakynlygy munuň baş şerti bolup durýar. Şunda, Gazagystanyň Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlaryna yzygiderli goldaw bermegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllardaky degişli kararnamalaryna awtordaş bolup çykyş etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy olaryň üstünlikli ykdysady ösüşinde, ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça demir ýoluň gurulmagy onuň anyk netijeleriniň biridir. Bu demir ýol häzirkizaman ulag düzüminiň kemala getirilmeginiň möhüm bölegine öwrüldi we Merkezi Aziýa hem-de goňşy sebitleriniň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzak geljek üçin sebitara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ulag ulgamyndaky türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki döwürde Merkezi Aziýanyň we beýleki ýakyn sebitleriň ösüşiniň möhüm ugry, ykdysady goşulyşmagyň, Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça gatnaşyklaryň wajyp mümkinçiligi bolup durýandygyny belledi. Iki ýurduň Ýewraziýa yklymynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan amatly ýerleşmegi ulag taslamalary babatdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, sebit we yklym ähmiýetli täze ulag-üstaşyr geçelgeleriniň gurluşygyna gatnaşmak zerurlygyny ýüze çykarýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklaryny diňe bir çäk taýdan ýakynlyk däl, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklary, taryhyň umumylygy baglanyşdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Häzirki döwürde bu düşünjeler täze mazmuna eýe bolýar we halklarymyzyň arasyndaky dostluk, birek-birege düşünişmek, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm şertidir.

Biziň ýurtlarymyzyň döredijilik toparlarynyň wekilleri yzygiderli duşuşýarlar, dürli festiwallary, maslahatlary we forumlary guraýarlar. Bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça Türkmenistanyň talyplarynyň 800-e golaýy bilim alýar. Iki ýurduň Ylymlar akademiýalary ulgamy boýunça gatnaşyklar giňeldilýär. Munuň özi ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny äşgär edýär. Taraplar şeýle gatnaşyklara döwlet derejesinde hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatda ylalaşdylar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňky ýyllarda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň türgenleri iki ýurtda geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, gazagystanly kärdeşini şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda boljak bu oýunlaryň açylyş dabarasyna gelmäge ýene-de bir gezek çagyrdy.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, köpugurly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny ýene-de bir gezek nygtady. Hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady taýýarlanyldy. Möhüm ugurlarda ýüze çykýan islendik meseleleri dessine çözmäge mümkinçilik berýän geňeşmeler we gepleşikler yzygiderli geçirilýär. Öz gatnaşyklarynda Türkmenistan hem-de Gazagystan ahlak gymmatlyklary, ruhy ýörelgeler, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň umumylygy arkaly baglanyşýan köpasyrlyk taryhy doganlyk gatnaşyklara daýanýarlar. Şol bir wagtyň özünde häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryna göz ýetirip, döwlet ösüşinde netijeli ykdysadyýetiň, döwrebap düzümiň, tehnologik täzeçilligiň döredilmegine bil baglanylýar. Bu bolsa döwlet ösüşiniň kepili bolup durýar. Türkmenistan we Gazagystan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda hut şu ýola eýerýär.

Ýygjam ikitaraplaýyn gatnaşyklar, halkara giňişligindäki işjeň hyzmatdaşlyk, ulag we energetika ulgamyndaky bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň häzirki ýeten derejesiniň, ýurtlarymyzyň ählumumy durnuklylygyň, howpsuzlygyň, sebitleýin ýagdaýlaryň oňyn çözülmeginiň, halklarymyzyň we döwletlerimiziň ösüşiniň hem-de abadançylygynyň ýola goýulmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Biz bu ýerde, Astanada adamlaryň ýurdumyza bolan mährini, oňyn garaýşyny duýýarys. Munuň özi iki goňşy döwletleriň we doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn görkezijisidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Sözüniň ahyrynda milli Liderimiz Gazagystanyň Prezidentine mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik, işjeň hem-de netijeli bilelikdäki iş üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de gazagystanlylaryň ählisine parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Bilelikdäki Beýannama, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama hem-de Türkmen-gazak döwlet serhedinde demarkirlemek işlerini geçirmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekýärler.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topar hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Gizlin maglumatlary özara goramak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2017-2018-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Aşgabat şäheri bilen Astana şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Aşgabat şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Astana şäheriniň akimatynyň (Gazagystan Respublikasy) arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Telekeçileriniň “Atameken” milli edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilýär.

Ikitaraplaýyn resminamalara Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen “Kazinform” halkara habarlar agentligi” jogapkärçiligi çäklendirilen şereketiniň arasyndaky Ähtnama hem goşuldy. Oňa şu gün köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda “Kazinform” agentliginde gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, şu gün giň gepleşikleriň geçirilendigini belledi. Onuň barşynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň Lideriniň habar berşi ýaly, söwda – ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şol hyzmatdaşlygyň entek ulanylmadyk mümkinçilikleri bar. Mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak maksady bilen, Hökümetara toparyna degişli tabşyryklar berildi. Bu topar öňde goýlan wezipeleri çözmegiň üstünde işlär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn – hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselesine hem üns berdiler. Şu gün onuň üsti täze resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi.

Prezident Nursultan Nazarbaýew Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň iri düzümleýiýn taslamalara gatnaşmagynyň möhümdigini aýdyp, taraplaryň bu ugurda bilelikde işlemegiň geljegini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Lideri Gazagystan-Türkmenistan-Eýran polat ýolunyň bilelikde ulanmaga berilmegini taryhy waka diýip atlandyrdy we onuň gurulmagynyň sebitiň üstaşyr kuwwatyny artdyrmaga, biziň döwletlerimize ilkinji gezek Pars aýlagyna göni çykalgany üpjün etmäge mümkinçilik berendigini belledi. Iki ýurduň telekeçilerine özara haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin bu artykmaçlyklardan peýdalanmak zerurdyr diýip, Gazagystanyň Baştutany aýtdy.

Energetika ulgamy türkmen-gazak gatnaşyklarynda strategiki ähmiýete eýedir. Bu ulgamda taraplar eýýäm Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlygyň tejribesini topladylar. Häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, bu möhüm ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Suw – energetika meselesi hem-de Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu gaznanyň işini işleňleşdirmek, sebitiň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak gepleşikleriň aýratyn meselesi boldy.

Gazagystanyň Lideri şeýle hem taraplaryň halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak bilen, meseleleriň köpüsi boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýene-de bir gezek tassyklandyklaryny belledi. Gepleşikleriň barşynda Owganystandaky ýagdaý bilen baglylykda sebitde howpsuzlygy üpjün etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Nursultan Nazarbaýew şu gün döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekilendigini belläp, olaryň arasynda ikisini – strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany hem-de iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedinde demarkirlemek işlerini geçirmek hakyndaky Ylalaşygy aýratyn belledi. Şeýlelikde, Gazagystan we Türkmenistan serhede degişli meseleleriň ählisini çözen sebitde ýeke-täk iki döwletdir diýip, Gazagystanyň Lideri aýtdy. Strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar. Şol gatnaşyklar düýbünden täze häsiýete eýe bolýar.

Sözüniň ahyrynda Prezident Nursultan Nazarbaýew türkmen Lideriniň şu saparynyň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky däp bolan, dostlukly, goňşy halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan myhmansöýerlik, mähirli kabul edendikleri we bilelikdäki iş ugrunda döredilen oňyn şertler üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine, ähli gazak dostlarymyza minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň hem-de geljekki ugurlarynyň, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de özara gatnaşyklaryň geljekki anyk ugurlarynyň kesgitlenilendigini belledi we birek-birege ynanyşmak hem-de açyklyk esasynda geçen gepleşikleriň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taraplar häzirki döwürde syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Türkmen-gazak gatnaşyklary deňhukukly we özara peýdaly esasda sazlaşykly hem-de okgunly ösdürilýär.

Gazagystan — biziň sebit boýunça möhüm we ygtybarly hyzmatdaşymyz. Biz Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde gatnaşyk edýäris. Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygyň we oňyn ösüşiň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Ýurtlaryň ikisi-de sebiti gapma-garşylyklardan, özara uruşlardan azat yklymda uzakmöhletleýin durnuklylygy pugtalandyrýan zolaga, giň halkara gatnaşyklary giňişligine öwürmek ugrunda çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, oňa goldaw bermek, halkara terrorçylyk howplaryna, ekstremizme, neşeleriň dolanyşygyna garşy durmak ýaly möhüm meseleler boýunça iki ýurduň çemeleşmeleriniň umumydygy tassyklandy. Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky şertnama gatnaşyjy ýurtlar hökmünde Türkmenistan we Gazagystan mundan beýläk-de sebitde ýaragsyzlanmak ýagdaýyna goldaw berer. Şeýle hem taraplar Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly we syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrmagyň möhümdigi barada bellediler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýaly abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini dowam etmäge taýýardygy bellenildi.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklar dowam etdiriler. Biziň ýurtlarymyz Hazaryň parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we dürli ugurlardaky özara gatnaşyklaryň giňişligine öwrülmeginiň yzygiderli tarapdarlary bolup durýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ekologiýa meselesine, hususan-da, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň mundan beýläk-de berkidilmegine we kämilleşdirilmegine aýratyn orun degişli boldy. Bu gazna Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm sebitleýin düzüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gaznada başlyklyk ediji ýurduň borçnamalaryny kabul etmek bilen, Türkmenistanyň degişli Konsepsiýany işläp taýýarlandygyny belledi. Onda agza döwletleriň bilelikdäki işleriniň möhüm meýilnamalary beýanyny tapdy. Biz Gaznanyň işiniň degişli netije bermegine we anyk mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine itergi bermek maksady bilen ýygjam gatnaşyklar babatda ylalaşdyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara söwdany giňeltmek, senagat, hyzmatlar ulgamynda, obasenagat toplumynda, kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça bilelikdäki giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça ähli çärelere jikme-jik seretmek boýunça ylalaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür bileleşikleriniň ulgamyndaky özara gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Biz döwletlerimiziň bar bolan kuwwatly we düzümleýin, täze geljegi uly ugurlara çykmaga bolan degişli mümkinçiliklerine laýyklykda, bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi barada bir pikire geldik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Energetika we ulag ulgamlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr. Türkmenistan we Gazagystan yklymda energiýa serişdeleriniň önümçilik möçberleri boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Biz döwrebap düzüme eýe bolmak bilen, Ýewropada we Merkezi Aziýada energetika hem-de ulag akymlarynyň işjeňleşmegine bolan umumy garaýyşlarymyzy beýan etdik. Biziň ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda giň möçberli taslamalar durmuşa geçirildi. Munuň özi Gazagystanyň çäginden geçýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisidir we Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoludyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu mysallar häzirki döwürde biziň döwletlerimiziň ägirt uly serişde kuwwatyna eýedigini äşgär edýär. Türkmenistan şeýle taslamalary öňe sürmek bilen, sebitiň döwletleriniň, biziň goňşularymyzyň Ýewraziýada energetika we ulag hyzmatdaşlygyna goşulmagynyň, bu ugurlary köpugurly esasda ösdürmegiň zerurlygyndan ugur alýar. Özümiziň täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ähli kuwwatlyklarymyzy mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz sebit hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny belledi. TOPH gaz geçirijisiniň göz öňünde tutulýan ugurdaş düzümine demir we awtomobil ýollar, elektrik geçiriji ulgamlar, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary we beýleki zerur desgalar girýär. Şeýle sebit ähmiýetli taslamalara bu ulgamlarda uly tejribesi bolan Gazagystan hem gyzyklanma bildirýär.

Gepleşikleriň barşynda serhetýaka söwdasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak barada hem gürrüň edildi we Türkmenistan bu pikiri doly goldaýar.

Astanada geçiriljek “EKSPO — 2017” halkara sergisiniň hem söwda-ykdysady we beýleki ulgamlarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Bu sergä biziň ýurdumyz hem gatnaşar.

Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, iki ýurduň arasynda medeni, ynsanperwer, ylym, bilim we sport gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hakynda ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz talyplary alyşmak ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, türkmen we gazak ýaşlaryny iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň hem-de ylmy we amaly barlaglar boýunça, şol sanda suw meselesi boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem geljegi uly hasaplanylýar. Bu babatda Türkmenistan gazagystanly hyzmatdaşlaryň tejribesine gyzyklanma bildirýär. Munuň özi Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny nazara alanyňda, aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berdi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama, şeýle hem dürli ugurlardaky gatnaşyklar hakyndaky birnäçe resminamalara gol çekildi.

Biz Gazagystan bilen ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýäris we ony doganlyk döwlet hasaplaýarys. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy baglanyşdyrýar. Biz gazanylan ruhy baýlyklary aýawly saklap, häzirki döwrüň ruhunda onuň üstüniň täze mazmun bilen ýetirilmegine üns berýäris. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriler. Munuň özi iki ýurduň we halklaryň uzakmöhletleýin bähbidine laýyk gelýär hem-de halkara ýagdaýlaryň oňyn ösüşiniň, Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagynyň, onuň ykdysady rowaçlygynyň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmeginde, Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meselelerine yzygiderli üns berilmeginde Prezident Nursultan Nazarbaýewiň ägirt uly şahsy goşandyny bellemek bilen, gazagystanly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Gazagystanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş, döredijilikli zähmetde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi.

Şu gün belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti “Akorda” köşgünde resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Dabaraly kabul edişligiň barşynda Gazagystanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki halkyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy üpjün etmek işine, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ägirt uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň döwlet sylagy – I derejeli “Dostyk” ordeni bilen sylaglamak barada çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezident Nursultan Nazarbaýew türkmen kärdeşine bu ýokary we hormatly sylagy hem-de degişli şahadatnamany gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Baştutanyna bildirilen hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýagdaýy iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasy hem-de Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli bitarap daşary syýasatyna berlen ýokary baha, tutuş türkmen halkyna ýokary sylag hökmünde kabul edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmansöýerlik üçin gazagystanly kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň Prezidentine hem-de doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sapar döwründe özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

***

Şu gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gazagystanly kärdeşleri bilen iş duşuşyklaryny we gepleşikleri geçirdiler. Olaryň barşynda ýokary derejede gazanylan hem-de ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýan ylalaşyklar babatda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanda Adamyň Papilloma Wirusyna Garşy Sanjym Geçirilip Başlandy

turkmenhabargullugy

Türkmenistan we ÝeHHG Ekologiýa Syýasatyny Durmuşa Geçirmekde Bilelikde Hereket Edýärler

Birža Täzelikleri

syrach