“Türkmengeologiýa” DK merkezi önümçilik barlaghanasynyň hünärmenleri geologlar tarapyndan gazylyp alynýan dag jynslarynyň we topragyň suwlaryny barlamak, şeýle hem, taslamanyň we gurluşyk işleriniň öňünden geçirilýän inženerçilik-geologiki gözleg işlerini geçirýärler. Häzirki wagtda ol iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen desgadyr.
Barlaghana geologlar tarapyndan gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, suw seljerýär. Jyns emele getiriji we magdan elementleriniň himiki düzümlerini jikme-jik öwrenmek, tebigy taýdan gelip çykan gurluşyk materiallaryny synagdan geçirmek, dag jynslarynyň kollektor, mineralogiki we beýleki aýratynlyklaryny öwrenmek geologlara indiki işler üçin ygtybarly materiallary berýär.
Gazylyp alynýan nusgalyklar ýa-da kernler dag jynsy özünde nebiti we gazy näçe saklandyklaryny “aýdarlar”. Agramy boýunça agyr, marsian meteoritine çalymdaş, dört müň metr çuňlukdaky, nebitgazly gatlaklardan gazylyp alynýan dolomit öz öýjüklerinde hem nebiti, hem gazy saklap biler. Şepbeşikli suwuklyk barlag kürüşgejiginde organiki birleşme çig nebitdir. Hünärmenleriň düşündirişleri ýaly, gazylyp alynýan nebit bir meňzeş bolman, ol ýeňil, agyr, kükürtli, ysly, parafinli bolup bilýär.Suwuk we ýanyjy nebiti öwrenmek onuň düzümindäki garyndyny öz içine alýar, soňra eýýäm arassalanan nebitiň şeppikliligi, dykyzlygy synagdan geçirilýär, onuň fraksiýasy kesgitlenilýär. Bu şular ýaly nebitiň barrelinden deň derejede näçe benzin, ýag we kerosin alyp bolýandygyny bilmek üçin geçirilýär.
Şular ýaly işleri ýerine ýetirmek üçin Merkezi önümçilik barlaghanasynda ýöriteleşdirilen üç sany barlaghana seljermegiň fiziki we himiki görnüşleri, fiziki-mehaniki synaglar we litologiýa-stratigrafiki barlaghanalar bar. Bu ýerde geçirilýän gözleg işleriniň möçberi sanap geçerden kändir. Hünärmenler tarapyndan ýerasty suwlaryň dürli görnüşlerini, dag jynslaryny we topragy, peýdaly gazylyp alynýan magdan we magdan däl we olary gaýtadan işlemegiň önümleriň himiki seljermesi, zäherleýji elementleriň bardygyny kesgitlemek, şol sanda daşky gurşaw serişdelerinde agyr metallaryň bardygyny kesgitlemek işleri geçirilýär. Bularyň barysy milli ykdysadyýetiň köp pudaklaryny, şol sanda azyk we dokma senagatlaryny hem, ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Bu ýerde gurluşyk materiallary we durmuş himiýasy synagdan geçirilýär, çägeli-topragy gazyp almak esaslandyrylýar. Barlaghanada nebitiň we gazyň himiki düzümini kesgitlemek we öwrenmeklik geçirilýär, buraw işleri geçirilende maglumatlary çalt almak üçin paleontologiki we mikrofauntiki gözlegler geçirilýär. Barlaghananyň hünärmenleri praktiki ylmy gözlegleri geçirmekde köp ýyllyk tejribä we endiklere eýedirler. Şonuň üçin hem bu ýerde gözleg, işläp taýýarlama we ulanyş döwürlerinde dürli ýataklaryň synag barlaglary geçirilýär.
Geologiki gözleg işleriniň netijeliligi ýer astynyň mineralogiki düzümini toplumlaýyn öwrenmegiň hiline hem baglydyr. Şoňa görä-de gözleg işleriniň desgalarynyň ählisi çylşyrymly we dürli görnüşli düzüme eýedirler, çig malyň birnäçe görnüşlerinde elementler giň çäklerde üýtgäp biler hem-de seljermäniň köp taraply usuly ýokdur. Şonuň üçin hem analitiki iş ýüzünde her bir anyk ýagdaýda örän köp mukdarda dürli usullar peýdalanylýar.Hünärmenleriň tejribelerinde himiki seljermäniň hem klassiki usuly, hem instrumental fiziki we fiziki-himiki usullary bardyr.
Himiki we fiziki sekjermäniň barlaghanasynda, esasan hem, tebigy suwlaryň mineral, tehniki, agyz suw, terminal ýagdaýlary öwrenilýär. Diňe geçen ýylda olar tarapyndan sekiz müňden gowrak barlag işleri geçirildi. Bar bolan enjamlar dürli suwlaryň esasy we ugurdaş düzümini düzýän garyndylaryny, hapalaryny – hemme zady öz içine alýan seljermäni geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu hasabatda üç sahypadan ybarat bolan komponentleriň onlarçasyndan ybaratdyr. Bu geologlara haýsy suwy gazyp almak, arassalamak we nirede ulanmak barada düşünje berýär. Soňky ýyllarda suwa şeýle üns berilmegi ýönelige däldir. Sebäbi milli maksatnama laýyklykda, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň we gidrogeologlaryň işleriniň çäkleri barha giňeýär. Öňler barlag işleri gönüden-göni geologiki ekspedisiýanyň barlaghanasynda geçirilerdi, indi bolsa onuň bu barlaghananyň şertlerinde geçirilýändigi üçin geçirilýän gözleg işleriniň möçberi artdy.
Litologiýa-stratigrafiki barlaghasynda geologiýa üçin möhüm bolan jynsyň ýaşyny kesgitlemek boýunça gözleg işleri geçirilýär. Hünärmenler üçin millionlarça ýyl mundan ozal ýaşap geçen mikroorganizimleriň galdyran yzlary maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup durýar. Bu yzlar we mikroorganizimleriň görnüşleriniň düzümi boýunça jynsyň haýsy wagtda emele gelendigini kesgitläp bolýar, onda ýeriň astynda kesgitli taryhy döwürlerde emele gelen ätiýaçlyk uglewodorodlaryň bardygyny çaklamaga mümkinçilik berýär.